Press reliz

BMG-niň hasabatynda Durnukly Ösüş Maksatlary Demirgazyk we Merkezi Aziýany dikeldiş işlerinde ugrukdyryp biljekdigi barada aýdylýar

16 mart 2021

  • Almaty (ESCAP habarlary) - Aziýa-Ýuwaş umman sebiti hemme ýerde ösüşiň depginini tizleşdirmeli we 2030-njy ýyla çenli maksatlaryna ýetmek üçin Durnukly Ösüş Maksatlary boýunça yza gaýdyş tendensiýalaryny gyssagly ýagdaýda üýtgetmeli, diýip şu gün BMG-niň Aziýa we Ýuwaş umman sebiti üçin ykdysady we durmuş komiteti tarapyndan çykarylan hasabatda aýdylýar.

Aziýa we Ýuwaş umman sebitinde DÖM-na ýetmek boýunça öňegidişlik baradaky hasabatynyň 2021-nji ýyldaky neşiri global pandemiýadan ozal hem sebitiň 2020-nji ýyldaky goýan maksatlaryna ýetip bilmeýändigini görkezýär. Soňky on ýylda, Aziýa we Ýuwaş umman sebiti saglygy goraýyş ulgamynda, şeýle hem abadançylyk ugrunda adatdan daşary ösüş gazandy (3-nji maksat), bu bolsa bu sebitleriň ilatynyň saglygyna COVID-19 pandemiýasynyň ýetirýän täsirini azaltmak boýunça gazanylan üstünlikleriň aýdyň subutnamasydyr. Şeýle-de bolsa, gazanylan üstünliklere garamazdan sebitde ýeterlik saglygy goraýyş işgärleri bilen üpjün etmek, wagtyndan öň ölümi azaltmak we akyl saglygyny gowulaşdyrmak ýaly ugurlarda köp meseleler ýüze çykýar.

Birnäçe maksatlara ýetmek ugrunda gowy öňegidişlik gazanylan hem bolsa, Demirgazyk we Merkezi Aziýa ýurtlary negatiw tendensiýalaryň ýetirýän zyýanly täsirlerini peseltmek boýunça amala aşyrýan tagallalaryny iki esse pugtalandyrmaly. Sebitara derejede azyk howpsuzlygynyň bölekleýin we agyr görnüşde pese düşmegi umumy ilatyň takmynan 17 göterimini düzýär we soňky ýyllarda has hem ýokarlanýar. Demirgazyk we Merkezi Aziýa bilim, işde erkekleriň we aýallaryň deň gatnaşmagy we zähmet hukuklarynyň berjaý edilmegi ýaly ugurlarda deňsizlik boýunça görkezijileriniň häzirki tendensiýalaryny hem üýtgetmeli.

Hasabatdaky howsalaly gözegçiligiň biri howa şertleriniň üýtgemegine garşy göreşmek (13-nji maksat) we suwuň aşagyndaky ýaşaýyş (14-nji maksat) boýunça yza gaýdýan tendensiýalardyr. Aziýa-Ýuwaş umman sebiti dünýä ýüzi boýunça ýyladyşhana gazlarynyň ýarysyndan gowragyny öndürýär, şeýle hem tebigy betbagtçylyklaryň adamlara we ykdysadyýete ýetirýän ýaramaz täsirleri ýylsaýyn ýokarlanýar. Bu pandemiýadan çykalga tapmak bilen bir hatarda, hasabatda has adalatly we ýaşyl ykdysady ösüşi üpjün etmek üçin tagallalary birleşdirmegiň möhümdigi görkezilýär.

"Dikeldiş çäreleri biz üçin ösüşi gazanmak ugrundaky usullara täzeden garap, olaryň içinden inklýuziw we has durnukly ösüşi üpjün edýän ýollary saýlamak, şeýle hem planetanyň mümkinçilikleriniň çäklidigini göz öňünde tutmak  üçin ajaýyp mümkinçilikdir, " diýip Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary we ESCAP-yň ýerine ýetiriji sekretary hanym Armida Salsiýa Alişahbana belläp geçdi. "Durnukly ösüş üçin 2030-njy ýyla çenli meýilnamany durmuşa geçirmek üçin Hereketleriň onýyllygyna girenimizde, biz DÖM-na ýetmek üçin köpçülikleýin ygrarlylygymyzy berkitmelidiris we bilelikde has gowy we ýaşyl dünýäni gazanmak üçin dikeldiş işlerimizde ony kompas hökmünde ulanmalydyrys."

Hasabatda maglumat ýygnamak işlerine, esasanam gowşak toparlardan, hökmany çäklendirişiň we sosial araçäkleriniň edýän täsiri görkezilýär. Netijeli dikeldiş üçin 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibine laýyklykda, bu dikeldiş global özgerişleri durmuşa geçirmekde alnyp barylýan işleri çaltlaşdyryp biler ýaly, hökümetleriň DÖM-leriň gözegçilik ulgamynyň çäginde borçnamalaryny gaýtadan ykrar etmegi gerek.

Indiki hereketleri amala aşyrmak ugrunda döwletleri goldamak baradaky borçnamasynyň bir bölegi hökmünde, şeýle hem DÖM-na ýetmek ugrunda Milli derejede gazanylan öňegidişliklere garamak üçin ESCAP hasabatda görkezilen ösüş boýunça bahalandyrmany köpeltmek isleýän ýurtlar üçin “DÖM-nyň durmuşa geçirilmegine Milli derejede gözegçilik etmek üçin gural” döretdi. Hökümetler bu guraly 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibiniň çäginde goýulan maksatlary gazanmak ugrunda öňegidişlik barada maglumatlary almak üçin ulanyp bilerler.

 

Aziýa we Ýuwaş umman sebitinde DÖM-na ýetmek boýunça öňegidişlik baradaky hasabaty şu ýerden ýükläp bilersiňiz: https://www.unescap.org/sites/default/d8files/knowledge-products/ESCAP_….

Mediýa boýunça soraglar üçin habarlaşmagyňyzy haýyş edýäris:

Hanym Keýti Elles, Daşarky gatnaşyklar bölüminiň hünärmeni

Aragatnaşyk we wagyz ediş bölümi, ESCAP

escap-scas@un.org

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

UN ESCAP
BMG-niň Aziýa we Ýuwaş umman üçin ykdysady we sosial komissiýasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz