Press reliz

Hökümet 2021-2025-nji ýyllar üçin Jyns deňligi boýunça milli hereket meýilnamasyna gol çekdi

09 dekabr 2020

  • Türkmenistanyň hökümeti 2021-2025-nji ýyllar üçin Jyns deňligi boýunça Milli hereket meýilnamasyna gol çekdi.

Jyns deňligi boýunça milli hereket meýilnamasy milli we ýerli derejede adamlaryň durmuşynyň ähli ugurlarynda jyns deňligini durmuşa geçirmek maksady bilen öňe gidişligi dowam etdirmek üçin milli maksatlary, meseleleri we ileri tutulýan tagallalary kesgitleýän giňişleýin syýasy resminamadyr. Bu resminama, BMG-niň Ilat gaznasynyň goldawy bilen Türkmenistanyň adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy ugurlarda halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek üçin Pudagara Komissiýanyň Iş topary tarapyndan işlenip düzüldi.

Milli hereket meýilnamasy BMG-niň aýal-gyzlara garşy diskriminasiýany aradan aýyrmak babatyndaky komitetiniň 2018-nji ýyldaky jemleýji synlaryna, jyns deňligi bilen baglanyşykly beýleki halkara adam hukuklary boýunça borçnamalaryna, 2016-2020-nji ýyllar üçin jyns deňligi boýunça ilkinji milli hereket meýilnamasynyň baha beriş netijelerine we degişli DÖM-na we hökümet tarapyndan kabul edilen jyns deňligi bilen baglanyşykly maksatlara esaslanýar.

Jyns deňligi boýunça täze milli hereket meýilnamasynyň ýedi sany strategiki ugurlary kanunçylygyň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegi, jyns bilen baglanyşykly meseleleri göz öňüne tutup saglygy goraýyşy üpjün etmek, bilimiň hemmelere deň elýeter bolmagy, jyns esasyndaky zorlugyň öňüni almak we oňa garşy göreşmek, aýal-gyzlaryň ykdysady taýdan kuwwatlanmagy; ähli derejede, şol sanda hem syýasy we jemgyýetçilik ugurlarynda zenanlaryň gatnaşmagyny ösdürmek ýaly ugrlardan ybarat bolup durýar. Täze meýilnama global pandemiýanyň aýal-gyzlara ýetiren sosial-ykdysady täsirini göz öňünde tutýar we maýyplygy bolan ýaş gyzlar we aýallar bilen bir hatarda hiç kimiň yzda galmazlygy üçin zerur bolan çäreleri beýan edýär.

2021-2025-nji ýyllar üçin Jyns deňligi boýunça Milli hereket meýilnamasy döwlet we ýerli häkimiýetler tarapyndan gözleg institutlarynyň, raýat jemgyýeti guramalarynyň, BMG-niň agentlikleriniň we beýleki halkara guramalarynyň gatnaşmagynda durmuşa geçiriler.

"BMG-niň Ilat gaznasy jyns deňligi boýunça ikinji milli hereket meýilnamasynyň tassyklanmagyny gutlaýar," BMG-niň Ilat gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň başlygy hanym Aýna Seýitliýewa diýdi. “Biz, meýilnamanyň durmuşa geçirilmegi bilen ýurduň içindäki her bir gyz we aýal, esasanam iň ejizleri peýdalanar diýip garaşýarys. Meýilnamada kesgitlenen maksatlara ýetmek üçin ähli gatnaşyjylaryň, şol sanda hem jemgyýetleriň arasynda berk we gowy utgaşdyrylan hyzmatdaşlygy ösdürmegimiz zerurdyr. "

BMG-niň Ilat gaznasy yzda galanlara, şol sanda hem maýyplygy bolan aýallary we gyzlary göz öňüne tutup jyns esasyndaky zorlugyň öňüni almak we oňa garşy göreşmege; döwlet işgärleri we aspirantlar üçin jyns deňligi boýunça bilim maksatnamasyny döretmege; we jemgyýetde jyns babatynda oňyn tejribeleri öňe sürmek üçin erkekleri we oglanlary çekmek üçin goldaw platformasyny döretmege üns berip 2021-2025-nji ýyllar aralygynda geçiriljek Hyzmatdaşlyk Maksatnamasynyň çäginde Jyns deňligi boýunça milli hereket meýilnamasynyň durmuşa geçirmekde goldaw bermäge taýýar.

 

Has giňişleýin maglumat üçin habarlaşmagyňyzy haýyş edýäris:

Döwran Ýamatow, Jyns we ilat we ösüş boýunça

Döwlet maksatnamasynyň analitigi

yamatov@unfpa.org

+99312 488325

 

Ene Tuýliýewa,

Ýaşlar we kommunikasiýa

tuyliyeva@unfpa.org

 

http://turkmenistan.unfpa.org

www.facebook.com/unfpatkm

www.instagram.com/unfpa_turkmenistan

imo: +99362 833158

www.yashlyk.info

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

UNDP
BMG-niň Ösüş maksatnamasy
UNFPA
BMG-niň Ilat gaznasy
UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz