Press reliz

UNFPA Türkmenistan üçin täze Ýurt maksatnamasy bilen tanyşdyrdy

28 mart 2025

Surat: © UNFPA Turkmenistan

27-nji mart 2024, Aşgabat, Türkmenistan – Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat Gaznasynyň (UNFPA) Türkmenistandaky wekilhanasy milli hyzmatdaşlary 2026-2030-njy ýyllar üçin UNFPA-nyň Türkmenistan boýunça ýurt Maksatnamasy bilen tanyşdyrdy. BMG-ň Aşgabatdaky binasynda geçen bu çäre UNFPA bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmekde möhüm ädim boldy. 

Milli hyzmatdaşlar bilen bilelikde işlenip düzülen Maksatnama UNFPA-nyň indiki bäş ýylyň içinde ýurtda alyp barjak işleriniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitleýär. Ol 2024-nji ýylda geçirilen konsultatiw duşuşyklaryň netijelerine esaslanýar hem-de Türkmenistanyň milli ileri tutulýan ugurlaryny we ilat düzüminiň zerurlyklaryny hem öz içine alýar.

Surat: © UNFPA Turkmenistan

"UNFPA Türkmenistany durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde goldamaga bolan üznüksiz borjuny tassyklaýar. Biz 2026-2030-njy ýyllar üçin Ýurt programmasyny üstünlikli amala aşyrmak üçin milli hyzmatdaşlar bilen ýakyn we netijeli hyzmatdaşlyk etmäge bil baglaýarys. Biz bu maksatnamanyň Türkmenistanyň ilatynyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga uly goşant goşjakdygyna ynam bildirýäris", – diýip UNFPA-nyň Türkmenistandaky ýurt boýunça direktory hanym Çinwe Ogbonna belledi.

Surat: © UNFPA Turkmenistan

UNFPA netijeli hyzmatdaşlyga ynam bildirýär we ýurt Maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin hemmetaraplaýyn goldaw bermegä taýýardygyny beýan edýär. Bu Maksatnama reproduktiw saglygyny berkidilmegi, gender deňligini üpjün edilmegi we ýaşlaryň mümkinçilikleriniň amala aşyrylmagy arkaly Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegine goşant goşar.

Batyr GURDOV - UNFPA Comms Analyst

Batyr Gurdow

UNFPA
Aragatnaşyk boýunça hünärmeni

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

UNFPA
BMG-niň Ilat gaznasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz