Ministrlikleriň, Mejlisiň, Migrasiýa gullugynyň, Gümrük gullugynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň, hususy pudagyň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri durmuş-ykdysady netijelere gyssagly jogap bermek üçin BMG tarapyndan maslahat berlen bäş ugur boýunça guralan tematiki maslahatlaşmalara gatnaşdylar. Bu ugurlara aşakdakylar degişli:
1. Esasy saglyk hyzmatlarynyň hilini we elýeterliligini ýokarlandyrmak;
2. Durmuş goragy we esasy hyzmatlar;
3. Iş ýerleri, kiçi we orta kärhanalara, şeýle hem resmi däl sektordaky işçilere goldaw;
4. Makroykdysady höweslendirme we köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk;
5. Durmuş sazlaşygy we jemgyýetiň durnuklylygy.
«Pandemiýanyň durmuş-ykdysady netijelerini ýeňip geçmek üçin ilatyň ejiz toparlaryna we ykdysadyýetiň täsir eden pudaklaryna goldaw bermäge gönükdirilen çäreleri işläp düzmek möhümdir, çünki beýleki ýurtlarda bolşy ýaly, pandemiýanyň ýaramaz täsirine ejiz toparlar has gowşakdyr» - diýip, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy hanym Ýelena Panowa belledi.
Bilelikdäki Hereket meýilnamasynyň taslamasy BMG-niň we Türkmenistanyň Hökümetiniň bilelikdäki Iş toparynyň indiki mejlisinde işlenip taýýarlanylar we hödürlener.
Teklip edilýän çäreler pandemiýa sebäpli ýüze çykýan bütindünýä ykdysady çökgünligiň ýaramaz täsirini ýok etmek üçin Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan kesgitlenen ileri tutulýan ugurlara, şeýle hem 2020-nji ýylyň 21-nji aprelinde bilelikdäki Iş toparynyň birinji ýygnagynda hödürlenen gowşak toparlara ýetirýän täsirini goşmak bilen, COVID-19-yň ýetirip biljek durmuş-ykdysady täsirini deslapky seljermegiň netijelerine esaslanýar.