Press reliz

Dünýäniň iň baý ýurtlary çagalaryň okamak we matematika endikleri, akyl saglygy we semizligi bilen iş salyşýarlar

03 sentýabr 2020

  • Täze hasabat Niderlandlaryň, Daniýa we Norwegiýa Ýewropa bileleşiginiň we Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş boýunça guramanyň ýurtlarynyň arasynda çagalaryň abadançylygy boýunça iň gowulary hökmünde belleýär; we COVID-19 pandemiýasy zerarly çagalaryň abadançylygyna düýpli howplary görkezýär

FLORENSIÝA/NÝU ÝORK - UNICEF-iň “Innocenti” gözleg gullugy tarapyndan şu gün çap edilen soňky Hasabatyna görä, ýokary girdejili ýurtlarda öz janyna kast etmek, bagtsyzlyk, semizlik we pes durmuş we okuw başarnyklary çagalygyň adaty häsiýetli aýratynlyklara öwrüldi.

UNICEF-iň indi 20 ýylyň dowamynda alnyp barylýan Hasabatlar ýygyndysy çagalyk babatda Ýewropa bileleşiginiň we Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş boýunça guramanyň ýurtlaryna baha bermek üçin deňeşdirip boljak milli maglumatlary ulanýar. “Täsir dünýäsi: Baý ýurtlarda çagalaryň abadançylygyny kemala getirýän ýollara düşünmek” hasabaty COVID-19-dan öňki maglumatlary ulanýar we çagalaryň akyl we beden saglygyna, okuw we jemgyýetçilik başarnyklaryna laýyklykda jedweli öz içine alýar. Bu görkezijileriň esasynda, Gollandiýa, Daniýa we Norwegiýa baý ýurtlaryň arasynda çaga bolmak üçin ilkinji üç orunda durýar.

UNICEF-iň “Innocenti” gullugynyň müdiri Gunilla Olsson: “Dünýäniň hemmeler üçin gowy çagalygy üpjün etmek üçin zerur serişdeleri bolan iň baý ýurtlarynyň köpüsi çagalar babatda şowsuzlyga uçrady” – diýip nygtady. “Hökümetler pandemiýa bilen göreşmegiň bir bölegi hökmünde çagalaryň abadançylygyny goramak üçin tiz we aýgytly çäreleri görmese, çagalaryň garyplyk derejesiniň ýokarlanmagyna, akyl we beden saglygynyň ýaramazlaşmagyna we çagalaryň arasynda başarnyklaryň bölünmegine garaşyp bileris. Maşgalalara we çagalara COVID-19 bilen baglanyşykly goldaw ýeterlik däl. Häzirki wagtda çagalary howpsuz we bagtly çagalyk bilen üpjün etmek üçin köp zat edilmeli”.

Hasabatyň esasy netijeleri

Akyl saglygy: Ýurtlaryň köpüsinde çagalaryň bäşden dört böleginden azragy durmuşlaryndan kanagatlanýandyklaryny habar berýär. Durmuşdan kanagatlanmagyň iň pes 53 göterim derejesini Türkiýe, şondan soň Ýaponiýa we Beýik Britaniýa eýeleýär. Az goldaw berýän maşgalalary bolan we gorkuzylýan çagalaryň akyl saglygy ep-esli ýaramaz.

Litwada baý ýurtlarda 15-19 ýaş aralygyndaky ýetginjekleriň arasynda ölümiň esasy sebäbi bolan öz janyna kast etmegiň derejesi iň ýokary, şondan soň Täze Zelandiýa we Estoniýa gelýär.

Beden saglygy: Soňky ýyllarda çagalaryň arasynda semizlik we aşa semizlik ýokarlandy. Ähli ýurtlar boýunça 3 çagadan 1 töweregi semiz ýa-da aşa semiz, Günorta Ýewropada hem bu görkezijiler ep-esli ýokarlanýar. Baý ýurtlaryň dörtden bir böleginde çagalaryň ölüminiň derejesi her 1000-den 1 çagadan geçýär.

Başarnyklar: Ýewropa bileleşiginiň we Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş boýunça guramanyň ýurtlaryndaky çagalaryň ortaça 40 göterimi 15 ýaşa çenli okamak we matematika endiklerine eýe däl. Bolgariýada, Rumyniýada we Çilide çagalar bu hünärleri iň pes derejede bilýärler. Iň ökde – Estoniýa, Irlandiýa we Finlýandiýa bolup durýar. Ýurtlaryň köpüsinde 5 çagadan azyndan 1-i täze dost edinmek üçin durmuş başarnyklaryna ynamsyzlyk edýär. Çilide, Ýaponiýada we Islandiýada çagalaryň bu ugurda ynamy iň pes derejede.

Şeýle hem, hasabatda çagalaryň abadançylygynyň ýokarlanmagynyň anyk ugurlary barada maglumatlar bar. Orta hasap bilen, mekdebe çenli ýaşdaky çagalaryň 95 göterimi häzirki wagtda guramaçylykly okuw meýilnamalaryna ýazylýar we 37 ýurtdan 30-synda bilim, iş ýa-da okuw bilen meşgullanmaýan 15-19 ýaş aralygyndaky ýaşlaryň sany azaldy. Şeýle-de bolsa, bu möhüm öňegidişlikler COVID-19-yň täsiri zerarly yza gaýdyp gelmek howpy astyndadyr.

Şeýle hem, ýurtlar çagalaryň abadançylygyny goldaýan syýasatlaryna we ykdysadyýet, jemgyýet we daşky gurşaw ýaly beýleki faktorlara görä bahalandyrylýar. Norwegiýa, Islandiýa we Finlýandiýa çagalaryň abadançylygyny goldamak üçin iň ýokary derejeli syýasatlara we kontekste eýe. Orta hasap bilen, ýurtlar Jemi içerki önümiň 3 göteriminden azragyny maşgala we çaga syýasatlaryna sarp edýärler.

UNICEF-iň ýerine ýetiriji müdiriniň orunbasary Faýaz King: “Çökgünlik we asuda döwürde maşgalalara indiki nesliň bagtly we sagdyn raýatlaryny terbiýelemek üçin goldaw berýän hökümetler we iş ýerleri gerek” – diýip nygtady. “Çagalara maýa goýum geljegimize göni maýa goýumdyr.”

COVID-19 wirusy zerarly 2020-nji ýylyň birinji ýarymynda hasabatda görkezilen ýurtlaryň köpüsiniň mekdepleri 100 günden gowrak wagtlap ýapyk saklandy, şol bir wagtyň özünde-de öýde bolmak boýunça berk syýasatlar durmuşa geçirildi[1]. Hasabatda maşgala agzalarynyň we dostlarynyň ýitirilmegi, aladalanmak, öýde bolmak çäklendirmeleri, goldawyň bolmazlygy, mekdebiň ýapylmagy, iş we maşgala durmuşynyň deňagramlylygy, saglygy goraýyş hyzmatlarynyň elýeterliliginiň pes bolmagy, pandemiýa zerarly dörän ykdysady ýitgiler çagalaryň abadançylygy üçin zyýanly bolup, olaryň akyl we beden saglygyna we ösüşine täsir ýetirýär.

COVID-19-yň ýaýramazyndan ozal, 41 ýurtda çagalaryň ortaça garyplygy 20 göterime deň bolupdy. Hökümet gyssagly düzediş çäreleri görmese, çagalaryň garyplygy ýokarlanmasa, bu ýurtlaryň hemmesinde diýen ýaly iki ýyllyk döwürde jemi içerki önümiň pese gaçmagyna[2] we çaga garyplygynyň ýokarlanmagyna garaşylýar.

Olsson: “Pandemiýa zerarly ykdysady, bilim we durmuş taýdan pese gaçmalar dowam edýärkä, bilelikdäki tagallalar bolmazdan, häzirki çagalaryň, maşgalalarynyň we ýaşaýan jemgyýetleriniň abadançylygynyň ýaramazlaşmagy bolup geçer” – diýip nygtady. “Emma hökümetler çagalaryň abadançylygyny goramak üçin aýgytly çäreleri görse, bu töwekgelçilikler hakykata öwrülmez.”

Hasabatyň we soňky ösüşleriň esasynda, UNICEF çagalaryň abadançylygyny goramak we gowulandyrmak üçin aşakdaky ädimleri talap edýär:

  • Girdejileriň deňsizligini we garyplygy azaltmak we ähli çagalaryň zerur çeşmelerden peýdalanmagyny üpjün etmek üçin aýgytly çäreleri görmek.
  • Çagalar we ýetginjekler üçin akyl saglygy hyzmatlarynyň kemçiliklerini çalt düzetmek.
  • Iş bilen maşgala deňagramlylygyny gowulandyrmak, esasan hem çagalara ýokary hilli, çeýe we elýeterli irki idegini bermek babatda maşgala üçin amatly syýasatlary giňeltmek.
  • Çagalary öňüni alyp boljak kesellerden goramak, şol sanda gyzamyk immunizasiýasynyň soňky wagtda pese düşmegini dikeltmek babatda tagallalary güýçlendirmek.
  • Çagaly maşgalalary we çagalaryň abadançylygyny goldaýan býujetleriň tygşytlylyk çärelerinden doly goralmagyny üpjün edýän COVID-19 syýasatlaryny gowulandyrmak.

###

Redaktorlar üçin bellikler:

“Täsir dünýäsi” çagalaryň öz hereketlerine we gatnaşyklaryna, terbiýeçileri üçin elýeterli torlara we çeşmelere, şeýle hem milli syýasatlara we kontekstlere baha berýän abadançylyk barada has giňişleýin maglumat bermek üçin 11-nji (2013 ý.) we 7-nji (2007 ý.) Hasabatlarynda çagalaryň abadançylygynyň öňki görkezijilerine esaslanýar.

Hasabat mikro-sahypasyna baryp görüň we doly hasabaty göçürip alyň: http://www.unicef-irc.org/child-well-being-report-card-16

Waka syýasaty boýunça panel ara alyp maslahatlaşmasyna başlaň 

Metbugat toplumyny, multimediýa materiallaryny we sanly serişdeleri göçürip alyň

UNICEF-iň “Innocenti” gözleg gullugy barada

“Innocenti” gözleg gullugy UNICEF-iň ýörite gözleg merkezidir. UNICEF-iň we onuň hyzmatdaşlarynyň strategiki ugurlaryny, syýasatlaryny we maksatnamalaryny habar bermek, çagalaryň hukuklary we ösüşi boýunça global jedelleri çözmek we ähli çagalar, esasan hem iň ejizler üçin gözleg we syýasat meýilnamasyny habar bermek maksady bilen ýüze çykýan ýa-da häzirki meseleler boýunça gözleg geçirýär. www.unicef-irc.org girip görmegiňizi haýyş edýäris 

UNICEF-iň “Innocenti” gullugyny Twitter-de we Facebook-da yzarlaň.

UNICEF barada

UNICEF dünýäniň iň kyn ýerlerinde dünýäniň iň kyn çagalaryna ýetmek üçin işleýär. 190 ýurtda we sebitde her bir çaga üçin, hemme ýerde, hemmeler üçin has gowy dünýä gurmak üçin işleýäris. UNICEF we çagalar üçin alyp barýan işleri barada has giňişleýin maglumat üçin www.unicef.org girip görüň.

UNICEF-i on Twitter-de we Facebook-da yzarlaň.

Has giňişleýin maglumat üçin aşakdakylar bilen habarlaşyň:

Jorjina Tompson, UNICEF Nýu Ýork, Tel: +1-917-238-1559, gthompson@unicef.org

Deýl Ratşteýn, UNICEF Florensiýa, Tel: + 39-3357582585, drutstein@unicef.org

Katlin Salliwan, UNICEF “Innocenti”, Florensiýa, Tel: +39 055 2033 222, kcsullivan@unicef.org

Patrizia Faustini, UNICEF Florensiýa, Tel: +39-0552033253, pfaustini@unicef.org

[1] https://ourworldindata.org/policy-responses-covid

[2] http://www.oecd.org/economic-outlook/june-2020/

 

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz