Durmuş taýdan integrasiýa Türkmenistanda hemmeler üçin deň mümkinçilikleriň bolmagyny üpjün edýär
Haçan-da men onuň gözlerinde ýagtylyk görenimde, biz dogry ýoly saýlandygymyza we dogry işleri edýändigimize göz ýetirdim.
Kiçijik gyzyň ady Melek (ady üýtgedildi), ol doglanda ejesi aradan cykdy, onuň kakasy gam-gussa düşdi, ol uly çagasyna we syrkaw ejesine ideg edýärdi, maşgalany eklemek üçin işleýärdi we caga ideg etmek üçin onuň goşmaça goldawy ýokdy. Biziň köpümiz şeýle ýagdaýa düşenimizde, bolşumyz ýaly, Melegiň kakasy ony üç ýaşyna ýetýänçä görmäge barmak we üç ýaşy dolanda yzyna almak wadasy bilen Çagalar öýüne ýerleşdirdi. Lebap welaýatyndaky çagalary Çagalar öýlerinden yzyna alyp, olary maşgalalaryna täzeden reintegrasiýa etmek üçin täze ýöriteleşdirilen hyzmatlar - onuň maşgalasyna arabaglanyşygy pugtalandyrmaga we çylşyrymly reintegrasiýa prosesini başdan geçirip, täzeden birikmäge ýardam etdi.
Ýöriteleşdirilen hyzmatlaryň wekili çagalary maşgalalaryna täzeden reintegrasiýa etmegi goldamak teklibi bilen Çagalar öýüne baranda, Melek ýaňy bir ýaşapdy. Durmuş işi boýunça hünärmenden we psihologdan ybarat bolan topar maşgalanyň bar bolan çeşmelerini toplamak we reintegrasiýa üçin meýilnama taýýarlamak arkaly Melegiň kakasy bilen işleşýärdi. Şol bir wagtyň özünde ene-ata başarnyklaryny ösdürmek we Melegiň, onuň kakasynyň, uýasynyň we enesiniň arasynda sagdyn gatnaşygy täzeden ýola goýmak boýunça işler geçirildi.
“Meniň aýalym aradan çykanda, täze doglan çagany - hünärmenleriň doly ideg etmegindäki Çagalar öýünde saklamak - çagam üçin iň gowy ýol bolar diýip pikir etdim. Şeýle-de bolsa, durmuş işgäri çagamyň sagdyn ösmegi üçin maşgala gurşawynyň ähmiýeti barada düşündirdi we ony öýe getirmek karara gelenimde, men ejem we aýal doganym tarapyndan uly goldaw aljakdygyma garaşmaýardym” - diýip, Melegiň kakasy sözüniň üstüni ýetirdi.
Onuň ejesi gysga wagtyň içinde aradan çykdy we onuň çagalaryna bolan iň soňky arzuwy Melegiň öýüne gaýdyp gelmegini goldamakdy. Melek maşgalasyna bir ýaş bir aý dolanda gaýdyp geldi. Kakasynyň işde bolan wagty, Melek daýzasynyň öýünde bolýar, daýzasy oňa gowy ideg eddýär. Melegiň uýasy onuň bilen oýnamaga gelýär we dynç günleri ol kakasy we uýasy bilen wagt geçirmegi meýilleşdirýärler. Iş dowam edýär we durmuş işi boýunça hünärmen, Melegiň mundan beýläk maşgalasyndan mahrum bolmajakdygyny kepillendirip, ene-ata zerur bolan başarnyklary hasam artdyrmaga we Melegiň jemgyýete gaýtadan gatnaşmagyny üpjün etmäge ýardam edip, bu işlerde maşgala goldaw bermegini dowam etdirýär.
Bu, meniň sebite eden saparymyň dowamynda şaýat bolan köp üstünlikli wakalarymyň biridir. Türkmenistanda BMG-niň Ýurt boýunça toparynyň goldawy bilen Türkmenistanyň Hökümeti ýerli derejede durmuş hyzmatlary babatyndaky ilkinji Bilelikdäki maksatnamanyň çäginde durmuş işi barada düşünjäni girizmek we ýerli derejede inklýuziw durmuş hyzmatlarynyň milli nusgasyny işläp düzmek bilen durmuş hyzmatlarynyň gerimini giňeldýändigi we döwrebaplaşdyrýandygy begendirýär.
