2017-nji ýyl boýunça dünýä ilatynyň ýagdaýy barada hasabat Aşgabatda görkezildi
16 noýabr 2017
- Şu gün “Aýratyn dünýäler: deňsizlik döwründe reproduktiw saglygy we hukuklary” atly 2017-nji ýyl boýunça dünýä ilatynyň ýagdaýy barada hasabat (SWOP) Aşgabatda görkezildi.
Şu gün “Aýratyn dünýäler: deňsizlik döwründe reproduktiw saglygy we hukuklary” atly BMG-niň Ilat gaznasynyň esasy hasabaty bolan 2017-nji ýyl boýunça dünýä ilatynyň ýagdaýy barada hasabat (SWOP) Aşgabatda görkezildi. Hasabat görkezilenden soň, 2017-nji ýylda habar beriş serişdeleriniň arasyndaky gender deňsizligi babatda çap edilen iň gowy işler boýunça bäsleşigiň baýrak gowşuryş dabarasy başlandy.
Hasabat dabarada görkezilip, oňa türkmen hyzmatdaşlary, BMG-niň gulluklarynyň hem-de halkara guramalaryň wekilleri, diplomatik wekillikler, uniwersitetleriň professorlary we talyplary, şeýle-de raýat jemgyýeti we milli hem-de halkara köpçülikleýin habar beriş serişdeleri gatnaşdy. Ondan başga-da, hasabat bütin dünýäde 100-den gowrak ýurtda görkezildi.
BMG-niň Ilat gaznasynyň täze hasabatynda bellenilişine görä, reproduktiw saglygy we hukuklary pudagynda deňsizlikler bütindünýä jemgyýetiniň maksatlaryna täsir edip biler.
Iň ejiz zenanlar üçin reproduktiw saglygy hyzmatlaryny, şol sanda maşgalany meýilleşdirmäge bolan mümkinçiligi üpjün edip bilmezlik ykdysadyýeti gowşatmaga getirip biler we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge päsgelçilik döredip biler.
“2030-njy ýyla çenli döwür üçin täze Gün tertibi has gowy we hemmeler üçin açyk jemgyýeti üpjün etdi” diýip, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we BMG-niň Ilat gaznasynyň Türkmenistandaky wekili Ýelena Panowa belledi. “Bu jemgyýetde biz bilelikde päsgelçilikleri ýeňip we ünsümizi iň ejiz adamlarda jemläp bilýäris. Bu ýerde esasy maksadymyz ähli deňsizlikleri aradan aýyrmakdyr. Onuň bilen baglylykda, gender deňligini we zenanlaryň reproduktiw hukuklaryny üpjün etmek bu işe iň gowy goşant bolar.”
BMG-niň Ilat gaznasynyň Aýratyn dünýäler boýunça hasabaty ähli zenanlaryň öz durmuşyny özleri dolandyrýan, reproduktiw saglygy goraýşa deň derejede hukugy bolan we tölenýän işi tapmak üçin ýeterlik bilimi we başarnyklary bolan ýagty geljege getirýän hereketleri durmuşa geçirmäge çagyrýar.
Aşgabatda SWOP hasabaty görkezilende, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynyň müdiriniň orunbasary Batyr Orazow myhmanlara garşy alyş sözlerini aýtdy we BMG-niň Ilat gaznasyna yzygiderli hyzmatdaşlyk üçin minnetdarlygyny bildirdi. Ol gender deňligini üpjün etmek boýunça ýurtda ýetilen sepgitler barada belledi. BMG-niň Ilat gaznasynyň goldawy bilen Türkmenistanda Gender deňligi boýunça 2015-2020-nji ýyllar üçin milli maksatnamasynyň kabul edilmegi durmuşyň ähli ulgamlarynda gender deňligi boýunça ýörelgeleri wagyz etmegiň iň esasy guraly hökmünde hyzmat etmegini dowam edýär.
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Bejeriş we öňüni alyş bölüminiň başlygy Muhammet Ergeşow bu meseläniň möhümligi barada ministriň orunbasarynyň gutlag sözüni okady. Ol Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen BMG-niň Ilat gaznasynyň arasynda zenanlaryň we ýaş maşgalalaryň reproduktiw hukuklaryny üpjün etmek boýunça strategik hyzmatdaşlygynyň esasy tapgyrlary barada aýratyn belläp geçdi. Ondan başga-da, ol Türkmenistanyň Hökümetiniň adamlaryň reproduktiw saglygy goraýyş hyzmatlaryna bolan hukuklaryny üpjün etmek boýunça ýerine ýetirýän işleri barada belledi.
BMG-niň Ilat gaznasynyň wagyz ediş işleri bilen baglanyşykly aragatnaşyk boýunça hünärmeni Ene Tüýliýewa Bütindünýa hasabatyň esasy netijeleri we maslahatlary barada aýtdy. Ol ykdysady deňsizlik bilen gender deňsizliginiň, şeýle-de reproduktiw saglygy goraýyş hyzmatlaryna bolan hukuklar babatda deňsizligiň arasyndaky baglanyşyk barada syn berdi.
Zenan özüniň zeproduktiw hukuklaryndan peýdalanmaga mümkinçilik gazansa, ol özüniň beýleki hukuklaryndan, mysal üçin, bilim almaga bolan hukugyndan has köp peýda alyp bilýär. Onuň netijesinde bolsa onuň girdejisi ýokarlanýar, özüniň we öz çagalarynyň saglyk ýagdaýy gowulaşýar, şeýle-de onuň öýde we jemgyýetde çözgütleri kabul etmek mümkinçiligi ýokarlanýar. Zenan bilen erkek çaga edinmegi bilelikde meýilleşdirende, onuň netijesinde çagalara uzak wagtyň dowamynda has köp peýda gelýär. Ene Tüýliýewa: “Bu barada 1994-nji ýylda Ilat we ösüş boýunça halkara maslahatda 179 sany hökümet ylalaşdy” diýip aýtdy.
BMG-niň Ilat gaznasynyň Türkmenistandaky wekiliniň kömekçisi Baýramgül Garabaýewa gürrüňi dowam etdi we hasabatyň Türkmenistana degişliligi barada aýtdy. Özüniň özara gatnaşykly prezentasiýasynda, Baýramgül Garabaýewa zenanlaryň, esasan hem, iň ejiz toparlara degişli zenanlaryň reproduktiw saglygy baradaky maglumata, hyzmatlara we harytlara bolan hukugyny giňeltmegiň möhümligine ünsi çekdi. Ol BMG-niň Ilat gaznasynyň ýurda kontraseptiw serişdeleri üpjün edip başlan döwründen bäri dowam edip gelýän BMG-niň Ilat gaznasy bilen Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň arasyndaky hyzmatdaşlygy barada belledi.
Bu işiň esasy tapgyrlary, şol sanda reproduktiw saglygy boýunça sebitde ilkinji milli strategiýanyň işlenilip düzülmegi, reproduktiw saglygy goraýyş merkezleriň we otaglaryň döredilmegi, şeýle-de lukmançylyk statistikasy ulgamyna howp astyndaky zenanlary ýüze çykarmaga ýardam beren täze görkezijiniň girizilmegi barada aýratyn bellendi. 2014-nji ýylda Hökümetiň kontraseptiw serişdelerini satyn almaga bolan taýýarlygyny beýan eden düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekilmegi bu babatda iň möhüm işleriň biri boldy. Hyzmatdaşlyk baradaky hasabatyň soňunda zenanlaryň, esasan hem, iň ejiz topara degişli zenanlaryň reproduktiw saglygy goraýyş hyzmatlaryna bolan hukuklaryny üpjün etmek babatda kemçilikleri azaltmaga ýardam berjek Utgaşdyryjy komitetiň döredilmegi hakynda bellendi.
“BMG-niň Ilat gaznasy Türkmenistanyň Hökümetiniň zenanlaryň we ýaş maşgalalaryň reproduktiw hukuklaryny durmuşa geçirmekde ýeten sepgitlerine buýsanýar” diýip, Baýramgül Garabaýewa belledi. “Biz zenanlaryň we ýaş maşgalalaryň reproduktiw saglyga bolan umumy hukugyny durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly maksada örän golaý hem bolsak, bu babatda entek köp iş edilmeli. Biz Utgaşdyryjy komitetiň zenanlaryň zerurlyklaryny kanagatlandyrmagyň netijeli mehanizmine öwrüljekdigine ynanýarys. Ondan başga-da,ýurda kontraseptiw serişdeleriň azyndan dört usulyny yzygiderli ýagdaýda üpjün etmek üçin Utgaşdyryjy komitet tarapyndan dogry maglumata esaslanan derňewiň öz wagtynda geçirilmegi örän möhümdir.”
Şondan soň, Türkmenistanyň Milli reproduktiw saglygy goraýyş merkeziniň başlygy we Utgaşdyryjy komitetiň agzasy Akjemal Durdyýewa Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň baştutanlygy astyndaky komitetiň düzümi, esasy taraplary we wezipeleri barada habar berdi. Akjemal Durdyýewa ejiz zenanlary ýüze çykarmak we olary kontrasepsiýanyň täze usullary bilen öz wagtynda üpjün etmek ugrunda hususy sektor bilen işleşmegiň Utgaşdyryjy komitetiň esasy wezipesi bolup durýandygy barada belledi. “Bu işler ýurdumyzda enäniň we çaganyň saglygyny uly derejede ýokarlandyrmaga ýardam berer” diýip, merkeziň başlygy belledi.
Hasabatyň görkezilmegi BMG-niň Ilat gaznasynyň 2017-nji ýylda habar beriş serişdeleri üçin bäsleşigiň baýrak gowşuryş dabarasy bilen tamamlandy. Bu ýerde BMG-niň Ilat gaznasy 2017-nji ýylyň başynda habar beriş serişdeleri üçin yglan edilen “Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde zenanlaryň we erkekleriň deň mümkinçilikleri” ady bilen geçiren bäsleşiginiň ýeňijilerini yglan etdi.
Döwlet habar beriş serişdeleriň habarçylary zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek, saglygy goraýyşda, bilimde we iş bilen üpjünçilikde gender deňligi bilen baglanyşykly meseleleri öz içine alýan 40-dan gowrak işi iberdi. Aşgabatda SWOP hasabaty okalan wagty döwlet we ýerli habar beriş serişdelerinde çap edilen bäş sany habar beriş işi habar beriş usulynyň çuňlugy we hiliniň ýokarylygy üçin baýraklara mynasyp boldy.
Baýrak gowşuryş dabarasynda BMG-niň Ilat gaznasynyň Türkmenistandaky wekiliniň kömekçisi Baýramgül Garabaýewa: “Biziň jemgyýetimizde gender deňligini wagyz etmekde habar beriş serişdeleri esasy orun tutýar” diýip belledi. “BMG-niň Ilat gaznasynyň habar beriş serişdeleri üçin geçiren bäsleşigi bu meseläniň möhümligine jemgyýetiň ünsüni çekýär. Ondan başga-da, häzirki wagtda däbe öwrülen BMG-niň Ilat gaznasynyň habar beriş serişdeleri üçin geçirilen bu bäsleşigiň gender deňligi meselesinde gyzyklanýan habarçylaryň iş toruny döredendigi hem bellärliklidir. Şu ýyl zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek, bu işe erkekleri çekmek, şeýle-de Türkmenistanda gender deňligi boýunça bar bolan mehanizmleri we kanunçylygy kämilleşdirmek ýaly meselelere bagyşlanan gyzykly işleriň toplumyny görmegimiz bizi örän begendirdi.”
2017-nji ýylyň SWOP hasabatyny we beýleki çeşmeleri doly görmek üçin bu web-sahypa girmegiňizi haýyş edýäris: www.unfpa.org/swp