Türkmen ýaşlarynyň mümkinçiliklerini artdymak: Howanyň üýtgemegi boýunça ýaşlar maslahatynda suw serişdeleri barada maslahatlaşyldy
17 oktýabr 2023
Türkmenabat şäheri, 16-njy oktýabr 2023ý.
Howanyň üýtgemegi boýunça ýaşlar maslahatynyň (COY18) we BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşýan taraplaryň maslahatynyň (COP28) 28-nji mejlisiniň öňüsyrasynda, Türkmenistanyň Hökümeti bilen bilelikde BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanasy, şeýle-de Beýik Britaniýanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) Türkmenistandaky ilçihanalary tarapyndan gurnalan Ýaşlar maslahaty geçirildi. Türkmenabat şäherindäki Seýitnazar Seýdi adynaky Türkmen Döwlet mugallymçylyk institunda geçirilen çäre, ýaşlaryň gatnaşmagynda howanyň üýtgemeginiň Merkezi Aziýa sebitiniň suw serişdelerine ýetirýän täsirini ara alyp maslahatlaşmaga gönükdirildi.
Howanyň üýtgemegi boýunça ýaşlar maslahatynyň maksady Türkmenistanyň ýaş neslini, olaryň pikirleriniň we teklipleriniň sebit liderleriniň tarapyndan diňleniljek çärelere işjeň gatnaşmaga höweslendirmekden ybarat boldy. Çärede howanyň üýtgemeginiň suw serişdelerine ýetirýän täsirine garşy göreşmegiň möhümdigini bellenildi. Bu bolsa sebitiň durnuklylygy we aýdyň geljegi üçin möhüm mesele bolup durýar.
Maslahata BMG-niň dürli agentlikleriniň wekilleri, Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçisiniň orunbasary Marti Wolli we ilçihananyň jogapkär işgärleri, hem-de BAE-niň ilçihanasynyň wekilleri, 17-30 ýaş aralygyndaky ýaşlar, DÖM-iň ýaş ilçileri, Seýitnazar Seýdi adynaky Türkmen Döwlet mugallymçylyk institunyň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar. Milli hyzmadaşlardan bolsa Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Bilim ministrliginiň, Daşky gurşawy goramak ministrliginiň, bilim merkezleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen bir hatarda howanyň üýtgemegi we daşky gurşawy goramak boýunça bilermenler we hünärmenler gatnaşdylar.
Çäräniň dowamynda “Durnukly suw dolandyryşyny kämilleşdirmek arkaly oba hojalygynyň durnukly ösüşini we azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmak”, “Durnukly we gaýtalanýan sarp edilişi ösdürmek”, “Suw serişdelerini howpsuz we täsirli ulanmak” ýaly temalar boýunça çykyşlar geçirildi. Çykyşlarda howanyň üýtgemeginiň, suw serişdeleriniň, durnukly oba hojalygynyň we jogapkärçilikli sarp etmegiň arasyndaky baglanyşyk barada gyzykly pikirler beýan edildi. Şeýle hem, daşky gurşawy goramak boýunça bilim bermek meselesi hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Maslahata gatnaşyjylar daşky gurşawy goramak boýunça bilim bermegiň howanyň üýtgemegine garşy göreşde esasy gural bolup durýandygyny belläp, ony ösdürmegiň möhümdigini bellediler.
Bu maslahat howanyň üýtgemegine garşy göreşde ýaş nesliň esasy hyzmatdaş hökmünde ornunyň möhümdigini ýene bir gezek görkezdi. Geçirilen çäre Türkmenistanly ýaşlarda howanyň üýtgemegine garşy taslamalara işjeň gatnaşmagyna höwes döretdi, şeýle-de Türkmenistanyň tebigatyna täsir edýän howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga we olara garşy çözgüt tapmaga mümkinçilik döretdi. Ýaşlara öz pikirini beýan etmäge mümkinçilik döretmek bilen, maslahat howanyň üýtgemeginiň suw serişdelerine ýetirýän täsiri we daşky gurşawy goramak boýunça bilim bermegi babatynda dialogy we olara garşy çözgüt tapmak üçin hyzmatdaşlygy öňe sürdi. Şeýle hem bu maslahat Türkmenistan we bütin dünýä üçin durnukly gelejegi üpjün etmekde ýaş nesliň mümkinçiliklerini artdymak üçin möhüm ädim boldy.
BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri
UNDP
BMG-niň Ösüş maksatnamasy
UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy
Bu başlangyja degişli beýleki edaralar
EOUK
Embassy of United Kingdom
Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz