Press reliz

BMG-niň Durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlygyň çarçuwaly maksatnamasy boýunça bilelikdäki netijeler toparlary 2021-nji ýylda gazanylan üstünlikleri ara alyp maslahatlaşýarlar

30 noýabr 2021

  • BMG-sy Türkmenistanyň Hökümeti bilen bilelikde 2021-2025-nji ýyllar üçin Durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlygyňçarçuwaly maksatnamasynyň durmuşa geçirilişiniň ilkinji ýylynda gazanylan üstünliklerine syn bermek üçin gurnalanbirnäçe ýygnaklaryny tamamlady.

Duşuşyklar 2021-nji ýylyň 24-30-njy noýabry aralygynda BMG-niň we Hökümetiň bilelikdäki netijeler boýunça bäş topary boýunça geçirildi:

  • NT 1. Adamlaryň bähbidine gönükdirilen dolandyryş we kanunyň hökmürowanlygy
  • NT 2. Durnukly ykdysady diwersifikasiýa, bäsdeşlige ukyply hususy we maliýe pudaklary, söwdany we maýa goýumlaryny ösdürmek
  • NT 3. Betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak we durnuklylygyýokarlandyrmak
  • NT 4. Ýokary hilli, öz içine alyjy, elýeterli saglygy goraýyş hyzmatlary
  • NT 5. Ýokary hilli, öz içine alyjy, elýeterli bilim ulgamlary

Durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlygyň çarçuwaly maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine jogapkärçilik çekýän BMG-niň düzümleýin edaralarynyň we ministrlikleriň wekillerinden ybarat bolan bilelikdäki netijeler toparynyň agzalary2021-nji ýylda Bilelikdäki hereketler meýilnamalaryny durmuşa geçirmekde gazanylan üstünlikler barada hasabat berdiler. Bilelikdäki hereketler meýilnamalaryny durmuşa geçirmekde ýüze çykan kynçylyklar we geljekde üns berilmeli meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşyklarda bilelikdäki netijeler toparlary BMG-niň Ýurt boýunça topary tarapyndan taýýarlanan Türkmenistanyň umumy ýurt boýunça derňewiniň esasy netijeleri bilen tanyşdylar. Derňew, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrundaky öňegidişlige we ykdysady, durmuş, daşky gurşaw taýdan ösüşe, şeýle hem hiç kimi yzda galdyrmazlyk ýörelgesine päsgel berip biljek töwekgelçiliklere baha berdi.

Hyzmatdaşlygyň çarçuwaly maksatnamasynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek meselesinde bu ýygnaklarda netijelerboýunça käbir görkezijileriň kesgitlenmeginiň, anyklanmagynyň we ölçeg usulyýetleriniň has takyklaşdyrylmalydygy ýüze çykaryldy.

Netijeler boýunça toparlar 2021-nji ýylyň Bilelikdäki hereketler meýilnamalary boýunça hasabaty işläp gutarmak we 2022-nji ýyl üçin Bilelikdäki hereketler meýilnamalaryny işläp düzmek barada ylalaşyga geldiler.

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

FAO
BMG-niň azyk we oba hojalyk guramasy
ILO
Halkara zähmet guramasy
IOM
Halkara migrasiýa guramasy
ITC
Halkara söwda merkezi
OHCHR
BMG-niň adam hukuklary boýunça Ýokary Komissarynyň müdirligi
UN ESCAP
BMG-niň Aziýa we Ýuwaş umman üçin ykdysady we sosial komissiýasy
UN-Habitat
BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasy
UNDP
BMG-niň Ösüş maksatnamasy
UNDRR
BMG-niň Betbatçylyklaryň howplulyklaryny azaltmak boýunça müdirligi
UNDSS
BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň howpsuzlyk we goraglylyk bölümi
UNECE
BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy
UNEP
BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy
UNESCO
BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen guramasy
UNFPA
BMG-niň Ilat gaznasy
UNHCR
BMG-niň Bosgunlar baradaky ýokary komissary
UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy
UNIDO
BMG-niň Senagat ösüşi boýunça guramasy
UNODC
BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk baradaky müdirligi
BSGG
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz