Tegelek stol Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynda geçirildi we oňa institutyň işgärleri, BMG-niň düzümleýin edaralarynyň ýolbaşçylary we türkmen ýaşlary 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş ugrunda Gün tertibiniň durmuşa geçirilişini gözden geçirmek üçin gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynyň Halkara gatnaşyklar we diplomatiýa kafedrasynyň mugallymy Akmuhammet Jumagulyýewiň ýolbaşçylygyndaky geçirilen tegelek stola BMG-niň düzümleýin edaralarynyň ýolbaşçylary, şol sanda Türkmenistanda BSGG-niň wekili jenap Ýegor Zaýtsew, ÝUNFPA-niň Türkmenistandaky ýurt boýunça wekilhanasynyň başlygy hanym Aýna Seýitliýewa, BMGÖM-niň Türkmenistandaky Hemişelik wekiliniň orunbasary jenap Tomika Paowiç, ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekiliniň orunbasary jenap Aleksandru Nartea, UNRCCA-iň başlygynyň orunbasary jenap Filip Saprykin, Türkmenistandaky HMG-niň ýurt boýunça bölüminiň başlygy Timur Dosmammedow we UNODC-niň Türkmenistanda ýurt boýunça bölüminiň maksatnamalar hünärmeni jenap Rustam Babaýew gatnaşdylar we ýurtda durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilmegi üçin möhüm bolan ähli ugurlarda gazanylan üstünlikler barada aýtdylar. Mundan başga-da, tegelek stoluň gatnaşyjylary, diňe bilelikdäki tagallalary tizleşdirmek arkaly 2030-njy ýyla çenli DÖM-na ýetip boljakdygyny bellediler.
BMG-niň wekilleri, şol sanda BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary Komissarynyň Merkezi Aziýa üçin sebitleýin bölüminiň maksatnamalar hünärmeni hanym Ýelena Butowa, BMGÖM-niň maksatnamalar bölüminiň başlygy jenap Röwşen Nurmuhammedow we ÝUNISEF-iň maksatnamalar hünärmeni jenap Nazar Mammadow hem institutyň Strategiki gözleg merkezinde DÖM-niň türkmen diplomatiýasynyň esasy ugurlary - energetika, suw baýlyklary we ekologiýa bilen aragatnaşygy barada çykyş etdiler.
Çäräniň ahyrynda BMG-niň Türkmenistandaky düzümleýin edaralarynyň wekilleri Türkmenistanyň Hökümetine ýurtda milli ösüşiň ileri tutulýan ugurlaryna we DÖM-na ýetmekde mundan beýläk-de goldaw bermäge taýýardyklaryny tassykladylar.
Giňişleýin maglumat üçin:
Çary Nurmuhammedow
BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy
BMG-niň utgaşdyryş işleri boýunça hünärmen
chary.nurmuhammedov@un.org