Ýarym trillion dollarlyk maliýe boşlugyny ýeňip geçmek - deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin aragatnaşygy üpjün etmegiň esasydyr
Ýarym trillion dollarlyk maliýe boşlugyny ýeňip geçmek - deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin aragatnaşygy üpjün etmegiň esasydyr
COVID-19 pandemiýasy döwründe serhetleriň ýapylmagy, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň gowşak taraplarynyň ýüze çykmagyna sebäp boldy we diňe hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi, sanlaşdyrmagyň üpjün edilemgi we maýa goýumlarynyň ýokarlanmagy - geljekde krizislere garşy durnuklylygy ýokarlandyryp biler. Bu netijä, şu hepde Türkmenistanyň Awaza şäherinde iki günlük dowam eden - zerur bolan durnukly ulag infrastrukturasyny gurmaga päsgelçilik döredýän 500 milliard dollarlyk maliýe boşlugyny ýeňip geçmek üçin çözgütleri tapmaga gönükdürilen maslahata ýygnanan, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleri geldiler.
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş, maslahatyň açylyş dabarasynda COVID-19 barada şeýle diýdi:
Ykdysady ösüşde haýallyk, hökümetleriň uzak möhletleýin infrastruktura taslamalaryny maliýeleşdirmek ukybyny çäklendirdi. Biz ulag ulgamyny öňki gidişine gaýtarmak üçin bilelikde hereket etmelidiris."
Köplenç, beýleki döwletler bilen deňeşdirilende, ulag serişdelerine has köp bil baglaýan, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň tranzit torlary ýeterlik derejede ösmedik. Bu gapma-garşylyk olaryň ösüş babatyndaky meseleleriniň özenidir. Ösüp barýan kenarýaka ýurtlar bilen deňeşdirilende, bu döwletleriň çykdajylary 50% ýokarydyr, durnukly ulaga maýa goýmak üçin maliýe serişdelerini tapmak bolsa çylşyrymly meseledir.
Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary we Türkmenistanyň Daşary işler ministri jenap Raşid Meredow şeýle diýdi:
"Diňe ýurtlarymyzyň arasyndaky raýdaşlyk, özara düşünişmeklik we hyzmatdaşlyk arkaly biz Wenada kabul edilen Hereketler meýilnamasynyň we Durnukly ösüş maksatlarynyň ileri tutulýan ugurlaryna ýeter ýaly alyp barýan işlerimiziň öňki gidişini gaýtarmak üçin zerur bolan arabaglanyşygy ýola goýarys."
Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan 32 döwletde ýarym milliarddan gowrak adam ýaşaýar we COVID-19 pandemiýasy olaryň her birine agyr derejede we aýratyn häsiýetde täsir etdi. Halkara serhetler ýapylanda olaryň gurluş we geografiki taýdan gowşak taraplary ýüze çykdy. Şahsy gorag serişdeleri, şemalladyjylar we çäre görmek üçin beýleki gurallary import etmek gaty kyn boldy, çäre görmek işlerine bolsa päsgelçilik döretdi. Şeýlelik bilen eksport pese düşdi we girdejiniň düýpgöter azalmagyna sebäp boldy.
Howanyň üýtgemegi deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlere aýratyn täsir edýär: tebigy betbagtçylyklaryň köpelmegi, temperaturanyň ýokarlanmagy, ygalyň mukdarynyň üýtgemegi, buzluklaryň eremegi we çölleşme - bularyň hemmesi ulag infrastrukturasyna we hyzmatlaryna uly howp bolup durýar.
Türkmenistan hökümeti bilen bilelikde maslahaty guran, ösüşi pes bolan döwletleriň, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň we ösüp barýan kiçi ada döwletleriň meseleleri boýunça müdirliginiň ýokary derejeli wekili, hanym Rabab Fatima şeýle diýdi:
“Ýokary inflýasiýasy we üpjünçilik zynjyryda global derejede kynçylyklary bolan COVID ykdysadyýeti, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag pudagyna maýa goýmagyny hasam çylşyrymlaşdyrdy. Ýeke-täk çözgüt, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlerde durnukly ulag infrastrukturasy üçin maliýeleşdirmek we hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin täze, pugta we döredijilikli çemeleşmeleri oýlap tapmakdyr."
Maslahatda ministrler şeýle karara geldiler:
- Mümkinçilikleri giňeltmek, maglumatlary ulanmak, ýol howpsuzlygy, girdeji getirýän infrastruktura taslamalaryny işläp düzmek we ulag we tranzit ulgamlarynda maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalaryny has köp ulanmak boýunça giňişleýin hyzmatdaşlyk.
- Ösüp barýan döwletlerde, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlerde we tranzit döwletlerinde ulagyň durnukly bolmagyny üpjün etmek üçin fiziki infrastrukturany ösdürmegiň peýdasyna ulagyň durnukly bolmagy we pandemiýadan soňky dikeldiş işlerini geçirmek üçin halkara jemgyýetini öz serişdelerini ulanar ýaly maýa goýumlaryny we tehnologiýalary herekete getirmeklerine we mümkinçilikleri ýokarlandyrmaklaryna çagyrmak.
- Ähli çeşmelerden, esasanam ösüş boýunça hyzmatdaşlaryndan, halkara we sebitleýin maliýe guramalaryndan we hususy pudaklardan maýa goýumlary çekmek we deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag infrastrukturasyny maliýeleşdirmek.
- Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlerde we tranzit döwletlerde howa şerlereniň üýtgemegine çydamly infrastruktura maýa goýumlaryny, şeýle hem ulag ulgamlarynyň durnuklylygyny we çydamlylygyny ýokarlandyrmak üçin maýa goýumlaryny we hyzmatdaşlygy ýokarlandyrmaga çagyrmak.
“Aşgabat prosesi: ulag aragatnaşygyny gowulandyrmak üçin maliýeleşdirme” atly mowzugyň çäginde, ulag infrastrukturasynyň depginini tizleşdirmegiň usullaryny tapmak üçin deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlerde ulag ministrleri ýygnandy. Demir ýollaryň we asfaltlanan ýollaryň ortaça global dykyzlygyna ýetmek üçin 46,000 kilometrden gowrak demir ýollaryny we 200,000 kilometre golaý asfalt ýollaryny gurmalydyr.
Bu maslahat, 2024-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna taýýarlyk işleriniň bir bölegidir we onuň netijesi şol ýygnagyň tematiki taýýarlygyna goşant goşar.
Tamamlanýar.
Has giňişleýin maglumat üçin Jemgyýetçilik we aragatnaşyk işleri bölüminiň ýolbaşçysy Konor O’Loklin bilen habarlaşyň,
BMG-niň ösüşi pes bolan döwletleriň, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň we ösüp barýan kiçi ada döwletleriň meseleleri boýunça ýokary wekiliniň müdirligi conor.oloughlin@un.org
Redaktorlara bellikler:
- Wenada kabul edilen Hereketler meýilnamasy, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň anyk meseleleriniň çözgüdini tapmaga we alty sany ileri tutulýan ugurlar, ýagny, deňze çykmaga elýeterlilik; ulag babatynda pes çykdajylar; infrastrukturany ösdürmek we hyzmat etmek; kadalary we düzgünleri ýönekeýleşdirmek; maglumatlardan doly peýdalanmak; we global söwdany ýokarlandyrmak arkaly garyplygy ýok etmäge gönükdirilen global ylalaşygydyr.
- BMG-niň ösüşi pes bolan döwletleriň, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň we ösüp barýan kiçi ada döwletleriň meseleleri boýunça ýokary wekiliniň müdirligi Birleşen Milletler Guramasynyň ulgamynda gowşak döwletlere goldaw berýär. Oňa Baş sekretaryň orunbasary we ýokary wekil Rabab Fatima ýolbaşçylyk edýär.
BMG-niň ösüşi pes bolan döwletleriň, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň we ösüp barýan kiçi ada döwletleriň meseleleri boýunça ýokary wekiliniň müdirligi tarapyndan taýýarlandy