Hazar sebitinde ulag hyzmatdaşlygynyň geljegi
BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Ýelena Panowanyň Hazar ykdysady forumynyň mejlisindäki çykyşy.
Hormatly başlyk Orazdurdy Suhanow,
Hormatly BMG-niň Baş kätibiniň orunbasary Algaerowa,
Ilçi Gurbanow,
Toparyň hormatly agzalary, hanymlar we jenaplar!
Ilki bilen, men Hazar ykdysady forumynyň örän wajyp mejlisinde çykyş etmek mümkinçiligi üçin guramaçylara minnetdarlyk bildirmek isleýärin, hem-de Hazar basseýniniň ykdysady, energetiki we ulag mümkinçilikleri bolan örän möhüm strategiki sebitdigini ýene bir gezek belleýärin.
Ulag global we sebitleýin ykdysady ösüşde hem-de döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmekde uly orun tutýar. Şol bir wagtyň özünde, ulag ulgamynyň ösdürilmegi ýurtlaryň içinde we aralarynda harytlaryň we adamlaryň netijeli we öz wagtynda gatnamagy ýaly birnäçe meseleleriň çözülmegine ýardam berýär. Ulag harytlary bazarlar bilen baglanyşdyrmak, hem-de oba ýerlerini we bazar şäherlerini iri şäherler we global bazar bilen baglanyşdyrmak bilen aýratyn adamlara we jemgyýetlere garyplykdan çykmaga mümkinçilik berýär.
Emma biz bir zady unutmaly däl, energetika bilen baglanyşykly parnik gazlarynyň 23%-i ulagyň paýynda düşýär. Şonuň üçin hem daşky gurşawa mümkin boldugyça pes täsir etmek bilen bellenen ýere ýetmäge adamlara we harytlara hyzmat edýän durnukly ulag ulgamyny öňe sürmek hem örän möhümdir.
Ulag – maksat däl. Ol adamlara özlerine gerek bolan zatlary, ýagny iş ýerlerini, bazarlary, sosial aragatnaşygy, bilimi, şeýle hem saglyga we doly derejeli ýaşaýşa ýardam berýän beýleki hyzmatlaryň we amatlyklary ählisini almaga mümkinçilik berýän serişde.
2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibinde aýdylmagyna görä, elýeterli, gymmat bolmadyk, ygtybarly, durnukly we döwrebap energetika hyzmatlary, ýokary hilli we durnukly infrastruktura bilen bir hatarda durnugly ulag ulgamlary ähli ýurtlar üçin berk ykdysady binýat bolar. Durnukly ulag ulgamynyň kömegi bilen biz bütin dünýäde milliardlarça adamlaryň durmuşlaryny gowulandyrmak bilen, Durnukly ösüş maksatlaryna hem-de Pariž klimat ylalaşyklarynyň maksatlaryna ýetmekde ähmiýetli ösüş gazanyp bileris. Hormatly diňleýjilere bir zady ýatlatmaga rugsat beriň: ulag ulgamy Durnukly ösüş maksatlarynyň bäş wezipesine öz goşandyny goşýar. Olar: köçe-ýol hereketleriniň howpsuzlygy (3.6); energiýa netijelilik (7.3); durnukly infrastruktura (9.1); şäherleriň elýeterligi (11.2); gazylyp alynýan ýangyç subsidiýalary (12.s). Durnukly ulag ulgamy ýene ýedi sany maksatlaýyn görkezijilere gytaklaýyn täsir edýärler: oba hojalygynyň öndürijiligi (2.3); howanyň hapalanmagy (3.9); howpsuz agyz suwunyň elýeterligi (6.1); durnukly şäherler (12.3); klimatyň üýtgemegine uýgunlaşmak (13.1) we klimatyň üýtgemeginiň netijelerini ýumşatmak (13.2).
Türkmenistan durnukly ulag boýunça BMG-nyň Gün tertibini örän işjeň goldaýar. Bütin dünýäde öz ulag diplomatiýasyny ösdürmek bilen, ýurt tutuş Merkezi Aziýa sebitini demirgazykdaky, günbatardaky, günortadaky we gündogardaky global ulag ugurlary bilen birikdirýän ulag we transmilli ulag gatnaşyklarynyň ähli görnüşlerini ösdürmäge ymtylýar.
Birleşen milletler guramasy sebitleýin we global derejelerde möhüm maslahatlaryň birnäçesini gurnamak bilen durnukly ulag boýunça Türkmenistanyň köp başlangyçlaryny goldady.
Şu maksat bilen BMG-nyň Baş Assambleýasy Türkmenistan bilen bilelikde awtorçylykda 2014, 2015 we 2017 ýyllarda üç sany rezolýusiýany kabul etdi:
1. Durnukly ösüş maksatlary bilen halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde ulag we üstaşyr geçelgeleriň orny;
2. Durnukly köp modally üstaşyr geçelgeleri ösdürmek üçin ulagyň ähli görnüşleriniň arasynda ähli taraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýolunda; şeýle hem
3. Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ulagyň ähli görnüşleriniň arasyndaky baglanyşygy berkleşdirmek.
Bu rezolýusiýalar döwletleri ulag we üstaşyr geçelgeler kämilleşdirilende energiýa taýdan netijeli hem-de az uglerodly tehnologiýalary ulanmak meselesine seretmäge iterýär. Şeýlelik bilen, durnukly, az uglerodly we energiýa taýdan netijeli ulag görnüşleri klimatyň üýtgemeginiň netijelerini ýumşatmaga hem-de oňa uýgunlaşmaga ýardam berer.
2016-njy ýylyň noýabrynda Aşgabatda geçirilen Durnukly ulag boýunça BMG-nyň ilkinji global maslahaty durnukly ulaga ýardam bermek we klimatyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça halkara gepleşikleri işjeňleşdirmekde ýene bir möhüm tapgyr boldy.
Dünýä liderleri, şol sanda, döwletleriň we hökümetleriň ýolbaşçylary, dürli ugurly banklar, hususy sektor we raýat jemgyýeti sosial, ykdysady we ekologiýa ösüşine ýardam bermekde durnukly ulagyň ornuny, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde onuň höweslendiriji güýjüni hem-de az uglerodly ulag görnüşlerine üns bermegiň zerurlygyny tassyklaýar.
Meýillilik hakyndaky Aşgabat beýannamasy ulag pudagynda mundan beýläk hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin Hazar sebitiniň hem-de onuň çäklerinden daşynyň anyk ýol kartasyny berdi. Ilkinji ädim geçen ýyl edildi. Onda Hazarýaka döwletleri Hazarda ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk hakyndaky ylalaşyga gol çekdiler. Ol ylalaşyk Hazar deňziniň sebitiniň gowy infrastrukturaly iri halkara ulag merkezi hökmünde ösüşine gönükdirilendir. Munuň bilen baglylykda biz Aşgabat beýannamasynby hem-de durnukly ulag boýunça BMG-nyň Baş Assambleýasynyň çözgütlerini ýerine ýetirmekde Türkmenistanyň tagallalaryna ýokary baha berýäris.
Kabul edilen pursatyndan başlap soňky üç ýylyň içinde Türkmenistan her ýyl 17 million tonna ýüki işlemäge ukyply bolan täze halkara deňiz portuny işe girizdi. Biz şeýle hem Türkmenistanyň üstünden geçýän demirgazyk-günorta we gündogar-günbatar demir ýollarynyň, Amyderýanyň üstünden geçýän köpriniň, ýokary tizlikli awtoýollaryň hem-de howa menzilleriň işe girizilmeginiň şaýady bolduk. Bu taslamalara Türkmenistana ýurduň üstaşyr geçelge mümkinçiliklerini giňeltmäge ýardam berdi.
BMG bilen türkmen tarapynyň bilelikde durmuşa geçirýän anyk taslamalaryna degişlilikde, men durnukly şäherleriň ösüşi boýunça BMG-nyň Ösüş maksatnamasynyň taslamasyny ýada salmak isleýärin. Ol taslama Aşgabatda hem-de Awazada durnukly ulag ulgamyny goldamak boýunça çäreler toplumyny göz öňünde tutýar.
Ol öz içine elektron kartalary hem-de ýolagçylar üçin ykjam telefon programmalaryny işläp düzmegi; elektromobilleri we gibrid awtoulaglary ulanmak boýunça milli ýol kartasynyň işläp düzülmeginde ýardam bermegi; şeýle hem, zarýad portlaryň gurluşygyny; Awazada elektromobiller üçin gün stansiýalarynyň gurnalmagyny; “ýaşyl” ulagyň girizilmegini; habarlylygy ýokarlandyrmak boýunça giň gerimli kampaniýalary göz öňünde tutýar.
Sözümiň ahyrynda ähli taraplary hyzmatdaşlyga etmäge hem-de durnukly ulag görnüşlerini ösdürmek we klimatyň üýtgemeginiň täsirini peseltmek ugrunda öňdebaryjy tejribeleri paýlaşmaga çagyrmaga rugsat ediň.
Üns berip, diňläniňiz üçin Sag boluň!