Halkara ýaşlar gününde döwürdeşleriň arasynda gepleşikleri we adam howpsuzlygyny ýola goýmak
.
Bütin dünýäde 12-nji awgustda Halkara ýaşlar güni bellenilýän gününde, ÝUNFPA, "hiç kimi ünsden düşürmezlik" ýörelgesine eýermäge ýardam edýän, Durnukly ösüş maksatlaryna (DÖM) ýetmegiň döwürdeşleriň arasynda raýdaşlyk bolmazdan mümkin bolmajakdygyny gaýtadan ýatladýar.
Birleşen Milletler Guramasynyň Adam howpsuzlygyny üpjün etmek üçin maksatly gaznasy (UNTFHS) we BMG-niň düzümleýin edaralary (ÝUNFPA, ÝUNISEF, BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirligi we HMG) tarapyndan maliýeleşdirilýän “Global pandemiýa bilen baglanyşykly köpdürli töwekgelçilikleri we howplary azaltmak üçin habarlylygy ýokarlandyrmak we bu işe ýaşlary çekmek” atly Bilelikdäki maksatnamasy arkaly ÝUNFPA Lebap we Daşoguz welaýatlarynyň jemgyýetinde ýaşlaryň we gartaşan adamlaryň mümkinçiliklerini giňeltmek bilen döwürdeşleriň arasynda gepleşigi ýola goýýar.
Döwürdeşleriň arasynda ilkinji gepleşik şu hepdäniň ahyrynda Daşoguz welaýatynda geçirildi we ikitaraplaýyn peýda berip, ýaş meýletinçileri gartaşan adamlar bilen baglanyşdyrdy, olar gorkudan, mätäçlikden we kemsitmelerden azat bolan howpsuz durmuşda ýaşamak barada pikir alyşdylar. Gartaşan adamlar, ykdysady howpsuzlygy ýeňip geçmek (ýagny kitap okamak, işe bolan höwes) - olaryň durmuşda belli bir ýoly saýlamagyna ýardam edendigi we üýtgeýän şertlerde özlerini kuwwatlandyrandygy barada aýdyp berdiler. Şol bir wagtyň özünde, ýaşlar durmuşda zerur bolan maslahatlary gözläp, öz mätäçlikeri we islegleri bilen paýlaşdylar.
Bilelikdäki maksatnamanyň durmuşa geçirilýän döwründe, döwürdeşleriň arasyndaky gepleşikler ýaşlara we gartaşan adamlara özara gatnaşyk gurmaga has köp mümkinçilik döredip, geçirilmegi dowam etdiriler. Bu ýaşlar-ulular gepleşiginiň esasy pursatlary, döwürdeşleriň arasynda raýdaşlygy we sosial inklýuziýany öňe sürýän “Yz galdyryň: durmuş hekaýalary” atly gartaşan adamlaryň hekaýalar ýygyndysy bolar.
***
Birleşen Milletler Guramasynyň Adam howpsuzlygyny üpjün etmek üçin maksatly gaznasy we BMG-niň düzümleýin edaralary (UNFPA, UNICEF, UNODC we IOM) tarapyndan maliýeleşdirilýän “Global pandemiýa bilen baglanyşykly köpdürli töwekgelçilikleri we howplary azaltmak üçin habarlylygy ýokarlandyrmak we bu işe ýaşlary çekmek” atly BMG-niň we Türkmenistanyň hökümetiniň Bilelikdäki maksatnamasy jemgyýetiň jebisligini, adamlaryň eklenjini we mertebesini ýokarlandyrmak arkaly ýaşlar bilen döwlet işgärleriň arasyndaky sebitleýin derejede gepleşikleri pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Adam howpsuzlygy babatyndaky çemeleşme iň amatly konsepsiýa hökmünde ulanylýar, çünki ol adamlara gönükdirilen, sebite laýyklykda we toplumlaýyn, hem-de öňüni alyş çäreleri tekli edýän gurallar toplumyny hödürleýär.
BMG-niň we Türkmenistanyň hökümetiniň Bilelikdäki maksatnamasy, döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda, dört jemgyýetçilik başlangyçlaryny meýilleşdirmek, işläp düzmek we durmuşa geçirmek arkaly Lebap we Daşoguz welaýatlarynda ýaşlaryň mümkinçiliklerini giňeltmegi we olary bu işlere çekmegi maksat edinýär. Bu başlangyçlar, adam howpsuzlygy baradaky çemeleşmäni öz içine alýar we “hiç kimi ünsden düşürmezlik” ýörelgesine laýyklykda Lebap we Daşoguz welaýatlarynyň iň ejiz toparlaryna gönükdirilendir.
Bu maksatnamanyň amala aşyrylmagyna ÝUNFPA, Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat Gaznasy we Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi ýolbaşçyk edýär. Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan utgaşdyrylan beýleki hyzmatdaşlar BMG-niň Çagalar gaznasy, Halkara migrasiýa guramasy, BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirligi we Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi, Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Türkmenistanyň Döwlet, Hukuk we Demokratiýa Instituty, Türkmenistanyň Adalatçysynyň Diwany we jemgyýetler bilen işleýän ýerli jemgyýetçilik guramalary.
Habarlaşmak üçin
Natalýa Çemaýewa
ÝUNFPA Bilelikdäki maksatnamanyň dolandyryjysy
E-poçta: chemayeva@unfpa.org