Täze hasabatda howanyň hapalanmagyna sebäp bolýan esasy ýurtlaryň hem-de Ýewropada we Merkezi Aziýada beýleki ýurtlaryň howasynyň hapalanmagy ýokarlanýandygy barada aýdylýar
03 sentýabr 2021
- 2010-njy ýyldan bäri zyňyndylaryň mukdary Günbatar, Merkezi, Gündogar we Günorta-Gündogar Ýewropada azaldy
- Ýöne Balkanlarda we Merkezi Aziýada henizem bu ýagdaý üýtgemän galýar, howanyň hili bolsa sebit boýunça hapa bolup durýar, ýöne elýeter bahaly çözgütler bar
Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky Gurşaw Maksatnamasynyň (ÝUNEP) Şwesiýanyň Daşky gurşaw boýunça gözleg instituty bilen bilelikde çap eden täze hasabatynda, soňky ýyllarda howanyň hapalanmagyna garşy çäreler güýçlenip, Ýewropa ýurtlarynyň köpüsine peýdaly täsirini ýetirýändigi, ýöne Merkezi Aziýada we Balkan ýurtlarynda henizem howa hapa bolup galýandygy barada aýdylýar.
Gök asman üçin Halkara arassa howa gününiň (7-nji sentýabr) öňsyrasynda çykarylan “Ýewropada we Merkezi Aziýada howanyň hilini ýokarlandyrmak boýunça çäreler” atly hasabatda Ýewropada we Merkezi Aziýada howanyň hili pes bolmagyny dowam etdirýändigi we ähli sebitlerde ammiak zyňyndylary ýokarlandygy aýdylýar. Onda howanyň hapalanmagyna garşy görülýän çäreler entäk täsirli däldigi barada aýdylýar.
Ýewropanyň we Merkezi Aziýanyň ýigrimi dokuz ýurdy geçirilen çäreler we olaryň netijeleri boýunça soragnama gatnaşdylar, bularyň netijesi bolsa hasabata girizildi. Bu soragnama ÝUNEP we Şwesiýanyň daşky gurşaw gözleg instituty tarapyndan geçirildi.
Howanyň hapalanmagy her ýyl öýkeniň düwnük keseli, ýiti dem alyş ýokançlyklary we ýürek keselleri sebäpli ýedi million töweregi adamlaryň wagtyndan öň ölümine sebäp bolýan esasy faktordyr. Howanyň hapalanmagynyň we ýyladyşhana gazlarynyň esasy çeşmeleri köplenç birmeňzeşdir. Şonuň üçin howanyň hilini ýokarlandyrmak üçin edilýän çäreleriň köpüsi howanyň üýtgemegine garşy göreşmäge ýardam edýär.
Hereketler gümürtikligi aýdyň görkezmäge ýardam edip biler
Ylmy gözlegleriň netijesine görä, 2010-2017-nji ýyllar aralygynda Günbatar, Merkezi, Gündogar we Günorta-Gündogar Ýewropada howany hapalaýan zyňyndylar azaldy.
Mysal üçin, Günbatar we Merkezi Ýewropada howanyň hapalanmagynyň esasy çeşmesi bolan elektroenergiýany, ýylylygy we senagy obýektlary öndürmek zerarly ýüze çykýan zyňyndylar käbir ýurtlarda 20%-e çenli azaldy. Munuň sebäbi gaýtadan dikeldilýän energiýanyň has köp sarp edilmegi, energiýa netijeliliginiň ýokarlanmagy we daşky gurşawa bolan täsiri bahalandyrma bilen baglanyşyklydyr.
Günbatar we Merkezi Ýewropada ýol ulaglarynyň zyňyndylarynyň şol döwürde 20-30% azalandygy, bu bolsa ulag serişdelerini netijeli barlamak we elektrik hereketini ýokarlandyrmak bilen baglanyşyklydyr. Bu aralykda, ulag serişdelerine degişlilikde berk ülňüler Günorta-Gündogar Ýewropada ulag serişdeleriniň zyňyndylarynyň 40% azalmagyna sebäp boldy.
Günbatar we Merkezi Ýewropada energiýa netijeliligine we ýaşyl tehnologiýalara has köp üns berilmegi sebäpli ýaşaýyş jaýlaryny ýylatmak bilen baglanyşykly zyňyndylar takmynan 15% azaldy. 2016-njy ýylda 32 ýurt bilen deňeşdirilende, häzirki wagtda Ýewropanyň otuz sekiz ýurdy galyndylary açyk ýakmagy gadagan edýärler.
Şeýle hereketler adamlaryň saglygyna peýdalydygyny görkezýär. Mysal üçin, 2018-nji ýylda Ýewropa Bileleşiginde ownuk bölejikleriň (bölejikler hökmünde bölünip çykýar ýa-da atmosferada gaz hapalaýjy maddalardan emele gelýär, PM2.5) zyýanly täsiri sebäpli 417,000 töweregi adam wagtyndan öň aradan çykdy, bu zyýanly bölejikler howanyň beýleki hapalaýjylary bilen deňeşdirilende, köp adamlara zyýanly täsirni ýetirýär.
Şeýle-de bolsa, hasabatda barlag geçirilýän ähli ýurtlarda ýerleşýän stansiýalaryň 70% -inde PM2.5 derejesiniň Bütindünýä Saglygy Goraýayş Guramasynyň çäginden has ýokarydygy barada aýdylýar. Mundan başga-da, Ýewropanyň köp böleginden tapawutlylykda Merkezi Aziýa ýurtlarynda zyňyndylaryň köpelýändigi aýdylýar. Mysal üçin, Gazagystanda 2010-njy we 2017-nji ýyllar aralygynda PM2.5 zyňyndylary 21% ýokarlandy, şol bir wagtyň özünde ýurtda oksid uglerodyň zyňyndylary 34% ýokarlandy, ýol hereketiniň zyňyndylary bolsa, 20% ýokarlandy.
Bu aralykda, 2010-2017-nji ýyllar aralygynda Ýewropada we Merkezi Aziýada ammiak zyňyndylary köpeldi we iň uly ösüş Günorta-Gündogar Ýewropada hasaba alyndy. Ekerançylyk işleri zerarly ammiak emele gelenden soňra, amiagyň köp bölegi PM2.5 öwrülýär we dem alyş kesellerine sebäp bolup bilýär. Hasabata görä, ýurtlaryň 75% -i oba hojalygynyň durnukly usullary ulanmaklaryna garamazdan zyňyndylaryň derejesi ýokarlanýar.
“Biz entek hem adam saglygy üçin amatly howadan dem almaýarys we howanyň hapalanmagy sebäpli aradan çykýan adamlaryň sanyny we ykdysady ýitgileri hasaplaýarys. Şeýle-de bolsa, bu hasabatda uly özgerişliklere nähili ýetip boljakdygy görkezilýär. Biziň COVID-19-dan soň dikelýändigimizi göz öňüne tutmak bilen, howa babatynda COP26 gepleşikler arzan bahaly çözgütlerden peýdalanmaga teklip edýär"- diýip BMG-niň Daşky Gurşaw Maksatnamasynyň Ýewropadaky edarasynyň direktory Bruno Potsi aýdty.
“Ýewropa Bileleşiginden başga ýurtlaryň daşky gurşaw taýdan yza galmagy uly mesele bolup durýar. Mundan başga-da, howanyň hili gowlanan hem bolsa, bu ýurtlar zyňyndylary azaltmak boýunça yzda galýarlar”, - diýip hasabatyň egindeş awtory Stefan Astrom we Şwesiýanyň Daşky gurşaw gözleg institutynyň uly ylmy işgäri aýtdylar.
Howanyň ýaramaz ýagdaýy häzirem üýtgemän galýar
Günbatar Balkan ýurtlarynda howanyň hapalanmagy bilen baglanyşykly mesele ýaýbaňlaşýar, bu ýerde adamlaryň 60% -den gowragy kömür we odun ýaly gaty ýangyçlary öýlerini ýylatmak üçin ulanýarlar. Netijede, gyş aýlarynda Belgrad, Saraýewo, Skopýe we Sofiýa ýaly şäherler dünýäde howasy iň hapalanan şäherleriň içine girýär. Orta hasap boýunça, sebitde şäher ilaty howanyň hapalanmagy sebäpli 13 -16 aýa çenli ömründen mahrum bolýarlar.
Şol bir wagtda, ýakynda geçirilen barlaglara görä, Günbatar Balkan ýurtlarynda 16 kömür elektrik stansiýalary saglygy goraýyş ulgamlaryna we ykdysadyýete her ýylda 6.1 milliarddan 11,5 milliard ýewro çenli çykdajy zyýan edýändigini görkezdi.
Muňa garamazdan, bu meseleleriň çözgütlerini tapmak üçin ýerli we milli derejede işlenilýär. Bosniýa we Gersegowinadaky Saraýewo Kanton öýlerde, kärhanalarda we hökümet binalarynda kömüriň ulanylmagyny bes etmegi göz öňünde tutýan 2021-2030-njy ýyllar üçin dekarbonizasiýa strategiýasyny işläp düzdi.
Kömüriň ýakylmagy we pes hilli ýangyjyň ulanylmagy sebäpli Merkezi Aziýanyň birnäçe şäheri gyş wagtynda dünýäde iň hapa şäherleriň sanyna girýär. Käbir şäherlerde halkyň bu mesele boýunça habardarlygy ýokarlanýar. Mysal üçin, Almaty şäherinde raýatlaryň ýolbaşçylygyndaky ulgam şäheriň töwereginde howanyň hiline gözegçilik edýän serişdeleri ornaşdyrdylar, howanyň hili barada maglumatlar programma arkaly şol bir wagtyň özünde elýeterli bolýar. Howanyň hili baradaky maglumatlar şäheriň hemme ýerinde ekranlarda hem görkezilýär.
