Pandemiýa sezewar bolan ýurtlar netijeli dikeldiş üçin Durnukly ösüş maksatlaryna umyt edýär
01 iýul 2021
-
Sagdyn, has deň we dowamly geljegi kesgitlemek üçin öz wagtynda, aýgytly hereket. COVID-19 çökgünligi sebäpli dörän kynçylyklardan el çekip, ýurtlar pandemiýa we onuň täsirlerini ýeňip geçmek üçin iň täsirli syýasatlary tapmaga çalyşýarlar, şol bir wagtyň özünde Durnukly ösüş maksatlaryny has öz içine alyjy, çydamly we sagdyn jemgyýetleri gurmak üçin ýol görkeziji hökmünde öňe sürýärler.
Olar 6-15-nji iýul aralygynda Durnukly ösüş boýunça ýokary derejeli syýasy forumda sapaklaryny, üstünliklerini, kemçiliklerini we meýilnamalaryny paýlaşarlar.
BMG-niň Ykdysady we durmuş geňeşiniň Prezidenti Munir Akram: “Durnukly ösüş boýunça ýokary derejeli syýasy forum çökgünlige nähili garşy durmalydygyna we bizi has gowy durmuşy gurmak ýoluna gaýtaryp bilýän durnukly we öz içine alyjy dikeldişe ünsi çeker” – diýip belledi. Ol: “Ýurtlar pandemiýany ýeňip geçmek, onuň täsiri sebäpli ýüze çykan meseleleri çözmek we has gowulanmak üçin alyp barýan işleri barada pikir alyşarlar. Esasy mesele, olaryň Durnukly ösüş maksatlaryny COVID-19-a garşy göreşmek ugrunda meýilnama hökmünde ulanýandyklary we nädip ulanýandyklary barada bolar” – diýip nygtady.
Şu ýyl 43 ýurt, pandemiýanyň täsirine garamazdan, 12-nji iýuldan başlap 15-nji iýula çenli dowam etjek adamlaryň planetar çäklerinde ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak üçin alyp barýan işlerine Meýletin milli synlaryny hödürlär. 2016-njy ýylda Forum başlaly bäri şu güne çenli 168 ýurt Durnukly ösüş maksatlary boýunça öňegidişlikleri hödürledi.
BMG-niň Ykdysady we durmuş geňeşi tarapyndan geçirilen bu forum diňe bir şol döwürde Durnukly ösüş maksatlary öňe sürmek boýunça ýurtlaryň öňegidişligine baha bermek bilen çäklenmän, Durnukly ösüş maksatlara has köp täsir edip biljek has köp ünsi we syýasaty talap edýän ugurlary hem kesgitleýär. Hökümetlerden başlap kärhanalara we raýat jemgyýeti guramalaryna çenli 1000-den gowrak gatnaşyjy şu wagta çenli COVID-19 dikeldişini öňe sürmek bilen Durnukly ösüş maksatlaryň durmuşa geçirilişini nädip amala aşyrmalydygyny öwrenmek üçin foruma ýygnanar.
Şahsy we wirtual duşuşyklary öz içine aljak forumyň temasy COVID-19 pandemiýasyndan soň durnukly we çydamly dikeldiş. Dokuz sany Durnukly ösüş maksady - 1, 2, 3, 8, 10, 12, 13, 16, 17-nji maksatlar - sentýabr aýynda geçiriljek Azyk ulgamlary sammitine, noýabr aýynda BMG-niň howa boýunça maslahatyna we beýleki ýokary derejeli çärelere esas bolup, gepleşikleriň üns merkezinde bolar.
Durnukly ösüş maksatlarynyň alty ýyl ozal kabul edileli bäri öňegidişligi haýal. Barha artýan deňsizlikler, açlyk, howanyň üýtgemegi, bilime elýeterliligiň bolmazlygy, işsizligiň ýokarlanmagy we aşa garyplyk COVID-19 ýüze çykmazdan ozal hem ýaýrapdy. Pandemiýa käbir Durnukly ösüş maksatlardaky köp ýyllap dowam edip durna ösüşe päsgelçilik berdi, gurluşdaky näsazlyklary görkezdi we ýurtlary ykdysady özgertmeler, sanly üýtgeşmeler, sanjymlaryň deňligi we howanyň täsiri bilen merkezleşdirilen we dikeldiş ýoluny kesgitlemäge iterdi.
2021-nji ýylyň Meýletin milli synlarynyň beýany
Howa babatynda hereket
Antigua we Barbuda Karib tebigy baýlyklar instituty (CANARI) bilen hyzmatdaşlykda raýat jemgyýetiniň howanyň maliýeleşdirilmegine elýeterliligini gowulandyrmak üçin 1,3 million dollarlyk taslamany durmuşa geçirýär. Norwegiýa üçin howanyň üýtgemegine garşy göreş çäreleri milli syýasatlara we strategiýalara girizildi. Deslapky sanlar Norwegiýada 2020-nji ýylda ýyladyşhana gazlarynyň umumy zyňyndylarynyň 50 million tonna CO2 ekwiwalentidigini görkezýär. Bu 1993-nji ýyldan bäri iň pes dereje, 2007-nji ýyldaky iň ýokary derejeden 12 göterim pes we 1990-njy ýyldan bäri 1,5 million tonna azaldy.
