Press reliz

COVID-19 pandemiýa garşy utgaşdyrylan tejribeleri, çäreleri we strategiýalary paýlaşmak maksady bilen geçirilen

12 oktýabr 2020

  • Merkezi Aziýa döwletleriň wideo konferensiýasy

2020-nji ýylyň sentýabr aýynda Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda wideo konferensiýasy geçirildi, ýurtlar öz tejribelerini paýlaşdylar we hususan-da täze COVID-19 barada giňişleýin pikir alyşyldy hem-de koronawirus bilen baglanyşykly täsirlere garşylyk bermegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşyldy. Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Betbagtçylyklaryň töwekgelçilikleri peseltmek boýunça bölüminiň Merkezi Aziýa inisiatiwasy möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin platforma hökmünde hyzmat etdi. Merkezi Aziýa döwletleriň wideo konferensiýasy, BMG-nyň Betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini peseltmek boýunça bölümi we Bütindünýä saglyk guramasynyň goldawy bilen Gazagystanda ýerleşýän Adatdan daşary ýagdaýlar we betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini peseltmek boýunça Sebit Merkezi bilen bilelikde gurnaldy.

Merkezi Aziýa döwletleriň wideo konferensiýasynyň gatnaşyjylary COVID-19 pandemiýa garşy utgaşdyrylan tejribeleri, kaskad täsirleriniň potensialyny we ikinji tolkunyny, hem-de netijeli dikeldiş we mümkinçilikleri artdyran çäreleri paýlaşdylar. Gatnaşyjylaryň pandemiýa täsirlerine garşy durnuklylygy ýokarlandyrmak üçin köptaraplaýyn çemeleşmeleri bellediler.

“Pandemiýa zamanynda, betbagtçylyklaryň netijeleri we täsirleri has agyr bolup biler, şonuň üçin ähli derejelerde we pudaklarda durnuklylygy ýokarlandyrmaly we töwekgelçilikleri we sosial-ykdysady faktorlary göz öňünde tutýan strategiýalary işläp düzmeli”- BMG-nyň Betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini peseltmek boýunça Ýewropa sebit bölüminiň başlygy jenap Oktawian Bivol belledi. “Häzirki wagtda bu pandemiýanyň soňuna çykmak döwletleriň we olaryň hyzmatdaşlarynyň arasyndaky ähmiýetli başlangyçdyr we bilelikde “Indi hiç haçan” diýip bilmek üçin şertler döredilmelidir”.

“Güýçli saglyk ulgamlary we mümkinçilikleri bolan ýurtlaryň hem COVID-19 pandemiýa garşy kynçylyklary bolandygy barada kesgitlendi. Häzirki wagtda, her döwlet saglyk ulgamlaryny pugtalandyrmaga, ilaty bilen aragatnaşyk saklamaga we pandemiýanyň sosial-ykdysady täsirinden gutulmaga gönükdirilendir”- Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebitiniň adatdan daşary ýagdaýlar bölüminiň başlygy Dr. Dorit Nitzan belledi. “Bu günki wideo konferensiýa, taýýarlygymyzy utgaşdyryp  güýçlendirmek üçin we biri -birimizden öwrenmek üçin mümkinçiligimizdir”.

Adatdan daşary ýagdaýlary dolandyrmak boýunça milli guramalar, Saglygy goraýyş ministrlikler, bellenen Sendaý jogapkärliler, halkara saglyk düzgünleriniň jogapkärlileri, adatdan daşary ýagdaýlara garşy işleýän we töwekgelçilikleri peseltmek  boýunça işleýän bölümler, Ýewropa Bileleşiginiň we BMG-nyň wekilleri wideo konferensiýa gatnaşdylar.

Merkezi Aziýa döwletleri pandemiýanyň kaskad täsirlerine has gowy taýýarlanmak we häzirki hem geljekdäki töwekgelçilikleri peseltmek üçin bilelikde işlemäge taýýardyklaryny mälim etdiler.

 Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Betbagtçylyklaryň töwekgelçilikleri peseltmek boýunça bölüminiň Merkezi Aziýa inisiatiwasy Sendai Çarçuwasynyň ileri tutulýan ugurlaryny durmuşa geçirmekde Merkezi Aziýa ýurtlaryna goldaw bermegini maksat edinýär. Merkezi Aziýa inisiatiwasy Gazagystanda ýerleşýän Adatdan daşary ýagdaýlar we betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini peseltmek boýunça Sebit Merkezini, betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini peseltmek boýunça platformasynyň sekretariaty we utgaşdyryş merkezi hökmünde tanatmagyna goşant goşýar.

Merkezi Aziýa inisiatiwasy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini peseltmek boýunça strategiýalaryny işläp düzmekde / öňe sürdürmekde, betbagtçylyklaryň ýitgileriniň maglumat bazasyny döretmekde we milli platformasyny döretmekde goldaw berýär.  Hem-de şäherleriň betbagtçylyklara garşy durnuklylygyna baha bermegine ýardam berýär. Ýewropa Bileleşigi tarapyndan Merkezi Aziýa inisiatiwasy üçin 3,750,000 ýewro maliýeleşdirildi.  

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

GAFSP
Global Agriculture and Food Security Program Fund
UNDRR
BMG-niň Betbatçylyklaryň howplulyklaryny azaltmak boýunça müdirligi
BSGG
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy

Bu başlangyja degişli beýleki edaralar

A
Across

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz