Türkmenistanda maglumatyň güýjüni ulanmak
Daşoguz welaýatynyň oba ýerlerinde ýaşaýan gelip çykyşy boýunça özbek zenanlaryň köpüsi ýaly, 63 ýaşly Zulfiýa Orazowa öý hojalygynyň işleri bilen meşgullanýar.
Zulfiýa we onuň ýoldaşy Hudaýaryň dört sany ogly bolup, olar häzir ene-atasynyň daýhançylyk işini ýöredýär. Olar tutuş ýylyň dowamynda ekologiýa taýdan arassa gök-önümleri we miweleri ekýär we ýerli bazarlary üpjün edýär.
“Biziň maşgalamyz uly. Biziň dört oglumyz öýlenen, biziň alty sany agtygymyz bar. Biziň hemmämiz bu öýde bile ýaşaýarys. Uly saçagyň başynda üýşüp, nahar edinmek biziň üçin däpdir” diýip, Zulfiýa aýtdy.
Ondan başga-da, Zulfiýa ýüpek gurçuklaryny saklamakda iň belli daýhanlaryň biridir. Ol özüniň yhlasly zähmeti we ýeten sepgitleri üçin ýerli baýraga mynasyp boldy. Indi Zulfiýa köp wagtyny agtyklary bilen geçirýär we ol internetden peýdalanmagy öwrenmegi isleýär.
Zulfiýa “Bossan” geňeşliginde (birnäçe obanyň toplumy) ýaşaýar. Bu geňeşlik Daşoguz welaýatyndaky 44 sany geňeşlikleriniň biri bolup, ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti Köpgörkezijili klaster barlagynyň täze tapgyrynyň çäginde bu geňeşliklerden maglumat ýygnady. Zulfiýanyň ýaşaýan obasynda bary-ýogy dört sany köçe, bir sany mekdep we çagalar bagy, şeýle-de bir sany saglygy goraýyş merkezi bar.
“Men ýaş wagtym çagalarymy dümewden bejerenimde ýa-da olara ene süýdüni berip bilmedik wagtym, ejemiň maslahatlaryna eýeripdim. Lukmançylyk edaralary örän daş ýerleşipdi we köplenç ýagdaýlarda biz öýde galýardyk. Indi durmuş üýtgedi: biz diňe hünärli lukmanyň maslahatyna eýerýäris; maşgala lukmany ýa-da şepagat uýasy ýygy-ýygydan bize gelýär. Çagalara mekdebe gatnamak üçin uzak ýere gitmek gerek bolmaýar, çünki her bir obada mekdepler we çagalar baglary bar” diýip, Zulfiýa belleýär.
Öňki Köpgörkezijili klaster barlagynyň (2016-njy ýyl) görkezmegine görä, barlagdan öň üç günüň dowamynda 3-4 ýaşly çaglaryň bilim almaga we mekdebe taýýarlanmaga ýardam berýän oýunlaryna öz atalarynyň gatnaşmagynyň derejesi 14%-e barabar boldy. Bu işlere atalaryň gatnaşygynyň pes derejesi bilen baglanyşykly meseläni çözmek üçin, ÝUNISEF we Türkmenistanyň Hökümeti 2017-nji ýylda çagalary kiçi ýaşdan başlap ösdürmek we çagalaryň ömrüniň ilkinji müň gününiň dowamynda atalaryň tutýan pozitiw orny boýunça 4 ýyllyk kampaniýany başlady. Öňki Köpgörkezijili klaster barlagynyň netijesinde Türkmenistandaky çagalaryň ýarysyndan az sanynyň mekdepden öňki bilim edaralaryna gatnaýandygy hem ýüze çykaryldy. Ondan başga-da, barlagda şäher (70 göterim) we oba ýerleriniň (30 göterim) arasyndaky tapawutlar hem görkezildi, bu bolsa 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibine laýyklykda, ähli çagalar üçin mekdepden öňki bilimi üpjün etmegiň ýollary barada jedelleriň ýüze çykmagyna getirdi.
Köpgörkezijili klaster barlagy boýunça ýaňy-ýakynda geçirilen işiň dowamynda 64 ýaşly Rustam we onuň aýaly Merýem Bazarbaýewlerden hem sorag-jogap aldylar. Olaryň ikisi hem geňeşlikde mugallym. Olaryň iki sany çagasy we alty sany agtygy bar. Türkmenistandaky adamlaryň köpüsi ýaly, olaryň maşgala agzalary hem internet ulgamyna ykjam telefonyň üsti bilen girýär.
“Biz agtyklarymyzyň uniwersitetlerde okajakdygyna umyt edýäris. Biz ýakyn geljekde ýokary bilimli hünärmenleriň talap ediljekdigine düşünýäris. Men çagalaryň köp bilmäge höweslidigini görýärin. Olar kiçi ýaşyndan başlap çagalar bagynda ýa-da öýde öwrenip başlaýar” diýip, Rustam aýtdy.
2016-njy ýylda geçirilen Köpgörkezijili klaster barlagynda Türkmenistan sebitde ilkinji bolup, maglumaty ýygnamak üçin planşetleri ulanyp başlady. Şu ýyl Türkmenistan dünýäde ýaş zenanlaryň arasynda “NEET” (bilim almaýanlar we işlemeýänler) görkezijisi boýunça maglumaty ýygnan ilkinji döwlet boldy.
“Biz welaýatymyzda öňünden saýlanmadyk 800-e golaý öý hojalygyna aýlandyk. Men adamlaryň pikirleriniň uly derejede üýtgändigini görýärin. Indi olar hünärli maslahaty gözleýär, çagalarynyň bilimli bolmagyny isleýär we bu mesele boýunça öz pikirlerini açyk ýagdaýda paýlaşýar” diýip, Köpgörkezijili klaster barlagy boýunça toparyň superwaýzeri we Statistika baradaky döwet komitetiniň Daşoguz welaýaty boýunça bölüminiň başlygy Gözel Omarowa aýtdy.
Işler, köplenç ýagdaýlarda, temperaturanyň 40 gradus Selsiýadan geçen wagty geçirilipdir, habarçylar bolsa çagalar bilen baglanyşykly görkezijiler, ýagny çagalary kiçi ýaşdan ösdürmek, ene süýdi we dogry naharlandyrmak, çagalaryň saglygy, esasy bilim, durmuş goraglylygy we antropometriýa barada örän wajyp maglumaty ýygnamak üçin 6000-den gowrak öý hojalygyna baryp gördi. Awgust aýynyň soňunda Statistika baradaky döwet komiteti we ÝUNISEF Köpgörkezijili klaster barlagy boýunça habarçylary tejribe paýlaşmak, ýerlerde işler geçirilen wagty ýygnanan ýokary hilli maglumaty ulanmak hem-de geljekki barlaglary kämilleşdirmek bilen baglanyşykly pikirleri alyşmak üçin jemledi.
Türkmenistanda durmuş-ykdysady ösüş boýunça has köp maglumat ýygnalar. Ygtybarly we halkara ýagdaýda deňeşdirip bolýan maglumat ýurduň inklýuziw we durnukly ösüşi üçin, şeýle-de Durnukly ösüş maksatlarynyň görkezijilerine milli we umumy derejelerde gözegçilik etmegiň esaslaryny ýola goýmak üçin iňňän wajypdyr. 2019-njy ýylda geçirilen Köpgörkezijili klaster barlagyna gatnaşan maşgalalara olaryň beren jogaplarynyň ýurtda çagalar we zenanlar barada esasy maglumaty ýygnamaga ýardam berjekdigi, onuň netijesinde bolsa esasy çözgütleriň kabul ediljekdigi aýdyldy.