Bularyň hemmesi 2020-nji ýylda Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi tarapyndan 45 durmuş işi boýunça hünärmenleri işe alanda başlandy, olar durmuş işiniň nazaryýeti we tejribesi boýunça degişli tälim alandan soňra, Aşgabat şäheriniň ýigrimi etrabynda we Türkmenistanyň bäş welaýatynda hyzmatlary berip başladylar. Şondan bäri Hökümet durmuş hyzmatlar baradaky kanuny kabul etdi we ýurtda özgerdilen durmuş hyzmatlaryny goldamak üçin kadalaşdyryjy hukuk namalaryny işläp düzdi.
Bilelikdäki maksatnama ýerli derejede inklýuziw, ýokary hilli durmuş hyzmatlaryny hödürledi. Pandemiýa döwründe bu hyzmatlary bermek üçin işlenip düzülen maksatnama durmuş taýdan çetleşdirilen we pes girdejili maşgalalara COVID-19 pandemiýanyň durmuş-ykdysady täsirlerine has çydamly bolmaga goldaw berýär.
Ine, durmuş işi boýunça başga bir hünärmen tarapyndan paýlaşylan wakalaryň ýene biri:
“Onuň ýoldaşy aradan çykdy, ol ozal hiç wagt işläp görmändi, ol çagasy bilen ene-atasynyň öýüne gaýtmaga mejbur boldy, ýöne islemeýärdi. Biz oňa çagasyny çagalar bagyna ýerleşdirmäge we naharhanada iş tapmaga ýardam etdik. Birnäçe aý soňra ol işlemek üçin has gowy ýer tapdy we indi ol ýerli restoranda aşpeziň kömekçisi bolup işleýär. Ol indi garaşsyz we ýekeje çagasyny özi terbiýelemegi başarýar. Ol köplenç täzeliklerini paýlaşmak üçin biziň merkezimize gelýär."
Hyzmatlardan peýdalanýan adamlar we hyzmatlary üpjün edijiler bilen ýakyn gatnaşygy ýola goýmak durmuş işi boýunça işgärlere işlerinde has netijeli iş alyp baramaga ýardam edýär. Işleriniň gysga möhletine garamazdan, durmuş işi boýunça täze işgärler jogapkärçiliklerini üstünlikli ýerine ýetirýändigini subut etdiler. Olar durmuş hyzmatlaryny berýän döwlet edaralaryna we jemgyýetçilik guramalaryna tanymal boldy.
"Bize zerur bolan ukyplary ösdürmek üçin birneme wagt gerek boldy, indi kärdeşlerimiň köpüsi durmuş hyzmatlaryndan peýdalanýan adamlar öz jemgyýetlerinde bar bolan serişdelerinden peýdalanmaga mümkinçilikleri bolar ýaly dürli guramalar we durmuş hyzmatlary bilen üpjün edijileriň arasynda gatnaşyklary ýola goýýarlar”, - diýip, Mergen Sahetliýew, durmuş işi boýunça hünärmen aýtdy.
Durmuş işi boýunça hünärmenler, 1000-den gowrak ýagdaýda, 5000 töweregi adama, şol sanda dürli ýaşdaky mätäç adamlara we maýyplygyň ähli görnüşleri bolan adamlara goldaw berdiler. Bu ýagdaýyň 85%-de maşgalalara bir ýa-da birnäçe pensiýa ýa-da kömek pullary berilýärdi, ýöne şonda-da goşmaça goldaw gerekdi. Durmuş işi boýunça hünärmenler gowşak toparlaryň zerurlyklaryna baha berdiler, peýdalanyjylar bilen bilelikde goldaw bermek üçin aýratyn meýilnamalaryny işläp düzdüler we ýerli derejede goldaw berip başladylar.
"Adamlara ýardam etmek üçin biz işimizi söýmelidiris" - diýip, Farab etrabyndan durmuş işi boýunça hünärmenleriň 45-niň biri Lola Hydyrowa aýtdy.
Ol bu hünärde täze işläp başlady. Ol 106 sany durmuş işi boýunça dolandyryjylar, durmuş hyzmatlaryny üpjün edýän hökümet we hökümete degişli bolmadyk guramalaryň 67 wekili we degişli hünärleriň 79 wekili bilen bilelikde durmuş işi we durmuş hyzmatlarynyň esaslary barada mümkinçilikleri artdyrmak boýunça okuwlara gatnaşdy. Şeýlelik bilen, maýyplygy bolan çagaly maşgalalara edilýän hyzmatlary öz içine alýan täze ýerli derejede ýöriteleşdirilen durmuş hyzmatlaryny synagdan geçirmek üçin esas döredildi.
Men şular ýaly hekaýalary ýaňy-ýakynda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherine eden saparymyň döwründe durmuş işgärlerinden eşitdim. Bu Bilelikdäki maksatnamanyň çäginde biz ähli gowşak toparlara, şol sanda ene-atadan aýrylmak howpuna düşen çagalara, ene-atasyz çagalara, maýyplygy bolan çagalara, howp astyndaky ýaşlara, gender esasyndaky zorluga sezewar bolan aýallara, maýyplygy bolan uly adamlara, ýekelikde ýaşaýan gartaşan adamlara, şeýle hem esasy gündelik idege mätäç bolan beýleki adamlara goldaw berýändigimize begenýärin. Olaryň şahsy zerurlyklaryny kanagatlandyrmak we jemgyýetiň durmuşuna gatnaşmagyny üpjün etmek üçin durmuş işi boýunça hünärmenler we tejribeli durmuş hyzmatlary bilen üpjün edijiler tarapyndan hödürlenýän ýokary hilli, ýerli derejede durmuş hyzmatlara bolan elýeterlilik möhümdir.
Sosial inklýuziýa diýmek bilen, biz hemmeler üçin deň mümkinçilikleri üpjün etmäge çalyşýarys we her kim, gelip çykyşyna garamazdan durmuşda doly mümkinçiliklerini durmuşa geçirip bilerler. Bilelikdäki maksatnamanyň hyzmatdaşlary, gowşak toparlardaky adamlaryň - jemgyýetiň ykdysady, sosial we medeni durmuşyna doly gatnaşyp bilmegi üçin mümkinçiliklere we zerur bolan çeşmelere elýeterliligini üpjün etjek durmuş hyzmatlaryň nusgasyny döretdiler.
Ýerli derejede durmuş hyzmatlary baradaky Bilelikdäki maksatnama Türkmenistanyň Hökümeti we BMG-niň Çagalar gaznasy, BMG-niň Ösüş maksatnamasy, BMG-niň Ilat gaznasy we BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirligi tarapyndan 2020-nji ýylda ýola goýuldy we Birleşen Milletler Guramasynyň agza döwletleri, Ýewropa Bileleşigi, halkara guramalar, hususy pudak we şahsyýetler ýaly hemaýatkärleri bolan DÖM-niň Bilelikdäki gaznasy tarapyndan maliýeleşdirilýär.
Bilelikdäki maksatnamanyň durmuşa geçirilişiniň netijeleri we üstünlikleri barada has giňişleýin maglumatlary şu ýerden tapyp bilersiňiz.
***
Bilelikdäki maksatnamanyň netijeleriniň dowamlylygyny üpjün etmek üçin Durmuş hyzmatlaryny ösdürmegiň Milli meýilnamasynyň taslamasy - 2030-njy ýyla çenli strategiki ýol kartasy işlenip düzüldi we Hökümete teklip edildi. Şeýle hem, ol Hökümet bilen bilelikde maliýeleşdirilmegine garaşylýan Bilelikdäki maksatnamanyň II Tapgyrynyň işlenip düzülmegine esas döretdi we netijede ösüş ugrunda adatdan daşary ýagdaýlar üçin DÖM-niň Bilelikdäki gaznasyndan maliýe serişdelerini aldy, bu bolsa ýurduň her etrabynda ýerli derejede durmuş hyzmatlarynyň gerimini giňelder.