BMG-niň gulluklarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň bilelikdäki ýyllyk iş meýilnamalaryna gol çekmek boýunça media forumy
BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysy Ýelena Panowanyň Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde eden çykyşy
Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Oba-hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Türkmenistanyň Telewideniýe, radio we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň hormatly baştutanlary!
Siziň Alyhezretleriňiz,
Hanymlar we jenaplar,
Ilki bilen, men Türkmenistanyň Hökümetine we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň baştutanlaryna Türkmenistanda BMG-niň işlerine yzygiderli üns berilýändigi we Birleşen milletler guramasy bilen strategik hyzmatdaşlygyň ösdürilýändigi üçin minnetdarlygymy bildirýärin.
Türkmenistanda BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysy hökmünde, men bu duşuşyga gatnaşandygyma örän şat. Bu Türkmenistanyň BMG-a bitewi bir gurama, Türkmenistana milli ösüşe ýetmekde we Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmekde goldaw berýän gurama hökmünde garaýandygyny ýene bir gezek subut edýär.
Belli bolşy ýaly, milli ösüşiň maksatlary durnukly ösüş boýunça 2030-njy ýyla çenli döwür üçin gün tertibiniň maksatlary we wezipeleri bilen köp derejede sazlaşýar. Ýaňy-ýakynda kabul edilen Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-2020-nji ýyllar üçin ýurduň durmuş we ykdysady ösüşi boýunça maksatnamasy onuň subutnamasy bolup durýar.
Onuň bilen baglylykda, men BMG-niň gulluklarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň arasynda 2030-njy ýyla çenli Gün tertibi we onuň Durnukly ösüş maksatlary boýunça ýetilen öňegidişlikleri barada Milli meýletin syny taýýarlamakda ýokary derejeli hyzmatdaşlyk barada belläsim gelýär. Türkmenistan Milli meýletin synyň netijelerini şu ýylyň iýul aýynda Nýu Ýork şäherinde geçiriljek Ýokary derejeli syýasy forumynyň BMG-niň Ykdysady we jemgyýetçilik geňeşiniň bölümçesinde görkezer.
Soňky ýyllarda BMG-niň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä ýetdi. Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda 2020-nji ýyla çenli ösüş boýunça çarçuwaly maksatnamasynyň çäginde dürli strategik ugurlarda hyzmatdaşlygyň netijeliligi 2019-njy ýylyň fewral aýynda Milli dolandyryş we utgaşdyryş komitetiniň ýyl boýunça geçirilýän bilelikdäki duşuşygynyň ýene bir subutnamasy boldy
Ondan başga-da, bu 2018-nji ýylda maliýe maksatnamasyny üpjün etmegiň derejesiniň 15 million amerikan dollaryndan geçendigini subut edýär. Olardan 6,5 million amerikan dollary Hökümetiň bilelikdäki maksatnamalaryna we taslamalaryna degişli. Biz Türkmenistanyň Hökümetine onuň üçin minnetdar. 2019-njy ýylda BMG-niň Ösüş boýunça ulgamy 15,5 million amerikan dollaryndan gowrak serişdäni üpjün etmäge maksat edinýär, bu bolsa 2018-nji ýyl bilen deňeşdirilende, ýarym milliona köp.
Şu günki çäre BMG-niň ulgamy bilen Türkmenistanyň arasynda üstünlikli strategik hyzmatdaşlygyň bardygyny aňladýar. Men milli iş maksatnamalarynyň, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, ÝUNISEF-iň we ÝUNFPA-nyň ösüş maksatnamasynyň 2016-2020-nji ýyllar üçin Türkmenistan bilen ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk boýunça maksatnamasyna goşant goşjakdygyna ynanýaryn.
Bu adamlaryň hukuklarynyň goralmagyna we öňe çykarylmagyna, çagalaryň hukuklarynyň ýerine ýetirilmegine, gender deňliginiň üpjün edilmegine we zenanlara garşy hukuk kemsidilmeleriň aradan aýrylmagyna, şeýle-de ýerli jemgyýetiň howanyň üýtgemegine durnuklylygy we oňa uýgunlaşmaga ukybyny güýçlendirmäge degişli.
Hanymlar we jenaplar!
Şu ýyl BMG-niň Ösüş ulgamy milli hyzmatdaşlar bilen bilelikde Ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk boýunça häzirki çarçuwaly maksatnamasyna garaşsyz baha beriş işlerini geçirer.
Ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk boýunça çarçuwaly maksatnama baha beriş işleri maksatnamanyň netijeliligini, onuň ösüş boýunça milli gyzyklanmalary we netijelere ýetmekde BMG-niň ornuny kesgitlär. Ondan başga-da, ol alnan netijeleriň näderejede ösüş boýunça milli maksatnamalara ýetmekde goşan goşandyny görkezer. Bu baha beriş işleri netijeleriň uzak wagtlaýyn durnuklylygy bilen hem iş salşar.
Ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk boýunça çarçuwaly maksatnama baha beriş maksatnamanyň durmuşa geçirilmeginiň hilini kämilleşdirjek mümkinçilikleri hem ýüze çykarar. Alnan maglumat indiki bäş ýyl üçin Birleşen milletler guramasy bilen Türkmenistanyň arasynda hyzmatdaşlyk boýunça täze maksatnama işläp düzülen wagty hasaba alnar.
Ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk boýunça çarçuwaly maksatnama baha beriş işleri 2019-njy ýylyň aprel aýynyň ikinji ýarymyna we maý aýlaryna meýilleşdirilen. Ol pudak ministrlikleri, hususy sektor, raýat jemgyýeti, ýaşlar, şeýle-de ösüş boýunça hyzmatdaşlar bilen maslahatlary öz içine alar.
Men baha beriş işleriniň netijeleriniň 2021-2025-nji ýyllar üçin Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk boýunça täze resminamany işläp düzmäge gowy esas bolup hyzmat etjekdigine ynanýaryn.
Sözümi jemlemek bilen, men Türkmenistanyň Daşary işler ministri jenap R. Meredowa Türkmenistanda bilelikdäki maksatnamalary we başlangyçlary durmuşa geçirmekde berýän yzygiderli goldawy üçin minnetdarlyk bildirýärin.
Diňläniňiz üçin sag boluň.