Press reliz

UNICEF-iň we “Çagalary halas ediň” gaznasynyň habar bermegine görä, ýene 150 million çaga COVID-19 zerarly garyplyga düşdi

22 sentýabr 2020

  • Täze gözlegleriň görkezişi ýaly, bilime, saglygy goraýşa, ýaşaýyş jaýyna, iýmitlenişe, arassaçylyga we suwa ygtyýary bolmazdan, köp ölçegli garyplykda ýaşaýan çagalaryň sany pandemiýa başlaly bäri 15 göterim ýokarlandy.

NÝU-ÝORK / LONDON - UNICEF we “Çagalary halas ediň” gaznasynyň şu gün neşir edilen derňewine görä, COVID-19 pandemiýasy zerarly köp ölçegli garyplykda ýaşaýan çagalaryň sany, takmynan, 1,2 milliarda çenli artdy. Bu san şu ýyl pandemiýa başlaly bäri pes we orta girdejili ýurtlarda garyplykda ýaşaýan çagalaryň sanynyň 15 göterime ýa-da 150 milliona artandygyny görkezýär.

Köp ölçegli garyplygyň derňewi 70-den gowrak ýurtda bilimiň, saglygy goraýşyň, ýaşaýyş jaýynyň, iýmitlenişiň, arassaçylygyň we suw üpjünçiliginiň elýeterliligi baradaky maglumatlara esaslanýar. Bu derňew pandemiýadan ozal seljerilen ýurtlarda çagalaryň 45 göteriminiň bu zerurlyklaryň, iň bolmanda, birinden mahrum edilendigi ýüze çykardy.

Derňew eýýäm ýaramazlaşan ýagdaýy görkezýän bolsa-da, UNICEF ýakyn aýlarda ýagdaýyň has hem ýaramazlaşjakdygyny duýdurýar. “Çagalary halas ediň” gaznasy we UNICEF bu ýagdaýa gözegçilik etmegi dowam etdirmäge we bu meselä garşy göreşmek üçin hökümetler we raýat jemgyýeti bilen bilelikde işlemäge borçlanýar.

UNICEF-iň ýerine ýetiriji müdiri Genrietta Fore: “COVID-19 we wirusyň ýaýramagynyň öňüni almak üçin girizilen izolýasiýa çäreleri millionlarça çagany has hem garyplaşdyrdy” – diýip nygtady. “Garyplykdan çykan maşgalalar ýene-de garyplaşdy, käbir maşgalalar bolsa ozal görmedik kynçylyklaryny başdan geçirdiler. Şeýle-de bolsa, iň uly alada şu wagta çenli bu çökgünligiň soňy däl-de, ýaňy bir başy bolýandygy bilen baglanyşyklydyr”.

Hasabatda çagalaryň garyplygy meselesiniň diňe pul bilen baglanyşykly däldigi bellenilýär. Öý hojalygynyň girdejileri ýaly maliýe garyplygynyň görkezijileri möhüm bolsa-da, olar garyplykda ýaşaýan çagalaryň umytsyz ýagdaýynyň diňe bir tarapyny beýan edýär. Çaga garyplygynyň gerimine doly düşünmek üçin, mahrum edişiň mümkin bolan ähli çeşmelerine göni seljerme geçirmek zerurdyr. Şeýle hem, köp ölçegli garyplygy ýok etmek üçin saglyk, bilim, iýmitleniş, suw, arassaçylyk we ýaşaýyş jaý meselelerini çözmek ugrunda köp pudaklaýyn syýasatlary durmuşa geçirmek zerurlygy bar.  

Durmuş goragy, öz içine alyjy salgyt syýasatlary, durmuş hyzmatlaryna maýa goýumlary, maşgalalary goldamak üçin iş we zähmet bazary çagalaryň garyplygyny ýok etmek we çagalaryň ýagdaýynyň mundan beýläk-de ýaramazlaşmagynyň öňüni almak üçin möhümdir. Bularyň arasynda ýokary hilli saglygy goraýyş hyzmatlarynyň elýeterliligini giňeltmek we çagalary uzak aralykda okamak üçin zerur gurallar we tehnologiýalar bilen üpjün etmek; we tölegli rugsat we çaga seretmek üçin rugsat ýaly maşgalalaryň isleglerini kanagatlandyrýan strategiýalara maýa goýmak ýaly çäreler degişli.

