Şu ýyl, fewralda Halkara Migrasiýa guramasynyň Aşgabatdaky topary iki sany tejribeçini agza hökmünde kabul etdi we olar bu guramada tejribe toplap başladylar.
Läle Baýryýewa we Batyr Gurdow, esasan, BMG-niň Türkmenistandaky migrasiýa ulgamyna, Howpsuz, tertipli we yzygiderli migrasiýa boýunça global şertnama (GCM) we 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş boýunça Gün tertibine degişli işler bilen meşgullanarlar.
BMG-de tejribe geçmek bu gurama we onuň Türkmenistanyň Hökümeti bilen gatnaşygy, BMG-niň ýöriteleşdirilen guramalarynyň ygtyýarlyklary barada öwrenmek, BMG-niň içerki tertipleri we ýörelgeleri bilen tanyşmak, şol bir wagtyň özünde geljekki hünär üçin başarnyklary ösdürmek üçin mümkinçilikdir.
Häzirki wagtda öwrenijiler Global şertnama we Türkmenistanyň 2021-nji ýylyň 10-12-nji martynda onlaýn geçiriljek Global şertnamanyň öňegidişligi boýunça meýletin synyna gatnaşmagy bilen baglanyşykly çäreleri guramaga goşant goşýarlar.
Halkara Migrasiýa guramasynyň Aşgabat şäherindäki hünärmenleri Läle Baýryýewa we Batyr Gurdow üçin tejribeligiň peýdaly bolmagy we amaly endikleri öwrenmekleri üçin, şeýle hem Halkara Migrasiýa guramasynyň mandatlarynyň we migrasiýa boýunça Global şertnamanyň çägindäki hyzmatdaşlygyň Türkmenistana edip biljek peýdalary barada öwrenmekleri üçin işleýärler.