BMG-niň Ösüş maksatnamasy ýaşlary klimatyň üýtgemegine garşy göreşmeklige höweslendirýär
06 iýun 2023
Awaza, 2023-nji ýylyň 3-nji iýuny
BMG-niň Türkmenistandaky Ösüş Maksatnamasy Global ekologiýa gaznasy (GEF) we BMG-niň Ösüş Maksatnamasy tarapyndan maliýeleşdirilýän hem-de Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen bilelikde durmuşa geçirilýän “Türkmenistanda şäherleriň durnukly ösdürilişi: Aşgabatda we Awazada ýaşyl şäherleriň toplumlaýyn ösdürilişi” taslamasynyň çäklerinde “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän “Daýanç” Çagalar sagaldyş merkezinde Bütindünýä welosiped gününiň we Bütindünýä daşky gurşaw gününiň dabaraly bellenilmegi mynasybetli birnäçe çäreleri geçirdi.
Şol çärelere BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekili hanym Narine Saakýan, BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekiliniň orunbasary jenap Tomisa Paowiç, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri gatnaşdy.
Geçirilen ekologiýa ugurly çäreleriň çäklerinde BMG-niň Ösüş Maksatnamasy çagalar sagaldyş merkeziniň çäginde täze welosiped duralgasyny açdy we adamyň galdyrýan uglerodly yzyny azaltmaga mümkinçilik berýän ekologiýa taýdan arassa ulag serişdeleri bolan 14 sany welosipedi berdi. Tomisa Paowiç: “Biz ösüp gelýän ýaş nesliň arasynda “ýaşyl” ulaglary öňe sürmek bilen, diňe bir ulag serişdelerinden çykýan hapalaýjy maddalaryň zyňyndylaryny azaltman, eýsem sagdyn durmuş ýörelgesini hem wagyz edýäris, umumylyk duýgusyny terbiýeleýäris we durmuş babatyndaky böwetleri ýeňip geçmekde öz kömegimizi ýetirýäris. Başgaça aýtsak, biz adamlara şäherlerdäki ekologiýa meselelerini we klimatyň üýtgemegine garşy göreşmek babatyndaky meseleleri çözmek boýunça köpçülikleýin hereketler üçin umumylaşmaga şert döredýäris”. - diýip belledi.
BMG-niň Ösüş Maksatnamasy “Daýanç” çagalar dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalar üçin Bütindünýä Daşky gurşaw gününe bagyşlanyp guralan #BeatPlasticPollution atly global çäräniň çäklerinde bilim beriş sessiýasyny hem geçirdi. Bu çäre daşky gurşaw barada, şeýle hem klimatyň üýtgemegine garşy göreşmek babatyndaky bütindünýä tagallalarynda her bir adamyň planetanyň plastik bilen hapalanmagyna garşy edýän hereketleriniň uly ähmiýete eýedigi barada ýaşlaryň düşünjesini giňeltmeklige gönükdirildi.
Ekologiýa barada bilim berýän çäreler BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň taslamasynyň hünärmenleri tarapyndan plastigiň planetamyza ýetirýän zyýanly täsiri barada eden çykyşlary öz içine aldy. Bu çykyşlarda ummanlary we deňizleri gorap saklamak meselelerine hem-de deňiz serişdelerinden rejeli peýdalanmak meselelerine aýratyn üns çekildi.
Çäräniň resmi böleginden soňra Hazar deňziniň kenarynda sagdyn durmuş ýörelgesini öňe sürmek we çagalaryň daşky gurşaw, haýwanat we ösümlik dünýäleri baradaky bilimini giňeltmek maksady bilen sport çäreleri, çagalar üçin oýunlar, şekillendiriş sungaty we gipsden şekilleri ýasamak boýunça sapaklar guraldy.
Hanym Saakýan we jenap Paowiç çagalar bilen olaryň geljegi baradaky meýilleri baradaky we olaryň saýlan ösüş ýolunyň klimatyň üýtgemegine garşy bütindünýä göreşine goşan goşandyna nädip täsir edip bilýändigi baradaky interaktiw gürrüňdeşligine gatnaşdylar. Hanym Narine Saakýan: “Çagalar bilen geljekki biliminiň we hünärleriniň meselelerini ara alyp maslahatlaşyp, ýaşlaryň mümkinçiliklerini giňeldýäris we olara geljekki işlere taýýarlyk görmäge kömek edýäris. Biz olary arzuw etmäge we öz maksadyna tarap tutanýerli gönükdirilmäge, dünýäni tanamaga, öz mümkinçiliklerini doly durmuşa geçirmäge ymtylmaga we klimatyň üýtgemegi bilen bagly global meseleleri çözmek babatda öz ýoluny tapmaga ruhlandyrmaly.” - diýip, Narine Saakýan belledi.
Tarapyndan ýazylan
Jahan Saparmamedowa
UNDP
Jemgyýetçilik we aragatnaşyk işleri boýunça hünärmen