Garyplykda ýaşaýan raýatlar henizem hapa howadan dem alýarlar
Howanyň hiliniň pesligi jemi içerki önümiň pesligi (JIÖ) bilen baglanyşyklydyr. Mysal üçin, Bosniýa, Gersegowina we Demirgazyk Makedoniýada adam başyna düşýän jemi içerki önüm Ýewropanyň ortaça derejesiniň ýarysyndanam pesdir, şol bir wagtyň özünde iki ýurtda hem PM2.5 zyňyndylarynyň ortaça ýyllyk aramlyk derejesi 150% bolýar.
Muňa garamazdan, Gündogar Ýewropada howanyň hiline baha beriş infrastrukturasy häzirki wagtda Merkezi we Günbatar Ýewropadaky infrastruktura bilen deňeşdirilýär. Şeýle-de, Merkezi Aziýada bu mesele boýunça öňegidişlikler gazanyldy.
Üýtgeşiklikler bolarmy?
Ýazyjylaryň pikiriçe, howanyň hapalanmagy bilen baglanyşykly zyýan, adatça gözegçilik etmek üçin edilýän çärelerden has gymmat düşýär. Hasabatda az çykdajy edip, uly girdeji gazanyp boljak amatly çözgütler barada aýdylýar. Mysal üçin, ýaşaýyş jaýlaryny ýylatmak ulgamyny gowulaşdyrmak - zyňyndylary we harçlary azaltmaga ýardam edip biler. Soragnama gatnaşan ýurtlaryň 70% -iniň 2016-njy ýylda bolşy ýaly, nahar bişirmek we ýylatmak üçin arassa energiýany öňe sürýän milli maksatnamalary bar. Galyndylary ýakmaga gadagan edýän köp kadalaryň girizilmegi hem tizleşdirilip bilner. Şol bir wagtyň özünde, hasabatda ähli ýurtlaryň fermalarda ammiak zyňyndylaryny azaltmalydygy nygtalýar, bu bolsa döküni ýapyk üçekli saklamak we energiýa ulanmak üçin metany tutmak arkaly amala aşyrylyp bilner.
Hasabat 7-nji sentýabrda bellenilýän we arassa howanyň saglyk üçin ahmiýetine, ykdysadyýete we daşky gurşawa, şeýle hem meseleleriň çözgüdini tapmaga gönükdirilen Gök asman üçin halkara arassa howa gününiň öňsyrasynda çykaryldy. Bu barlagyň netijeleri ÝUNEP tarapyndan bu güni bellemek üçin neşir ediljek howanyň hili baradaky global hasabata goşular.
Redaktorlara bellikler
BMG-niň Daşky gurşaw maksatnamasy barada
BMG-niň Daşky gurşaw maksatnamasy daşky gurşaw boýunça öňdebaryjy guramadyr. Ol ýolbaşçylygy üpjün edýär we ýurtlara hem-de halklara geljekki nesilleriň durmuşyna zyýan bermezden durmuş derejesini ýokarlandyrmak üçin ylham bermek, habar bermek we mümkinçilik bermek arkaly daşky gurşawa ideg etmekde hyzmatdaşlygy höweslendirýär.
Şwesiýanyň daşky gurşaw gözleg instituty hakynda
Şwesiýanyň daşky gurşaw gözleg instituty, döwlet we işewür toparlary tarapyndan bilelikde döredilen garaşsyz, girdeji gazanmaýan daşky gurşaw gözleg institutydyr. 1966-njy ýyldan başlap, institut milli we halkara derejesinde daşky gurşaw meseleleriniň çözgüdini tapmak üçin amaly gözleg işleri geçirýär. Olar daşky gurşawyň hemme ýerinde gözleg işlerini geçirýärler.
Gök asman üçin Halkara arassa howa güni hakynda
Her ýyl, 7-nji sentýabrda, dünýäde gök asman üçin arassa howa güni bellenilýär. Bu günüň maksady howanyň hilini gowulandyrmak boýunça habarlylygy ýokarlandyrmak we çäreleri görmäge ýardam etmekdir. Bu işleri alyp barmak üçin täze usullary tapmak, biziň sebäp bolýan howanyň hapalanmagynyň mukdaryny azaltmak we her bir adamyň, hemme ýerde arassa howadan dem almak hukugyndan peýdalanmagyny üpjün etmek üçin global çagyryşdyr. Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw maksatnamasynyň (ÝUNEP) goldawy bilen ikinji ýyl geçirilýän Gök asmanlar üçin halkara arassa howa gününiň mowzugy - howanyň hapalanmagyny diňe bir adamyň saglygyna däl, eýsem planetanyň saglygyna hem baglanyşdyrýan “Sagdyn howa, sagdyn planeta”. Bu, esasanam, pandemiýanyň zyýanly täsirlerinden soň has möhüm boldy, sebäbi biz öz tagallalarymyzy COVID-19-dan soň dikeldişe gönükdürdik.
Has giňişleýin maglumat üçin habarlaşmagyňyzy haýyş edýäris:
Alehandro Laguna, ÝUNEP-iň Ýewropadaky ofisiniň maglumat hünärmeni, +41766910848, laguna(@)un.org
Mark Grassi, ÝUNEP-iň Ýewropadaky ofisiniň maglumat kömekçisi, mark.grassi(@)un.org