Press reliz

BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysy halkara ylmy konferensiýada durnukly energiýa tejribesini girizmegiň tarapdarydygyny belledi

06 iýun 2024

Aşgabat, 2024-nji ýylyň 5-nji iýuny - BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy jenap Dmitriý Şlapaçenko 2024-nji ýylyň 5-6-njy iýuny aralygynda geçirilen “Energetika mümkinçilikleri, uglewodorod ýataklaryny özleşdirmegiň täze tehnologiýalary we ekologik jähtleri” atly halkara ylmy konferensiýa gatnaşdy.

Bu konferensiýa dünýä hünärmenlerini, döwlet edaralarynyň wekillerini we pudak ýolbaşçylaryny bir ýere jemledi, olar energetika mümkinçilikleri, täze tehnologiýalar we uglewodorod ýataklaryny özleşdirmegiň ekologiki aýratynlyklary ýaly möhüm temalary ara alyp maslahatlaşdylar. Gürrüňdeşligiň esasy ugurlary metanyň we CO2-niň zyňyndylaryny azaltmak, ýaşyl energiýa başlangyçlaryny öňe sürmek, energiýa howpsuzlygyny güýçlendirmek, şeýle hem uglewodorod önümçiliginde CO2 we kükürt dioksidini gaýtadan işlemek boldy.

Maslahatyň dowamynda jenap Dmitriý Şlapaçenko metanyň zyňyndylaryny gyssagly azaltmak boýunça bilelikdäki tagallalaryň zerurdygyny we Aşgabatda howa tehnologiýalarynyň Merkezi Aziýa boýunça sebit merkezini döretmegiň möhümdigini aýtdy. 

Şeýle-de, jenap Şlapaçenko Türkmenistan hökümetiniň we BMG-niň metan zyňyndylaryna garşy göreşmek baradaky bilelikdäki başlangyçlaryny belläp, Türkmenistanyň möhüm goşandyny görkezdi. Bu zyňyndylary azaltmagyň ykdysady we daşky gurşaw zerurlyklaryna ünsi çekip, möhüm meseläni çözmek üçin strategiki çäreleri görmegi teklip etdi.

Mundan başga-da, jenap Şlapaçenko howa tehnologiýalarynyň Merkezi Aziýa boýunça sebit merkezininiň durnukly energiýa geçişi öňe sürmekde esasy ornuna ünsi çekdi. Ol merkeziň howanyň tygşytly tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyny katalizirlemek, hyzmatdaşlygy ösdürmek we sebitde innowasiýalary höweslendirmek mümkinçiligi barada aýtdy.

Jenap Şlapaçenko moderator hökmünde çykyş edip, maslahatyň esasy pikirlerini we tekliplerini jemledi, howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleri çözmekde we durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde köpçülikleýin hereketiň möhümdigini aýtdy.

Maslahat gyzyklanýan taraplara bilimlerini, öňdebaryjy tejribäni paýlaşmak we has durnukly energiýa geljegini döretmek üçin hyzmatdaşlyk gurmak üçin platforma üpjün etdi. Jenap Şlapaçenkonyň goşandy BMG-niň Türkmenistanyň howanyň üýtgemegini azaltmak we ekologiýa taýdan jogapkär energiýa tejribesini öňe sürmek ugrundaky tagallalaryna goldaw bermek borjuny görkezdi.

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

RCO
United Nations Resident Coordinator Office

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz