Türkmenistanyň ýaş nesli howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleri çözmäge öz goşantlaryny goşmaga taýýar
Howanyň üýtgemegi boýunça ýaşlar maslahatyna Türkmenistanyň ähli künjeginden 200-den gowrak ýaşlar gatnaşdy.
Türkmenistanyň hökümeti, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy, Beýik Britaniýanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) Türkmenistandaky ilçihanalary bilen bilelikde Howanyň üýtgemegi boýunça ýaşlar maslahatyny gurnady. 2023-nji ýylyň 3-nji noýabrynda Aşgabatda geçirilen bu çäre, Türkmenistanyň ýaşlarynyň daşky gurşaw meseleleri barada habarly bolmaklary we howanyň üýtgemegi boýunça global göreşe işjeň gatnaşmaklary üçin möhüm itergi boldy.
Çäre Howanyň üýtgemegi boýunça ýaşlar maslahatynyň (COY18) we BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşýan taraplaryň maslahatynyň (COP28) 28-nji mejlisiniň öňüsyrasynda geçirilip, oňa Türkmenistanyň ähli künjeklerinden 200-den gowrak ýaşlar gatnaşdy. Maslahatyň maksady ýaşlarda howanyň üýtgemegi, onuň jemgyýetçilik-ykdysady ösüşe hem-de ekologiki durnuklylyga we bio-dürlülige ýetirýän täsiri barada habarlylygy artdyrmakdan ybarat boldy. Şeýle hem bu maslahat, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak we onuň täsirini azaltmak bilen baglanyşykly öňde baryjy tejribeleri durmuşa geçirmek boýunça çözgütleri tapmaga gönükdirildi.
Her ýyl geçirilýän Howanyň üýtgemegi boýunça ýaşlar maslahatynyň şu ýyl Daşoguz, Mary we Türkmenabat şäherlerinde hem geçirilmegi täze girizilen üýtgeşme boldy we maslahatyň gerimini has hem giňeltdi. Durnukly ösüş maksatlarynyň ýaş ilçileri we eko-aktiwistler bilen bu şäherleriň ýaşlarynyň arasynda bolan gürrüňdeşlikler howanyň üýtgemegi boýunça pikir alyşmaga we has işjeň gatnaşan ýaşlara Aşgabatdaky jemleýji maslahatda öz taslamalaryny hödürlemäge mümkinçilik döretdi.
Maslahatda gurnalan gürrüňdeşlikleriň barşynda Türkmenistanyň ýaşlary howanyň üýtgemegine garşy global derejede alnyp barylýan göreşe işjeň gatnaşmaga ygrarlydyklaryny görkezidiler. 2022-nji ýylda Aşgabatda geçirilen Howanyň üýtgemegi boýunça ýaşlar maslahatyndan bäri bu ugurda gazanylan üstünliklere hem baha berildi. Mundan başga, türkmen ýaşlary özleriniň geljekde Türkmenistanda amala aşyrmak üçin taslamalaryny hödürlediler, bu taslamalar hem 2024-nji ýyl üçin Işleriň meýilnamasyna girizildi.
Maslahat howanyň üýtgemegi meselesine işjeň gatnaşmaga höwesli ýaşlar toparynyň döredilmegine hem badalga berdi. Bu toparyň maksady ýaşlaryň taslamalaryna goldawy giňeltmäge we berkitmäge gönükdirilip, Türkmenistanyň çäginde we onuň daşynda howanyň üýtgemegine garşy göreş, hyzmatdaşlyk we bilim alyşmak üçin platforma öwrüler.
Maslahatda geçirilen gürrüňdeşlikleriň netijesinde Türkmenistanyň Ýaşlarynyň Milli jemleýji beýannamasy kabul edildi. Bu beýannama Türkmenistanyň ýaşlarynyň talaplaryny, şeýle hem olaryň BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň işine, Türkmenistanda we dünýäde howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly milli syýasata, beýleki temalara garaýyşlaryny beýan edýär. Milli Ýaşlar Beýannamasynyň COY18-de tanyşdyrylyşy geçiriler we ol Dubaýda geçiriljek COP28-de resmi YOUNGO ählumumy garaýşynyň bir bölegini emele getirer.
Howanyň üýtgemegi boýunça ýaşlar maslahatynyň jemleýji tapgyry ýaşlaryň hukuklarynyň we mümkinçilikelriniň giňeldilmeginde ýene bir möhüm ädim bolup, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek üçin köpçülikleýin tagallalary jemleýär.
***
Ýaşlar maslahaty (COY) - howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak we çözmek üçin her ýyl dünýäniň dürli künjekginden gelen ýaşlary birleşdirýän çäre. COY18 – sany boýunça on sekizinji maslahat bolup, BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň Taraplarynyň maslahatynyň (COP 28) 28-nji mejlisiniň öňüsyrasynda ýaşlary bu işlere çekmek we işjeňleşdirmek üçin platforma bolup hyzmat eder.
Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasy (UNFCCC), howa ulgamyna howply antropogen täsirleriň öňüni almaga gönükdirilen halkara daşky gurşaw şertnamasydyr. Howanyň üýtgemeginiň netijelerini azaltmak we uýgunlaşmak çäreleri boýunça halkara hyzmatdaşlygy üçin esas döredýär. UNFCCC-iň çäginde çözgütleri kabul edýän iň ýokary edara bolsa Taraplaryň maslahaty bolup durýandyr.