Duşuşygyň dowamynda gatnaşyjylar BMG-niň ýurt boýunça topary we Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan ýerine ýetirilen bilelikdäki çäreler barada maglumat alyşdylar we ýurtda adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk görmek üçin geljekki meýilnamalary beýan etdiler. Olar adatdan daşary ýagdaýlara jogap bermek boýunça okuwlary we simulýasiýalary hem-de howanyň üýtgemegi we saglygy goramak pudagynda ewakuasiýany öz içine alýar.
Mundan başga-da, Halkara ynsanperwer kömegi baradaky Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmeginiň mümkinçiligi, şeýle-de adatdan daşary ýagdaýlarda bilelikdäki utgaşdyrmak we hyzmatdaşlyk boýunça Adaty iş tertibini işläp düzmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu nukdaýnazardan, milli hyzmatdaşlar BMG bilen Türkmenistanyň arasynda Betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça Sendaý çarçuwasyna laýyklykda adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlygy we oňa garşy çäreleri utgaşdyrmak boýunça hyzmatdaşlyk baradaky özara düşünişmek boýunça Ähtnamanyň durmuşa geçirilmeginiň 2020–2030-njy ýyllar üçin Döwlet raýat goranyşy maksatnamasynda aýratyn orun eýeleýändigini bellediler.
Gatnaşyjylar BMG-niň Betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça ofisiniň durnuklylygy üpjün etmek boýunça sebitleýin taslamalary, şeýle-de onuň Türkmenistandaky maksatlary we wezipeleri bilen tanyşdyryldy. Ondan başga-da, duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistanyň betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak we adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk boýunça sebit gepleşiklerini başlatmagynyň mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar.
Maslahatdan soň, hünärmenler adatdan daşary ýagdaýlar boýunça mundan beýläkki hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşmak üçin gepleşikleri dowam etdirmäge ylalaşdylar. Duşuşygy jemläp, taraplar hyzmatdaşlygy has ýokary derejä çykarmak üçin noýabr aýynda degişli ministrleriň orunbasarlarynyň we BMG-niň guramalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda indiki ýygnagy guramak barada ylalaşdylar.
###
Has giňişleýin maglumat üçin BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň ofisine ýüz tutmagyňyzy haýyş edýäris chary.nurmuhammedov@un.org ýa-da +99312 488325 (231).