Ýerli derejedäki inklýuziw ýokary hilli durmuş hyzmatlaryny ornaşdyrmak arkaly durmuş taýdan goraglylyk ulgamyny kämilleşdirmek
Bu neşirde, DÖM-iň bilelikdäki gaznasynyň maliýeleşdirmegi bilen, Türkmenistanyň Hökümeti we Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan durmuşa geçirilýän “Ýerli derejede inklýuziw ýokary hilli durmuş hyzmatlaryny ornaşdyrmak arkaly durmuş taýdan goraglylyk ulgamyny kämilleşdirmek” atly Bilelikdäki maksatnamanyň gazananlaryna syn berilýär. Bilelikdäki maksatnamanyň ýerine ýetiriji hyzmatdaşlary Türkmenistanda BMG-niň ÝUNISEF, BMGÖM, ÝUNFPA, BMG-niň Neşe serişdelerine we jenaýatlara garşy müdürligi ýaly edaralarydyr we Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligidir. Bilelikdäki maksatnama ilkibaşda 2020-nji ýylyň ýanwaryndan 2022-nji ýylyň ýanwaryna çenli iki ýyllyk maksatnama hökmünde göz öňünde tutulypdy, ýöne COVID-19 ýokanjynyň global pandemiýasynyň netijesinde, ol 2022-nji ýylyň iýun aýyna çenli uzaldyldy.