Press reliz

BMG we Türkmenistanyň hökümeti BMG-niň Durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlygyň çarçuwaly maksatnamasyny durmuşa geçirmek üçin 2022-nji ýylda bilelikde amala aşyrylmaly işler barada ylalaşyga gelýärler

08 aprel 2022

  • BMG Türkmenistanyň Hökümeti bilen bilelikde 2021-nji ýylda bilelikde amala aşyrylan işleriň netijelerini gözden geçirmek we 2021-2025-nji ýyllar üçin Durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlygyň çarçuwaly maksatnamasynyň çäginde 2022-nji ýylda bilelikde alyp barmaly işler barada ylalaşyga gelmek üçin ýygnak geçirdiler.

Duşuşyklar 2022-nji ýylyň 4-8-nji aprel aralygynda, BMG-niň we Hökümetiň Netijeler boýunça bäş Toparynyň (NT) çäginde geçirildi:

NT 1. Adamlaryň bähbidine gönükdirilen dolandyryş we kanunyň hökmürowanlygy

NT 2. Durnukly ykdysady diwersifikasiýa, bäsdeşlige ukyply hususy we maliýe pudaklary, söwdany we maýa goýumlaryny ösdürmek

NT 3. Betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak we durnuklylygy ýokarlandyrmak

NT 4. Ýokary hilli, öz içine alyjy, elýeterli saglygy goraýyş hyzmatlary

NT 5. Ýokary hilli, öz içine alyjy, elýeterli bilim ulgamlary

BMG-niň düzümleýin edaralaryndan we Maksatnamanyň durmuşa geçirilmegine jogapkar bolan ministrlikleriň wekillerinden ybarat bolan her bir Bilelikdäki netijeler toparynyň agzalary 2021-nji ýylda Bilelikdäki hereketler meýilnamalaryny (BHM) durmuşa geçirmek ugrunda gazanylan üstünlikler barada hasabat berdiler, şeýle hem 2022-nji ýylda amala aşyrmaly Bilelikdäki hereketler meýilnamalaryna syn berdiler we ylalaşyga geldiler.

2021 ýyldaky BMH-niň netijeleri boýunça görkezijileriniň gysgaça seljermesi meýilleşdirilýän çäreleriň köpüsiniň, esasanam kanunçylygy ösdürmek we kämilleşdirmek, şeýle hem howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak we onuň täsirini azaltmak, saglyk, bilim we beýleki ugurlarda milli mümkinçilikleri artdyrmak bilen baglanyşykly işleriň üstünlikli amala aşyrylýandygyny görkezdi.

Şeýle-de, gatnaşyjylar 2021-nji ýylda BHM-ni maliýeleşdirmek boýunça ABŞ-nyň 23 million dollaryndan gowrak möçberinde ýyllyk maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegini, hem-de 2022-nji ýyl üçin BMG-niň ähli düzümleýin edaralarynyň býudjetlerini ara alyp maslahatlaşdylar. Mundan başga-da, gatnaşyjylar 2022-nji ýylda BMG-niň BHM-ni durmuşa geçirmek üçin Ýol kartasynyň taslamasyny gözden geçirdiler.

BMG-niň BHM-niň Netijeler boýunça Toparlarynyň agzalary Hyzmatdaşlyk ugrunda çarçuwaly maksatnamasynyň durmuşa geçirilişiniň gidişi barada maglumat alyş-çalşygyny dowam etdirmek, resminamalaryň taslamalary boýunça öz tekliplerini we teswirlerini bermek, hem-de ýakyn wagtda BMG-niň BHM-niň Dolandyryş Komitetinde bilelikde alyp barýan işleri barada hasabat bermek boýunça ylalaşyga geldiler.

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

FAO
BMG-niň azyk we oba hojalyk guramasy
IOM
Halkara migrasiýa guramasy
OHCHR
BMG-niň adam hukuklary boýunça Ýokary Komissarynyň müdirligi
UNDP
BMG-niň Ösüş maksatnamasy
UNDSS
BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň howpsuzlyk we goraglylyk bölümi
UNFPA
BMG-niň Ilat gaznasy
UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy
UNODC
BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk baradaky müdirligi
UNOPS
BMG-niň Taslamalara hyzmat etmek müdirligi
BSGG
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz