BMG-niň Türkmenistanda ýurt boýunça topary COVID-19 barada habardarlygy ýokarlandyrmak boýunça kampaniýasynyň çäginde birnäçe maglumat beriş çärelerini geçirdi
Kampaniýanyň maksady COVID-19 barada habardarlygy ýokarlandyrmak, nädogry maglumatlara garşy göreşmek, infodemiýany netijeli dolandyrmak we türkmen jemgyýetinde, şol sanda ýaşlaryň, terbiýeçileriň we ilatyň ejiz gatlaklarynyň arasynda COVID-19 stigmasyny azaltmakdyr.
Dekabr aýynda BMG Türkmenistanda umumy toslamalar, onuň görnüşleri, öňüni alyş çäreleriniň ähmiýeti, COVID-19 we çagalar, COVID-19 pandemiýadan soňky döwür, göwreli we emdirýän zenanlara gaýtadan sanjym etmek, saglygy goraýyş işgärleriniň alyp barýan işleri, akyl saglygy we başga peýdaly maglumatlar barada habar berip, COVID-19 barada umumy maglumatlar bilen paýlaşdylar.
Bu kampaniýa, arassaçylygy wagyz edýän wideolary taýýarlamak, žurnalistlere töwekgelçilikler barada habar bermek boýunça we jemgyýetçilik bilen agatnaşyk barada metbugat brifingleri bermek, şeýle hem öýde we jemgyýetde sagdyn we jogapkärçilikli endikleri öňe sürmek üçin onlaýn platformalarda ýetginjekleri, ene-atalary, göwreli we emdirýän zenanlary hem-de gartaşan adamlary anyk maglumatlar bilen üpjün etmek maksady bilen mekdepler üçin el ýuwmagyň, asgyrmagyň, üsgürmegiň kadalary barada maglumat taýýarlamak arkaly köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen jemgyýetiň habardarlygyny ýokarlandyrmakda BMG-niň hökümete berýän goldawynyň dowamydyr.
Hiç kimiň yzda galmazlygyny üpjün etmek we “Bütindünýä maýyplygy bolan adamlaryň gününi” bellemek üçin BSGG we ÝUNISEF maýyplygy bolan adamlar üçin dowam edýän pandemiýanyň wagtynda öňüni alyş çäreleriniň we sanjymlaryň ähmiýetini ara alyp maslahatlaşmak üçin mejlisleri gurady. Mundan başga-da, mejlisiň dowamynda gatnaşyjylar ÝUNISEF-iň hünärmenlerinden örtük geýmek, araçägi saklamak we el ýuwmak barada, şeýle hem pandemiýa barada umumy toslamalar barada sorag bermäge mümkinçilikleri boldy.
Üç sany jemgyýetçilik guramasynyň – “Ýeňme”, “Türkmenistandaky Maýyplygy bolan adamlara goldaw merkeziniň” we “Türkmenistanyň Körler we kerler jemgyýetiniň” 100-e golaý agzalary maglumat sessiýasyna gatnaşdylar.
"Töwekgelçilikler barada habar bermek we jemgyýetçilik bilen aragatnaşyk etmek jemgyýetiň saglygyna möhüm goşant goşýar we häzirki pandemiýa ilatyň dürli gatlaklarynyň, şol sanda iň ejiz adamlaryň arasynda öňüni alyş häsiýetini höweslendirmek üçin işlemegi dowam etdirmegiň zerurdygyny görkezdi", diýip ÝUNISEF-iň wekili Mohammad Faýýazi aýtdy.
“Biz bu sessiýaly gowy gördük. Biz ÝUNISEF-ä bizi görmäge geleni we keselleriň öňüni alyş çäreleri barada gymmatly maglumatlary paýlaşany üçin sag bolsun aýdýarys. Biz öwrenen maglumatlarymyzy maşgalalarymyz we dostlarymyz bilen paýlaşarys "- diýip “Türkmenistandaky Maýyplygy bolan adamlara goldaw merkeziniň” gatnaşyjysy aýtdy.
“BMG-niň ýurt boýunça topary öňüni alyş çäreleri we pandemiýa garşy göreşmegiň usullary barada ygtybarly mazmunyny wagyz etmegi we paýlaşmagy; Döwlet hyzmatdaşlary bilen töwekgelçilikler barada habar bermek boýunça onlaýn çeşmeleri we sanly goşundylary ösdürmegi we çagalar hem-de edaralardaky belli bir toparlar üçin saglygy goraýyş kampaniýalaryny geçirmegi dowam etdirer"- diýip Türkmenistanda BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko aýtdy.