Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň 2021-2025 ýyllar üçin Hyzmatdaşlyk boýunça Ýurt Maksatnamasy
Geljek bäş ýylyň dowamynda ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasy Çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça işleriň milli meýilnamasynda bellenilen Türkmenistanyň Hökümetiniň Çaganyň hukuklary hakyndaky Konwensiýadan (ÇHK) gelip çykýan borçnamasyny ýerine ýetirmekde goldaw berer. 2021-2025-nji ýyllar üçin ÝUNISEF-iň Ýurt boýunça Maksatnamasy BMG-niň Durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlygyň çarçuwaly Maksatnamasynyň üç sany ileri tutýan ugurlarynyň ählisi boýunça degişli işleri durmuşa geçirmegi göz öňünde tutar.
Ýurduň öňki maksatnamalarynyň netijelerine esaslanmak bilen, ÝUNISEF-iň işi geljekde Türkmenistanyň Hökümeti bilen hyzmatdaşlygyň giň gerimini öz içine alar. Durnukly we ýokary hilli lukmançylyk, sagdyn iýmitlenme we irki çaga ösüşi boýunça hyzmatlaryň deň derejede elýeterligini üpjün etmek; çagalary zorlugyň ähli görnüşlerinden, ýaramaz daraşmalardan, durmuş-ykdysady kynçylyklardan goramak; şeýle-de Türkmenistandaky çagalara we ýaşlara ýokary hilli inklýuziw bilim we okuw mümkinçilikleriniň elýeterliligini ýokarlandyrmak üçin ÝUNISEF öňküsinden hem köp edaralar bilen hyzmatdaşlyk eder.