“Häzirki pandemiýa taryhda bilim babatda iň uly global adatdan daşary ýagdaýyny döretdi we garyplygyň ýokarlanmagy iň ejiz çagalara we maşgalalara ýitgileriň öwezini dolmagy kynlaşdyrar” – diýip, “Çagalary halas ediň” gaznasynyň baş ýerine ýetiriji müdiri Inger Aşing nygtady. “Bilim almak mümkinçiliklerinden mahrum bolan çagalar çaga zähmetine ýa-da ir nikalaşmaga mejbur bolup, köp ýyllap garyplykdan çykyp bilmez. Çagalaryň tutuş bir nesliniň bu pandemiýanyň gurbany bolmagyna ýol berip bilmeris. Milli hökümetler we halkara jemgyýetçiligi onuň täsirini azaltmak üçin çäre görmeli.”

Hasabatda häzirki döwürde öňküden has köp çaganyň garyplykda ýaşaýandygy we iň garyp çagalaryň garyplaşýandygy aýdylýar. Käbir çagalar bir ýa-da birnäçe ugurda mahrumlygy başdan geçirip bilerler, beýlekilerde bolsa beýle däl, şonuň üçin çaga garyplygyny bahalandyrmak üçin her çaga üçin ortaça mahrumlyk derejesi ulanylyp bilner. Pandemiýadan öň her çaga boýunça ortaça mahrumlyk derejesi takmynan 0,7-ä deň boldy. Indi bu görkezijiniň 15 göterime ýokarlanyp, 0,85 töweregi bolandygy çaklanylýar.

Fore: “Köp çaganyň okuw, lukmançylyk, iýmitleniş, suw we ýaşaýyş jaýy ýaly möhüm ugurlardan mahrum edilmezligi üçin derrew hereket etmeli” – diýip belledi. “Döwletler durmuş goragy ulgamlaryny, şol sanda pul geçirimleri we çagalara kömek pullary, uzak aralyk okuw mümkinçilikleri, saglyk hyzmatlary we mekdepde iýmit üpjünçiligi ýaly ugurlary tiz giňeltmek arkaly iň çetleşdirilen çagalary we olaryň maşgalalaryny ileri tutmalydyrlar. Häzirki wagtda bu möhüm maýa goýumlaryny goýmak ýurtlara geljekdäki sarsgynlara taýýarlanmaga kömek edip biler.”

###

Redaktorlar üçin bellikler:

Pandemiýadan öňki we häzirki mahrumlyk derejesini hasaplamak üçin, UNICEF we “Çagalary halas ediň” gaznasy köp ölçegli garyplyk görkezijileriniň hersinde näçe çaganyň mahrum edilendigini seljerdiler we derňew geçirilen ýurtlardaky çagalar bilen deňeşdirdiler.

“Çagalary halas ediň” gaznasy barada

“Çagalary halas ediň” gaznasy ähli çagalaryň diri galan, öwrenmäge mümkinçiligi bolan we sütemden, äsgermezlikden we ekspluatasiýadan goralýan dünýäsine ynanýar. Takmynan 117 sany ýurtda alyp barýan işlerimiz arkaly iň kyn we çetleşdirilen çagalara diri galmaga, öwrenmäge we goramaga kömek berýäris.

Covid-19 barada has giňişleýin maglumat üçin, şu salga girmegiňizi haýyş edýäris: www.savethechildren.net/coronavirusresponse

UNICEF barada

UNICEF iň agyr ýagdaýdaky çagalara ýetmek üçin iň agyr ýerlerde işleýär. Dünýädäki her bir çaganyň peýdasy üçin we hemmeler üçin has gowy dünýäni gurmak maksady bilen, 190 sany ýurtda we sebitde işleýäris.

Twitter-de we Facebook-da UNICEF-i yzarlaň.

COVID-19 we çagalary we maşgalalary nädip goramalydygy barada has giňişleýin maglumat üçin www.unicef.org/coronavirus girip görüň.

Has giňişleýin maglumat üçin aşakdakylar bilen habarlaşyň:

Jorjjine Tompson, UNICEF Nýu Ýork, Tel: +1 917 238 1559, gthompson@unicef.org

Nataşa Dos Santos, “Çagalary halas ediň” gaznasy, Tel: +44 7787 191957, Natasha.dossantos@savethechildren.org

Rik Gowerde, “Çagalary halas ediň” gaznasy, Tel: +7732 602 301, rik.goverde@savethechildren.org  

 

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz