Türkmenistan ýurduň ikinji Meýletin milli synyna taýýarlyk görýär
13 fewral 2023
- 2023-nji ýylyň 13-15-nji fewral aralygynda BMG-niň Türkmenistanda Hemişelik Utgaşdyryjysynyň wekilhanasynyň we BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň “Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek üçin platforma, 2-nji tapgyr” taslamasynyň goldawy bilen bilermen derejesinde, Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek boýunça Milli iş toparynyň ýygnaklary geçirildi.
Duşuşyklara pudaklaýyn ministrliklerden milli hyzmatdaşlar, şeýle hem BMG-niň düzümleýin edaralary gatnaşdy. Duşuşyklaryň esasy maksady, şu ýylyň iýul aýynda ECOSOC-yň howandarlygynda geçiriljek Durnukly ösüş boýunça ýokary derejeli syýasy forumda hödürlenmegi meýilleşdirilýän Türkmenistanyň Meýletin milli synynyň (MMS) hasabatynyň taýýarlanyşyny ara alyp maslahatlaşmak boldy.
Ozal habar berlişi ýaly, Milli Iş topary MMS-nyň hasabatyna, ýokary derejeli syýasy forumynyň üns merkezinde bolan Durnukly ösüşiň 6, 7, 9, 11 we 13-nji maksadyndan başga-da, Durnukly ösüşiň 1, 2, 3, 4, 5 we 13-nji maksadyny girizmek kararyna geldi.
Duşuşygyň gatnaşyjylary MMS-yň hasabatynyň taslamasyny gözden geçirdiler we 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş ugrunda Gün tertibini durmuşa geçirmek ugrunda ýurduň gazanan üstünliklerini görkezmek üçin zerur maglumatlary we seljeriş materiallaryny ýygnamak bilen baglanyşykly meseleler boýunça pikir alyşdylar. Gatnaşyjylar, DÖM-na ýetmek ugrunda gyzyklanýan taraplaryň gatnaşmagyny, maglumatlary täzelemegi, şeýle hem ýurduň durnukly ösüşi üçin ileri tutulýan ugurlary, amala aşyrmaly işleri we indiki ädimleri hem ara alyp maslahatlaşdylar