Bu çäre COVID-19 döwründe ösüş hyzmatdaşlygyny utgaşdyrmak üçin Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik jemgyýetiň nobatdaky ýygnagydyr.
BMG-niň Ýurt boýunça topary gatnaşyjylara BMG-niň Türkmenistana goldaw berýän dört pudagynda gazanylan sepgitler barada habar berdi, bu sepgitlere: COVID-19-a taýýarlyk we oňa garşy göreşmek boýunça meýilnamany durmuşa geçirmek arkaly saglygy goraýyş ulgamynyň taýýarlygyny güýçlendirmek; ýiti ýokanç keseliň pandemiýasyna garşy milli meýilnamany durmuşa geçirmek arkaly COVID-19-yň durmuş-ykdysady täsirlerini azaltmakda goldaw bermek; COVID-19-yň ýaýramagynyň öňüni almak üçin töwekgelçilik babatda aragatnaşygy we jemgyýetiň gatnaşygyny güýçlendirmek; we iň ejiz ilaty goramak degişli.
BMG-niň Türkmenistanda alyp barýan esasy orny “Ýiti ýokanç kesellere taýýarlyk görmek we olara garşy göreşmek boýunça milli meýilnamany” we “Ýiti ýokanç kesel pandemiýasyna tiz durmuş-ykdysady jogap beriş meýilnamasyny” işläp düzmek üçin Hökümete goldaw bermek babatda nygtaldy.
Ösüş boýunça hyzmatdaşlar, şol sanda Hytaýyň ilçihanasy, ÝHHG, ABŞ-nyň Halkara ösüş boýunça gullugy we Aziýanyň ösüş banky hem synag ulgamlaryny, enjamlaryny, materiallaryny we dermanlaryny ibermekde ýurda goldaw bermek boýunça maksatnamalary barada maglumat paýlaşdylar. Gatnaşanlar ýurtda iki sany Meýilnamany mundan beýläk durmuşa geçirmek üçin Hökümete goldaw bermekde yzygiderli gepleşikleri we hyzmatdaşlygy dowam etdirmek barada ylalaşdylar.
BMG-niň Ýurt boýunça topary milli we ösüş hyzmatdaşlary bilen 2020-nji ýylyň 4-nji sentýabrynda Ýiti ýokanç kesellere taýýarlyk görmek we olara garşy göreşmek boýunça milli meýilnama boýunça ýetilen sepgitler we 2020-nji ýylyň 26-njy awgustynda Ýiti ýokanç kesel pandemiýasyna tiz durmuş-ykdysady jogap beriş meýilnamasyna syn bermek üçin onlaýn gepleşikleri geçirdi.