Press reliz

DIM BMG bilen Türkmenistanyň bilelikdäki taslamalary boýunça halkara jemgyýetçiligi üçin brifing geçirýär

04 aprel 2019

  • Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde BMG-niň Ösüş maksatnamasy, ÝUNISEF we ÝUNFPA bilen Türkmenistanyň Hökümetiniň arasynda durmuşa geçirilýän taslamalar üçin ýyllyk iş meýilnamalaryna gol çekilmegi mynasybetli habar beriş serişdeleri üçin brifing geçirildi.

Çärä Türkmenistanyň Mejlisinden, Türkmenistanyň Oba-hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginden, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetinden, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutyndan we Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginden milli hyzmatdaşlar, şeýle-de Türkmenistanda hasaba alnan diplomatik wekilýetler gatnaşdy.

BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysy, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Hemişelik wekiliniň w.ý.ý., ÝUNISEF-iň wekili we ÝUNFPA-nyň ýurt boýunça müdiri söz sözläp, gol çekilen ýyllyk iş meýilnamasynyň ýurdy ösdürmekde, Türkmenistanyň ösüş boýunça ileri tutulýan milli ugurlaryny durmuşa geçirmekde we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde möhümligi barada aýratyn belledi.

Bu taslamalaryň maksady adam hukuklaryny goramakdan we olary wagyz etmekden, çagalaryň ýokary hilli bilime we saglygy goraýşa bolan hukuklaryny durmuşa geçirmekden, gender deňligini üpjün etmekden we zenanlaryň hukuklarynyň peseldilmegini aradan aýyrmakdan, şeýle-de ýerli jemgyýetleriň howanyň üýtgemegine bolan durnuklylygyny we uýgunlaşdyryjy potensialyny güýçlendirmekden ybaratdy.

“Şu günki çäre BMG-niň ulgamynyň Türkmenistan bilen üstünlikli strategik hyzmatdaşlygy şöhlelendirýär. Men BMG-niň Ösüş maksatnamasy, ÝUNISEF we ÝUNFPA bilen gol çekilen ýyllyk işleriň meýilnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň Türkmenistan bilen Ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk boýunça 2016-2020-nji ýyllar üçin çarçuwaly konwensiýasynda bellenilen netijelere ýetmäge goşant goşjakdygyna berk ynanýaryn” diýip, Türkmenistanda BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysy hanym Ýelena Panowa belledi.

Ondan başga-da, ol gatnaşyjylara Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda Ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk boýunça çarçuwaly maksatnama graşsyz ýagdaýda baha beriş prosesi barada habar berdi. Bu prosesiň netijesinde Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk boýunça täze çarçuwalary maksatnamasy işlenilip düzüler.

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

UNDP
BMG-niň Ösüş maksatnamasy
UNFPA
BMG-niň Ilat gaznasy
UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz