Merkezi Aziýa üçin “Ready4Trade” taslamasy Türkmenistanda jyns taýdan meseleleri göz öňüne tutup, söwdany ýeňilleşdirmek boýunça okuw geçirýär
Ýewropa Bileleşiginiň maliýeleşdirilýän “Ready4Trade” taslamasynyň maksady zenanlaryň ýolbaşçylygyndaky kärhanalaryň mümkinçiliklerini artdyrmakdyr.
Ýakyn wagtda, bu taslamanyň çäginde Türkmenistanda jyns taýdan meseleleri göz öňüne tutupsöwdany ýeňilleşdirmek boýunça birnäçe okuwlar geçirildi. Okuwlar Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň işgärleri üçin awgust aýynyň dowamynda Balkan we Lebap welaýatlarynda geçirildi.
Bu okuwlary taýýarlan Halkara söwda merkeziniň söwdany ýeňilleşdirmek maksatnamasynyň hünärmeni hanym Alina Fetisowa şeýle diýdi:
“Bu okuwlary geçirmegiň esasy maksady söwda pudagynda işleýän syýasatçylara, gümrük gullugynyň we serhet gullugynyň işgärlerine zenanlar üçin söwdany ýeňilleşdirmegiň möhümdigini açyk görkezmek bilen bir hatarda halkara söwdasy bilen meşgullanýan zenanlaryň ýüzbe-ýüz bolýankynçylyklaryny bellemekdir. Mundan başga-da, bu okuwlar zenanlaryň söwda bilen meşgullanmaklary üçin mümkinçiliklerini ýaýbaňlaşdyrmak we söwdany ýeňilleşdirmek maksady bilen reformalar arkaly amatly serhet şertlerini döretmek üçin teklipleri hödürlär."
Bu okuwlar Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň iki sany bilermeni tarapyndan geçirildi we oňa 2 welaýatyň gümrük gullugynyň 46 wekili gatnaşdy. Bu bilermenler kärdeşleri üçin okuwlarygeçirmek maksady bilen Halkara söwda merkezi tarapyndan taýýarlandy.
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň tälimçisi we wekili hanym Çemen Baýramowa şeýle diýdi:
“Daşary söwdada jyns meselelerine düşünmek we durnukly söwda gurşawyny döretmekde döwlet işgärleriniň tutup biljek ornuny kesgitlemek möhümdir. Biz “Ready4Trade” taslamasynyň şular ýaly okuw geçirýändigine we goldaw berýändigine begenýäris."
Bu okuwlary geçirmek Merkezi Aziýada hökümet edaralary, işewürlik bileleşikleri we hususy pudagyň wekilleri bilen ozal geçirilen maslahatlardan soň mümkin boldy. Netijeler söwda pudagynda, esasanam daşary söwda üçin jyns taýdan meselelere gönükdirilen çärelere uly islegiň bardygyny görkezdi.
Maslahatyň dowamynda gatnaşyjylar daşary söwdada gender deňligi barada öwrendiler, üýtgeşmeler üçin bar bolan mümkinçilikleri kesgitlediler we zenan telekeçileriň ýüzbe-ýüz bolýan meseleleriniňçözgüdini tapmak üçin döwlet edaralarynyň görüp biljek çärelerini gözden geçirdiler.
Türkmenistanda HSM-niň Milli taslama dolandyryjysy jenap Rustam Alymow şeýle diýip belledi:
“Daşary söwdada jyns meseleleriniň çözgüdini tapmak zenanlaryň işgärler, sarp edijiler we maşgala agzalary hökmünde ykdysady taýdan kuwwatlanmagy üçin möhümdir. Täze global subutnamalara laýyklykda söwdanyň aýallara birnäçe tarapdan peýdalydygyny tassyklaýar. Birinjiden, söwda açyklygy zenanlaryň hal-ýagdaýyny gowulaşdyryp biler: kärhanalar ösüp, halkara söwdasy bilen meşgullanyp başlansoň, olar hakyna has köp işgär tutup bilerler we şeýlelik bilen köp zenanalry işealyp bilerler. Şeýle hem söwda aýallar üçin has gowy iş orunlary döretmäge ýardam edýär, aýlyk haklaryny we ykdysady deňligi ýokarlandyrýar."
Indiki okuwyň Aşgabatda geçirilmegine garaşylýar.
Merkezi Aziýa üçin “Ready4Trade” taslamasy Ýewropa Bileleşigi bilen Halkara söwda merkeziniň bilelikdäki başlangyjydyr. Onuň esasy maksady sebitde içerki we halkara söwdany ösdürmek arkaly Merkezi Aziýanyň umumy durnukly we öz içine alyjy ykdysady ösüşine goşant goşmakdyr. Merkezi Aziýa üçin “Ready4Trade” taslamasyndan peýdalanýanlar hökümetlerden, kiçi we orta kärhanalardan, hususan-da zenanlaryň ýolbaşçylygyndaky kärhanalardan we telekeçiligi goldaýan guramalardan ybaratdyr. Taslama 5 ýurtda hereket edýär: Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan. Has giňişleýin maglumat üçin şu salga geçiň: intracen.org/Ready4Trade.