2021-2025-nji ýyllar üçin Türkmenistanda ÝUNISEF-iň Ýurt boýunça maksatnamasynyň resminamasy ÝUNISEF-iň ýerine ýetiriji komiteti tarapyndan tassyklanyldy
14 sentýabr 2020
- 2020-nji ýylyň sentýabr aýynyň 8-11 aralygynda geçirilen ÝUNISEF-iň ýerine ýetiriji komitetiniň ikinji nobatdaky mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň ýurt boýunça maksatnamasynyň resminamasy kabul edildi.
ÝUNISEF-iň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň altynjy maksatnamasynyň baş wezipesiniň biri, BMG-niň Çaganyň hukuklary hakyndaky Konwensiýasyna we Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça Hereketleriň Milli meýilnamasyna laýyklykda çagalaryň hukuklaryna hormat goýmak, goramak we amala aşyrmak boýunça borçnamalaryny ýerine ýetirmekde Türkmenistanyň hökümete goldaw bermek bolup durýar.
Takmynan 7,5 million ABŞ dollary bolan bäş ýyllyk býudjet bilen täze ýurt maksatnamasy dört ugurda, ýagny çagalar üçin dolandyryş; çaganyň saglygy, iýmitlenmegi we irki ösüşi; çaganyň goragy; we ýokary hilli bilim ýaly ugurlarda netije gazanmagy maksat edinýär.
Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekili Aksoltan Ataýewa hyzmatdaşlyk etmegiň täze ýurt boýunça maksatnamasyny amala aşyrmakda Türkmenistanyň goldawyny belläp geçdi. Hanym Ataýewa öz çykyşynda ýerine ýetiriji komitetiniň agzalaryna ýurduň çagalaryň hukugyny goramakda alyp barýan işi babatynda, şeýle hem saglyk, bilim, çaganyň irki ösüşi, goragy we howanyň üýtgemegi ýaly ugurlarda çagalar üçin ýokary netijelere ýetmekde Türkmenistanyň hökümetiniň we ÝUNISEF-iň ýakyn hyzmatdaşlygy babatynda maglumat berdi.
Ýerine ýetiriji komitetiniň sentýabr aýynda geçirilen nobatdaky mejlisinde COVID-19 keseli döwründe her bir çaga üçin sanly bilim mümkinçilikleriniň döredilmeginiň ähmiýeti ara alnyp maslahatlaşyldy. ÝUNISEF-iň dünýä ýüzündäki maksatnamalarynyň maliýeleşdirilmegine, baha berilmegine we hyzmatdaşlygyna seredildi.
ÝUNISEF-iň ýerine ýetiriji direktory Genrietta For öz ýüzlenmesinde ÝUNISEF-iň COVID-19 döwründe çagalar üçin degişli netijeleri bermäge ygrarlydygyny gaýtalady. Hanym For “Pandemiýanyň kynçylygy, geljekde millionlarça çagalar we ýaşlar üçin ÝUNISEF-iň güýçlenmegi bilen baglydyr” diýip belläp geçdi.
Ýerine ýetiriji komiteti - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň we Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň umumy görkezmesine laýyklykda gurama hökümetara goldawy berýän, gözegçilik edýän ÝUNISEF-iň dolandyryjy edarasydyr. Ýerine ýetiriji komiteti ÝUNISEF-iň işine syn berýär we onuň syýasatyny, ýurt meýilnamalaryny we býudjetlerini tassyklaýar. Türkmenistan bilen birlikde onuň 2020-nji ýyldaky geňeşine 36 agza gatnaşdy.