Press reliz

Daşky gurşawy goramak pudagynda Durnukly ösüş maksatlaryny ölçemegi

28 noýabr 2019

  • Birleşen milletler guramasy Türkmenistanyň Hökümeti bilen bilelikde daşky gurşawy goramak pudagynda Durnukly ösüş maksatlaryny meýilleşdirmek, olar barada maglumat ýygnamak, maglumaty işlemek we derňemek boýunça öňegidişlikleri gözden geçirdi we bu babatda BMG-niň gulluklarynyň mümkin bolan goldawy barada maslahatlaşdy.

BMG-niň Daşky gurşaw maksatnamasy, ÝUNISEF, BMG-niň Ýewropa boýunça ykdysady topary, BELSTAT, “Zoi” atly daşky gurşawy goramak ulgamy ýaly we beýleki köpsanly guramalardan halkara hünärmenler milli hyzmatdaşlar bilen bilelikde 6-njy, 7-nji, 9-njy, 11-nji, 12-nji, 13-nji, 14-nji, 15-nji Durnukly ösüş maksatlary boýunça, şeýle-de Durnukly ösüş maksatlary boýunça bütindünýä maglumat binýadyna hasabat bermek babatda talaplary boýunça döwletiň öňegidişliklerini gözden geçirdi. Hünärmenler BMG-niň ýörite gulluklary tarapyndan iberilýän soraglara Türkmenistanyň öz jogaplaryny ýygy-ýygydan görkezmelidigi barada aýratyn belledi. Şeýle soraglaryň nobatdaky tapgyryny 2020-nji ýylyň ýanwar aýynda geçirmek meýilleşdirilýär.

Ondan başga-da, gatnaşyjylar Daşky gurşaw boýunça maglumatyň birleşdirilen ulgamynyň (SEIS) çäginde baha bermek we hasabat bermek üçin daşky gurşawy goramak boýunça maglumatyň elýeter bolmagy baradaky ýörelge bilen tanyşdyryldy; Durnukly ösüş maksatlar boýunça maglumaty: Daşky gurşawy goramak işiniň netijeliligi boýunça berlen synlary ulanmagy öwrendi, şeýle-de galyndylary dolandyrmaga sebitleýin çemeleşme barada hasabat aldy.

“Men bu seminaryň Durnukly ösüş maksatlaryna mundan beýläk gözegçilik etmek üçin örän gowy esas bolup hyzmat etjekdigine we BMG-niň goldawy zerur bolan görkezijileri ýüze çykarmaga ýardam berjekdigine ynanýaryn” diýip, BMG-niň Daşky gurşaw maksatnamasynyň Hemişelik utgaşdyryjysy hanym Natia Natswlişwili özüniň garşy alyş sözünde belledi.

Seminaryň netijesinde daşky gurşawy goramak pudagynda Durnukly ösüş maksatlaryna gözegçilik etmek prosesi babatda nobatdaky maslahatlar işlenilip düzüldi.

Çäre Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilýän BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň “Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegi tizleşdirmek ugrunda hyzmatdaşlyk” atly bilelikdäki taslamasynyň esasynda geçirildi.

Sofiya Yuvshanova

Sofiya Yuvshanova

RCO
Monitoring and Evaluation Specialist

Ýelena Butova

OHCHR
Maksatnama boýunça hünärmen

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

UNDP
BMG-niň Ösüş maksatnamasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz