Duşuşykda milli ministrlikleriň we bölümleriň wekilleri, BMG-niň gulluklary we Türkmenistanda akkreditirlenen ösüş hyzmatdaşlary ýygnandy we onda bilelikdäki tagallalara gözegçilik etmek we utgaşdyrmak maksady bilen meýilnamanyň ýerine ýetirilişine syn bermäge mümkinçilik berildi.
BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysy Ýelena Panowa gutlag çykyşynda:
“Meýilnamany durmuşa geçirmegiň çäginde ýerine ýetirilen bilelikdäki işleriň köp mukdary BMG ulgamynyň we beýleki hyzmatdaşlaryň göze görünmeýän umumy howplara garşy göreşde Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek baradaky ýokary borjuny görkezýär” – diýip belledi.
Duşuşygyň dowamynda milli we halkara hyzmatdaşlar edilen işler we geljek üçin meýilnamalar barada söhbet etdiler. Şeýle hem, olar meýilnama boýunça maliýe borçnamalaryny ýerine ýetirmekde gazanan üstünliklerini paýlaşdylar. Meýilnamany durmuşa geçirmek üçin materiallaryň satyn alynmagy, häzirki wagtda, BMG, Hökümet we beýleki ösüş hyzmatdaşlary tarapyndan iberilýän serişdeleri goşmak bilen, 28,5 million ABŞ dollaryndan geçdi.
Gatnaşanlar pandemiýa wagtynda Milli meýilnamany has gowy durmuşa geçirmek üçin dürli taraplaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmegiň möhümdigini bellediler.
“Pandemiýanyň dünýäde barha ýaýramagyny we ikinji tolkunyň töwekgelçiligini göz öňünde tutup, onuň Türkmenistanda ýaýramagynyň öňüni almak üçin has köp tagallanyň zerurdygyna ynanýaryn” – diýip, hanym Panowa duşuşygyň dowamynda belledi.
Ýiti ýokanç keseller boýunça Türkmenistanyň taýýarlyk we jogap beriş meýilnamasy Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 22-nji maýynda çykaran karary bilen tassyklandy. Bu meýilnama BMG-niň Baş sekretarynyň ýurtda we dünýä derejesinde koronawirus ýokanjyna garşy ülňüleriň çäginde utgaşdyrylan çäreleri işläp düzmek baradaky çagyryşyna jogap hökmünde taýýarlandy.
Meýilnama maksatlary, strategiýalary we jogaplary kesgitleýär we adatdan daşary ýagdaý boýunça çäreleriň utgaşdyrylmagyny we netijeliligini üpjün etjek jogap beriş gurluşyny we jogapkärçiligini beýan edýär. Şeýle hem meýilnama, ýurduň kuwwatyna we taýýarlygyna baha bermegiň netijesinde COVID-19 bilen göreşmek boýunça çäreleri kesgitleýär.
Duşuşyga gatnaşyjylar Milli meýilnamanyň 2021-nji ýylda durmuşa geçirilmegine bilelikdäki çemeleşmeleri ara alyp maslahatlaşmak üçin, ýylyň ahyrynda meýilnama boýunça gözden geçiriş duşuşygyny geçirmäge razy boldular.