Press reliz

“Adam hukuklary we Durnukly ösüş maksatlary babatynda Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin geňeşleri: Merkezi Aziýa ýurtlarynda DÖM-ny durmuşa geçirmek boýunça mehanizmlere adam hukuklary baradaky teklipleriň ornaşdyrylmagy”

25 April 2022

  • Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary boýunça Ýokary Komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýaüçin sebitleýin bölümi we Stambulda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň sebitleýin edarasy tarapyndan guralan “Adam hukuklary we Durnukly ösüş maksatlary: Merkezi Aziýa ýurtlarynda DÖM-ny durmuşa geçirmek boýunça mehanizmlere adam hukuklary baradaky teklipleriň ornaşdyrylmagy” atly sebitleýin geňeşler 25-26-njy aprelde Aşgabat şäherinde BMG-niň binasynda geçirildi.

Bu çärä Türkmenistanyň adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy baradaky halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara komissiýanyň iş toparynyň we Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlaryny (DÖM) durmuşa geçirmek boýunça iş toparynyň agzalary gatnaşdylar, hem-deGazagystanda, Gyrgyzystanda, Täjigistanda we Özbegistanda hyzmatdaşlary bilen telekonferensiýa görnüşinde öňdebaryjy tejribelerini alyş-çalyş etdiler. Bu çärä gözegçilik etmek we hasabat bermek, DÖM we adam hukuklary boýunça maglumatlary ýygnamak we derňemek üçin jogapkär milli edaralara wekilçilik edýän, Merkezi Aziýanyň bäş ýurtlaryndan dürli döwlet edaralarynyň we raýat jemgyýetiniň 70-den gowrak wekili gatnaşdy. Mundan başga-da, çärede BMGÖM-niň, BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary Komissarlygynyň we Daniýanyň Adam hukuklary institutynyň halkara adam hukuklary ugrunda hünärmenleri gatnaşdylar.

Bu çäräniň maksady, Merkezi Aziýadan gelen gatnaşyjylaryň hemmesi üçin adam hukuklary boýunça teklipleriň DÖM-y bilen arasyndaky baglaşygyny üpjün etmek, şeýle hem DÖM-ny durmuşa geçirmek we onuň netijelerine gözegçilik etmek boýunça alnyp barylýan milli proseslerde bu tekliplerden peýdalanar ýaly tejribeleri paýlaşmak üçin meýdança döretmek boldy. Durnukly ösüş maksatlary (DÖM) we 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibi, adam hukuklaryna esaslanýandygy sebäpli ösüş ugrunda özgertmeleri durmuşa geçirmäge ýardam edýär. DÖM-niň we meseleleriň 90%-den gowragy adam hukuklary baradaky borçnamalara laýyk gelýär.

Halkara bilermeni Tomas Baranowas Merkezi Aziýa ýurtlarynda DÖM boýunça meýilnamalaşdyryş we hasabat beriş amallaryna adam hukuklaryny ornaşdyrmak üçin derňew geçirdi we bu derňewi çäräniň gatnaşyjylaryna ýurt toparlarynda has giňişleýin ara alyp maslahatlaşmak üçin hödürledi. Jenap Baranowas indiki ädimiň - bu iki prosesiň özara bähbidi esasynda has ýakyn gatnaşykdygyny belläp geçdi. 2021-2025-nji ýyllar üçin Türkmenistanda adam hukuklary boýunça Milli hereketler meýilnamasyna Durnukly ösüş maksatlary barada aýratyn bölümiň goşulmagy munuň aýdyň mysalydyr.

Şeýle-de, gatnaşyjylar ýurtlara adam hukuklary bilen Durnukly ösüş maksatnamalarynyň (DÖM) arasyndaky baglanyşygy ýola goýmaga we adam hukuklary boýunça halkara gözegçilik guramalarynyň tekliplerini tiz wagtda öwrenmäge mümkinçilik berýän BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary Komissarlygynyň we Daniýanyň Adam hukuklary institutynyň onlaýn gurallary bilen tanyşdyryldy. Duşuşygyň gatnaşyjylary adam hukuklaryny Merkezi Aziýa ýurtlarynda DÖM-niň milli mehanizmlerine ornaşdyrmak boýunça işleýän degişli edaralara "nou-hau" (nähili amala aşyrmalydygyny bilmek) çemeleşmäni hödürlemek we mümkinçilikleri artdyrmak bilen bu platforma arkaly sebitleýin derejede alyş-çalyşy dowam etdirmäge gyzyklanma bildirdiler.

“Adam hukuklary we Durnukly ösüş maksatlary babatynda Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin geňeşleri: Merkezi Aziýa ýurtlarynda DÖM-ny durmuşa geçirmek boýunça mehanizmlere adam hukuklary baradaky teklipleriň ornaşdyrylmagy”

Ýelena Butova

OHCHR
Maksatnama boýunça hünärmen

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

OHCHR
BMG-niň adam hukuklary boýunça Ýokary Komissarynyň müdirligi
UNDP
BMG-niň Ösüş maksatnamasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz