Press reliz

BMG we Türkmenistanyň Hökümeti milli statistiki mümkinçilikleri ýokarlandyrmak we DÖM-i durmuşa geçirmek barada hasabat bermek boýunça hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar

17 sentýabr 2021

  • BMG we Türkmenistanyň Hökümeti maglumatlaryň elýeterliligi we milli durnukly ösüş maksatlarynyň (DÖM) durmuşa geçirilmegi, global pandemiýa garşy durmuş-ykdysadyçäreleriň Meýilnamasy we 2021-2025-nji ýyllar üçin Durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlygyň çarçuwaly maksatnamasy barada hasabat bermek üçin onlaýn maslahat geçirdi.

Mundan başga-da, gatnaşyjylar Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň arasynda statistiki mümkinçilikleri ýokarlandyrmak, şol sanda BMG-niň Yewropa boýunça ykdysady komissiýasynyň ýolbaşçylygyndaky bilermenler toparynyň tehniki goldawy bilen milli statistika ulgamyna global baha berişi ýola goýmak babatynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek barada pikir alyşdylar.

Şeýle hem duşuşygyň dowamynda gatnaşyjylar 2021-nji ýylyň oktýabr aýynda DÖM-e orta möhletleýin milli synyň başlanmagyny we iki çäräniň utgaşdyryş mehanizmine we möhletlerine aýratyn üns berip, 2022-nji ýylda 2-nji Meýletin milli synyň taýýarlanylmagynyara alyp maslahatlaşdylar.

"Biz Durnukly ösüş ugrunda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibini durmuşa geçirmekde, hususan-da Hökümet bilen bilelikdäki maksatnamalarymyzy has gowy meýilleşdirmek üçin statistika we maglumatlaryň elýeterliligi ugrunda TürkmenistanyňHökümeti bilen hyzmatdaşlygymyzy pugtalandyrmagy dowam etdirýäris" – diýip, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy jenap Dmitriý Şlapaçenko belledi.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary jenap Wepa Hajyýew bilelikdäki alnyp barylýan işiň möhümdigini belläp, bu ugurda hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge we ösdürmäge taýýardygyny aýtdy.

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

APDIM – UN ESCAP
Asian and Pacific Centre for the Development of Disaster Information Management
IOM
Halkara migrasiýa guramasy
UNDP
BMG-niň Ösüş maksatnamasy
UNECE
BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy
UNFPA
BMG-niň Ilat gaznasy
UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy
UNODC
BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk baradaky müdirligi
BSGG
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz