Press reliz

COP26 maslahatynyň öňsyrasynda howa babatynda täzelenen borçnamalar umydymyzy ödemeýär, ýöne “nol” görkezijileri gazanmak baradaky wadalar umyt döredýär

26 October 2021

  • ÝUNEP-yň zyňyndylaryň üzňeligi baradaky soňky hasabaty Milli derejede kesgitlenen täze we täzelenen goşantlar 2030-njy ýyla çenli çak edilýän zyňyndylaryň diňe 7,5% peseler diýip görkezýär, ýöne Pariž ylalaşygynyň maksadyna ýetmek üçin ýylylygy 1.5°C saklmak üçin zyňyndylaryň 55% peselmegi zerurdyr.
  • 2030-njy ýylda howa babatynda soňky wadalara laýyklykda, şu asyrda azyndan howanyň ýylylygy 2,7°C ýokarlanmagy garaşylýar.
  • “Nol” görkezijileri gazanmak baradaky borçnamalar, berk ýerine ýetirilen bolsady we 2030-njy ýyla çenli olary ýerine ýetirmek baradaky wadalar “nol” görkezijileri gazanmak baradaky borçnamalaryna laýyk gelýän bolsady, ýylylygy ýene 0,5°C peseldip bilerdi.

BMG-niň Daşky gurşaw maksatnamasynyň (ÝUNEP) “2021-nji ýylda zyňyndylaryň üzňeligi baradaky hasabaty: ýylylyk dowam edýär” atly soňky hasabatyna görä, howa babatynda täze we täzelenen borçnamalar Pariž ylalaşygynyň maksatlaryna ýetmek üçin zerur bolan şertleri döredip bilmän, şu asyrda dünýä derejede ýylylygyň azyndan 2,7°C ýokarlanmagyna ýol açar.

12 ýyl bäri neşir edilip gelinýän hasabatda ýurtlaryň täzelenen Milli derejede kesgitlenen goşantlary (MDKG) we 2030-njy ýyla çenli kabul edilen, emma täzelenen MDKG-da hödürlenmedik beýleki borçnamalar öňki borçnamalar bilen deňeşdirilende, 2030-njy ýyla çenli ýyladyşhana gazlarynyň ýylda diňe 7,5 % peselýändigini görkezýär. Çykdajyny az etmek üçin ýylylygyň 2°C ýokarlanan ýagdaýynda zyňyndylaryň 30% peselmegi we ýylylygyň 1,5°C ýokarlanan ýagdaýynda zyňyndylaryň 55% peselmegi zerurdyr.

Glazgoda geçiriljek BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky maslahatynyň (COP26), howanyň üýtgemegi baradaky soňky gepleşikleriniň öňsyrasynda çykarylan hasabatyň ýazyjylarynyň aýtmagyna görä, “nol” görkezijileri gazanmak babatyndaky wadalar uly ähmiýete eýedir. Bu wadalar doly ýerine ýetirilen ýagdaýynda, bu borçnamalar, çak edilişi ýaly, bütin dünýäde ýylylygyň 2,2°C ýokarlanmagyna sebäp bolup biler, bu bolsa geljekde amala aşyryljak işleriň howanyň üýtgemeginiň betbagtçylykly täsirleriniň öňüni alyp biljekdigine umyt döredýär. Şeýle-de bolsa, “nol” görkezijileri gazanmak boýunça wadalar henizem düşnüksiz, köp halatlarda doly däl we 2030-njy ýyla çenli MDKG-nyň köpüsi bilen laýyk gelmeýär.

“Howanyň üýtgemegi indi geljegiň meselesi däl. Bu häzirki wagtyň meselesi” - diýip, ÝUNEP-iň ýerine ýetiriji direktory Inger Andersen aýtdy. “Global ýylylygy 1,5°C saklamak üçin biziň sekiz ýylymyz bar, bu ýyllaryň içinde biz ýyladyşhana gazlarynyň zyňyndylaryny takmynan iki esse azaltmalydyrys: meýilnamalary düzmelidiris, syýasaty durmuşa geçirmelidiris we ahyrky netijede zyňyndylary azaltmalydyrys. Wagt gidip dur.”

2021-nji ýylyň 30-njy sentýabryna çenli dünýä ýüzi boýunça ýyladyşhana gazlarynyň ýarysyndan gowragynyň emele gelmegine sebäp bolýan 120 ýurt täze ýa-da täzelenen MDKG-lar barada habar berdiler. Mundan başga-da, ýigrimi uly ýurtlaryň (G20) üçüsi howanyň ýaramaz täsirlerini gowşatmak üçin 2030-njy ýyla çenli täze wadalary berdiler.

Global ýylylygy 1,5°C saklamak üçin ýene sekiz ýyl bar. Onuň üçin täzelenen MDKG-da we 2030 ýyla çenli durmuşa geçiriljekdigi barada berlen wadalardan başga, dünýäde ýyllyk zyňyndylary 28 gigaton CO2 (GtCO2e) çenli peseltmek zerurdyr. Bu mukdary deňeşdirmek üçin diňe 2021-nji ýylda kömürturşy gazynyň zyňyndylarynyň 33 gigatona ýetmegine garaşylýar. Beýleki ýyladyşhana gazlarynyň hemmesi göz öňünde tutulanda, ýyllyk zyňyndylar 60 GtCO2 ýakyndyr. Şeýlelik bilen, maksatlaýyn görkezijini gazanmak we 1,5°C ýylylygy saklamak üçin ýyladyşhana gazlarynyň zyňyndylaryny takmynan iki esse azaltmagymyz zerurdyr. 2°C ýylylygy saklamak üçin goşmaça talap pesdir: 2030-njy ýyla çenli ýyllyk zyňyndylary 13GtCO2 çenli peseltmek gerekdir.

Ýetip gelýän COP26 maslahatynyň prezidenti Alok Şarmanyň aýtmagyna görä, hasabatda näme üçin ýurtlaryň COP26 maslahatynda howa babatynda ägirt uly hereketlerini görkezmelidigini belläp geçdi:

“Hasabatyň görkezişi ýaly, ýurtlar 2030-njy ýyla çenli MDKG-ny we sentýabr aýynyň ahyrynda yglan edilen “nol” zyňyndylara ýetmek boýunça borçnamalaryny ýerine ýetirseler, dünýä derejede ýylylygyň ortaça 2°C-dan ýokary bolmagyna golaý bolarys. Goşmaça derňew işleri Pariž şäherinde kabul edilen borçnamalar doly derejede ýerine ýetirilen ýagdaýynda, ýylylygyň ýokaranmagy 4°C-dan aşakda boljakdygyny görkezýär. "Şonuň üçin öňegidişlik bar, ýöne ýeterlik däl. Şol sebäpden, bu möhüm onýyllykda biz 1.5°C ýylylygy saklamak islesek, 2030-njy ýyla çenli zyňyndylaryň köp emele gelmegine sebäp bolýan iň uly ýigrimi ýurtlaryň kabul eden borçnamalaryny doly derejede ýerine ýetirmegi möhümdir.

Zyňyndylaryň “nol” görkezijilerini gazanmak

Ýazyjylaryň pikiriçe, zyňyndylaryň “nol” görkezijilerini gazanmak boýunça wadalar we olaryň netijeli ýerine ýetirilmegi uly üýtgeşiklik döredip biler, ýöne häzirki meýilnamalar düşnüksiz we MDKG-da görkezilmeýär. Jemi 49 ýurt we Ýewropa Bileleşigi zyňyndylaryň “nol” görkezijilerini gazanmagy maksat edindiler. Bu bolsa, dünýä derejsinde ýyladyşhana gazlarynyň ýarysyndan gowragyny, jemi içerki önümiň ýarysyndan gowragyny we dünýä ilatynyň üçden bir bölegini öz içine alýar. Dünýä ýüzi boýunça zyňyndylaryň 12%-ini öz içine alýan 11 sany maksatlaýyn görkezijiler kanun boýunça ýola goýuldy.

Zyňyndylaryň “nol” görkezijilerini ygtybarly we doly ýerine ýetirilen halatynda, dünýä ýüzi boýunça ýylylygyň goşmaça 0,5°C peselmegine garaşyp bolar, bu bolsa ýylylygyň ýokarlanmagynyň 2,2°C çenli peselmegine sebäp bolup biler. Şeýle-de bolsa, milli howa meýilnamalarynyň köpüsi 2030-njy ýyla çenli ýerine ýetirilmeli hereketleri soňa goýýarlar, bu bolsa, zyňyndylaryň “nol” görkezijilerini gazanmak boýunça wadalaryň ýerine ýetirilip bilinjekdigine şübhe döredýär. G20-iň 12 sany agzasy zyňyndylaryň “nol” görkezijilerini gazanmak boýunça wada berdiler, emma henizem ýerine ýetirmeýärler. 2030-njy ýyla çenli ýerine ýetirilmeli meýilnamalara laýyk gelýän hereketlere aýratyn üns bermelidir.

"Dünýäde miilletler we ýurtlar biziň urug hökmünde hökmünde ýüzbe-ýüz gelýän howpumyza düşünmelidir. Ýurtlaryň täze borçnamalaryny ýerine ýetirmek üçin strategiýany işläp düzmegi we birnäçe aýyň içinde durmuşa geçmegi zerurdyr. Olar zyňyndylaryň “nol” görkezijilerini gazanmak üçin anyk borçnamalaryny işläp düzmelidirler we bu borçnamalaryň MDKG-a girizmegini we zerur bolan çäreleriň görülmegini üpjün etmelidirler. Soňra olary giň gerimli meýilnamalaryny goldaýan strategiýany işläp düzmegi we täzeden gyssagly ýagdaýda olary durmuşa geçirip başlamagy zerurdyr. Ösýän ýurtlara howanyň üýtgemeginiň täsirlerine uýgunlaşyp we ýyladyşhana gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak ugrunda has köp işleri amala aşyryp bilmegi üçin maliýe we tehnologiki goldawyny bermek hem möhümdir,"- diýip Andersen aýtdy.

Metanyň mümkinçilikleri we bazar mehanizmleri

Her ýyl emele gelýän zyňyndylaryň tapawudy baradaky hasabatda belli bir pudaklaryň mümkinçiliklerine syn berilýär. Bu ýyl ol metana we bazar mehanizmlerine ünsi jemledi. Gazylyp alynýan ýangyjy çykarmak, galyndylary gaýtadan ulanmak we oba hojalygy ýaly pudaklarda metanyň zyňyndylarynyň azalmagy zyňyndylar üzňeligini peseltmäge we gysga möhletde ýylylygy peseltmäge ýardam edip biler.

Metanyň zyňyndylary dünýä derejesinde ýylylyga goşant goşýan 2-nji sebäpdir. 20 ýylyň içinde gazyň dünýä derejesinde ýylylygyň beterleşmegine goşan goşandy kömürturşy gaz bilen deňeşdirilende, 80 esse ýokarydyr, şeýle hem onuň atmosferada kömürturşy gaz bilen deňeşdirilende has gysga ömri bar - bary-ýogy on iki ýyl, CO2 bolsa ýüzlerçe ýyllap dowam edýän ömri bar. Şol sebäpli, metanyň zyňyndylaryny peseltme - kömürturşy gazynyň zyňyndylaryny peseltme bilen deňeşdirilende, ýylylygyň ýokarlanmagyny has täsirli peselder.

Diňe elýeterli ýa-da arzan bahaly tehniki çäreler, antropogen metanyň zyňyndylaryny ýylda 20% azaldyp biler. Giňişleýin düzümleýin we özüni alyp baryş çäreler bilen bir hatarda, ähli elýeter çäreleriň durmuşa geçirilmegi antropogen metanyň zyňyndylaryny takmynan 45 göterim azaldyp biler.

Şol bir wagtyň özünde, uglerod bazarlary çykdajylary azaldyp biler we anyk kesgitlenen düzgünleriň ýerine ýetirilen ýagdaýynda - meýilnamalar zyňyndylaryň peselmegini görkezýän we bu meýilnamalaryň durmuşa geçirilişine gözegçilik edýän mehanizmler tarapyndan goldanýan ýagdaýynda, zyňyndylary peseltmek barada möhüm borçnamalaryň kabul edilmegine goşant goşup biler.  

Bu bazarlaryň üsti bilen gazanylan girdejilerden içerde we howanyň üýtgemeginiň agyr şertleri bilen ýüzbe-ýüz gelýän gowşak ýurtlarda howanyň ýaramaz täsirlerini peseltmek we uýgunlaşmak üçin alnyp barylýan çäreleri maliýeleşdirmek üçin peýdalanyp bolar.

COVID-19 pandemiýasyndan soň dikelmek üçin mümkinçilikler köp derejede goýberildi

Netijede, hasabatyň ýazyjylarynyň aýtmagyna görä, ýurtlaryň köpüsinde COVID-19 bilen baglanyşykly halas ediş we ykdysady dikeldiş, şeýle hem howa şertleriniň üýtgemegine garşy göreşmek ugrunda çäreleri geçirmek üçin maliýe serişdelerinden peýdalanmak mümkinçiligi goýberildi.

2020-nji ýylda COVID-19 pandemiýasy dünýä derejsinde CO2 zyňyndylarynyň 5,4% azalmagyna sebäp boldy. Şeýle-de bolsa, 2021-nji ýylda CO2 zyňyndylaryň we beýleki çeşmeleriň zyňyndylarynyň ýene-de ýokarlanmagyna garaşylýar, bu bolsa, 2019-njy ýylda emele gelen zyňyndylardan biraz pesdir.

2021-nji ýylyň maý aýyna çenli umumy dikeldiş çäreleri üçin maýa goýumlarynyň diňe 20%-i ýyladyşhana gazlarynyň zyňyndylaryny azaldyp biler. Bu çykdajylaryň takmynan 90%-i alty sany G20 ýurtlaryň agzasy we hemişelik bir myhmany tarapyndan hasaba alynýar.

Girdejisi pes bolan ýurtlarda ykdysadyýeti ösen ýurtlar bilen deňeşdirilende (adam başyna 11,800 ABŞ dollary) COVID-19 pandemiýasyna garşy göreşmek üçin çykdajylar (adam başyna 60 ABŞ dollary) has pes boldy. Maliýe serişdeleriniň çaprazlygy gowşak ýurtlarda howanyň üýtgemegine garşy durnuklylygy gazanmak we onuň ýaramaz täsirlerini azaltmak boýunça geçirilýän çäreleriň çaprazlygyny hasam güýçlendirer.

Redaktorlara bellikler

BMG-niň Daşky gurşaw maksatnamasy barada (ÝUNEP)

ÝUNEP daşky gurşaw boýunça öňdebaryjy guramadyr. Ýolbaşçy hökmünde ol ylham bermek, habar bermek, şeýle hem milletlere we halklara geljekki nesilleriň durmuşyna zyýan bermezden durmuş derejesini ýokarlandyrmaga mümkinçilik bermek arkaly daşky gurşawy goramakda hyzmatdaşlygy öňe sürýär.

Has giňişleýin maglumat üçin habarlaşmagyňyzy haýyş edýäris:

Keýşa Rukikaýre, ÝUNEP-iň habarlar we metbugat bölüminiň başlygy +254 722 677747.

COP26 maslahatynyň öňsyrasynda howa babatynda täzelenen borçnamalar umydymyzy ödemeýär, ýöne “nol” görkezijileri gazanmak baradaky wadalar umyt döredýär

Mahri Eyeberdiyeva

Mähri Eýeberdiýewa

RCO
Jemgyýetçilik we aragatnaşyk işleri boýunça hünärmen

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

UNEP
BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy