Tebigata esaslanan çözgütler ösen ýaşaýyş derejesi üçin suwdan we energiýadan netijeli peýdalanmaklygy üpjün edýär
Kaka etrabynyň Kaka şäherçesiniň Hywabad obasynyň ýaşaýjylarynyň hojalyk zerurlyklary we ykdysady işleri üçin suw Laýynsuw atly serhetara derýasyndan gelýär.
Kaka şäherinde suwuň ýyllyk göwrüminiň ýarysyna golaýy, ýagny, takmynan, 250 l/sek agyz suwy hökmünde ulanylypdy, galan göwrümi bolsa Hywabad obasynyň ýaşaýjylary tarapyndan hojalyk zerurlyklary we miweli agaçlary hem-de gök-önümleri ösdürmek üçin ulanylypdy. Ýaz aýlary suw ýerli daýhanlar tarapyndan gyşky bugdaýy suwarmak üçin ulanylypdy.
Şeýle-de bolsa, 2-3 ýyl mundan ozal Laýynsuw derýasynda infiltrasiýanyň ýokary derejesi zerarly, onuň suwundan peýdalanmak kyn bolupdy. Kaka şäheriniň agyz suwy bilen baglanyşykly zerurlyklary üçin niýetlenen suwuň, takmynan, 50%-e golaýy ýitdi. Paýlaýyş nokatdan Kaka şäherindäki suwy arassalaýyş zawodyna çenli ýiten suwuň mukdary dörtden bir bölege ýetdi.
Laýynsuw derýasyndan suwuň ulanylyşy we energiýa netijeliligi bilen baglanyşykly meseleleri çözmek üçin, BMG-niň Ösüş maksatnamasy/GEF we Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň arasyndaky hyzmatdaşlyk durnukly we üznüksiz suw üpjünçiligi üçin täze tehnologiýalary girizmek üçin ýola goýuldy. Taslamada tebigy we netijeli çözgütler ulanyldy.
“Türkmenistanda suwuň her damjasynyň rejeli ulanylmagyny üpjün etmek we onuň ýitmeginiň öňüni almak biz üçin iňňän wajyp bolup durýar” diýip, taslamanyň menejeri Geldi Myradow belledi.
2016-njy ýylda taslamanyň çäginde grawitasion akymly suw geçiriji guruldy, ol suwuň ýitmegini nola çenli azaltdy we Kaka şäherine agyz suwunyň talabalaýyk göwrümde üpjün edilmegini kepillendirdi. Ondan başga-da, onuň netijesinde suw guýularyndan suwuň üpjün edilmegi üçin ulanylan elektrik nasoslaryň aglaba böleginiň öçürilmegine ýardam berdi.
Iki ýyl geçensoň, grawitasion akymly suw geçiriji öz miwelerini berýär. Ýaşaýjylar indi öz baglarynda miweleri we gök önümleri ösdürip bilýär we ýaňy-ýakynda obanyň ýanyndaky meýdançada 70 gektar gowaçany ekdi. Öý hojalyklary suwuň elýeterliliginden peýdalanýar, bu bolsa olaryň arassaçylyk boýunça mümkinçilikleriniň ösmegine ýardam berýär.
“Şu ýyl biziň üçin örän gowy ýyl. Biz pomidor, kädi, alma, erik we nar ekdik. Men biraz hasyl aldym, ol hem meniň maşgalama ýetdi. Ondan başga-da men miweleri, pomidorlary we kädileri goňşularym bilen paýlaşdym we biraz mukdaryny bazarda hem satdym” diýip, Hywabad obasynyň öý hojalykçysy we üç çaganyň ejesi Annagözel aýtdy.
Adatça, Hywabadyň ýaşaýjylary bugdaýy gyşyna, gowaçany bolsa tomsuna ekýär. Emma, suwuň ýetmezçiligi sebäpli gowaçadan köp hasyl alynmaýar. Netijede, 20 maşgala tarapyndan kireýine alnan 70 gektar meýdançada diňe bugdaý ýetişdirilýär.
“Men, adatça, ýylyna bugdaýyň hasyly üçin 40 000 manat alýaryn” diýip, meýdançany kireýine alýan 20 sany maşgaladan ybarat bolan daýhanlaryň toparynyň ýolbaşçysy Oraz aýtdy. “Biziň alan ortaça hasylymyz bir gektar meýdandan 20-25 sentner bugdaýa barabar boldy. Şu ýyl biz bir gektar meýdandan 30-35 sentner bugdaýy we bir kilogram üçin bir gektar meýdandan 0,80 manada deň bolan 3 tonna gowaçany almaga garaşýarys. Şu gezek biz gowaçanyň 70 gektaryny ekdik we ol gowy ösýär. Şeýlelikde, şu ýyl men has köp girdeji garaşýaryn.”
Grawitasion akymly suw geçirijisi tebigata esaslanan adaty çözgüt bolup, ol Hywabad obasynda suwuň we energiýanyň netijeli peýdalanmagyny üpjün etdi. Ol suwuň ýitmegi bilen baglanyşykly meseleleriň aradan aýrylmagyna, elektrik we dizel ýangyçly nasoslary ulanmakdan kömürturşy gazynyň bölünip çykarylmagynyň azaldylmagyna we suwuň ýeterlik wagty öz ýerlerini ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri gözleýän oba ýaşaýjylarynyň durmuşynyň gowulanmagyna ýardam berdi.