Ykdysady özgertme
Pandemiýa garşy göreşmek bilen Angola makroykdysady durnuklaşdyrmaga, hususylaşdyrmaga we nebite garaşlylygyndan uzaklaşdyrmaga gönükdirilen esasy ykdysady özgertmelere ünsi jemledi. Öz gezeginde, Hytaý 2021-nji ýylda has güýçli hususy sarp ediş we maýa goýumlary sebäpli, şeýle-de sanjymlaryň çaltlaşmagy we eksport bilen birlikde dünýädäki hususy ösüşiň üçden bir bölegini emele getirer.
Hiç kimi yzda galdyrmazlyk
Köp ýurtlar üçin durnuklaşdyrmak adam kapitalyna, durmuş goragy ulgamlaryna we iň ejiz ilata kömek etmek üçin zähmet bazaryny gowulandyrmaga maýa goýmagy aňladýar.
Müsür oba ýerlerinde millionlarça garyplaryň durmuşyny gowulandyrmak üçin “Edepli durmuş” başlangyjyny ýola goýdy, Daniýa çagalyk döwrinde deň mümkinçilikler üçin has gowy şertleri üpjün etmegi maksat edinýän “Ilkinji çagalar” taslamasyny ýola goýdy.
Namibiýa bar bolan durmuş goragy maksatnamalaryny güýçlendirmek üçin 2021-nji ýylda Durmuş gorag syýasatyny kabul etdi we Kipr 2020-nji ýylda 2,6 milliard ýewro ýa-da jemi içerki önümiň 12,5 göterimini düzýän işgärler, özbaşdak işleýänler, ejiz toparlar we kärhanalar üçin goldaw bukjasyny kabul etdi.
Durnukly ösüş maksatlaryny tizlendirme hereketleri
Durnukly ösüş maksatlaryny tizlendirme hereketleri hökümetleriň we döwlete dahylsyz guramalaryň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek we Durnukly ösüş üçin onýyllygy goldamak baradaky başlangyçlary 2020-nji ýylda 147-ä deň bolan bolsa, şu gün 300-den hem geçdi. Käbir çäreler “Boşluklary aradan aýyrmak - Meksikada zenanlar üçin durmuş goragy işini amala aşyrmak” taslamasynyň başlamagyny, Katardaky kiçi we orta kärhanalaryň sanly görnüşini üýtgetmegi we Polşada maýyplygy bolan adamlar üçin adalat ulgamyna has aňsat girmegi öz içine alýar.
2021-nji ýyl üçin Durnukly ösüş maksatlarynyň hasabatynyň başlamagy
Ýyllyk Durnukly ösüş maksatlarynyň hasabaty şu güne çenli Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek boýunça dünýädäki tagallalaryna syn berýär, ösüşiň ugurlaryny we hiç kimiň yzda galmazlygy üçin has köp çäre görülmeli ugurlary görkezýär. 2021-nji ýyl üçin Durnukly ösüş maksatlarynyň hasabaty 6-njy iýulda işe giriziler.
Beýleki aýratyn wakalar:
300-den gowrak goşmaça çärelerden başga-da, Durnukly ösüş maksatlary boýunça öwrenmek, Okuw we tejribe (6-12-nji iýul), Durnukly ösüş maksatlaryny tizleşdirmek boýunça hereket çäresi (8-nji iýul), Durnukly ösüş maksatlary boýunça kino festiwaly (12-nji iýul), Ýerli we sebitleýin dolandyryş forumlary (12-13-nji iýul), Baş durnuklylyk işgärleriniň ýörite çäresi (15-nji iýul) ýaly birnäçe ýörite çäreler geçiriler.
Giňişleýin maglumat üçin şu sahypa geçiň:
https://sustainabledevelopment.un.org/hlpf/2021#other
Durnukly ösüş maksatlary boýunça habar beriş serişdeleriniň zolagy (6-16-njy iýul)
“Global kynçylyklar, ýerli çözgütler” temasy boýunça Forumda Durnukly ösüş maksatlary boýunça habar beriş serişdeleriniň zolagy durmuş-ykdysady dikeldiş we dünýäniň dürli künjeklerinden Durnukly ösüş maksatlary boýunça çäreler barada köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylygyndaky gepleşikleri görkezer. Programma: https://www.un.org/en/sdgmediazone/programme. BMG-niň web teleýaýlymynda tomaşa ediň.
Giňişleýin maglumat üçin şu sahypa geçiň:
https://sustainabledevelopment.un.org/hlpf/2021#intro
Ýokary derejeli syýasy forumyň ähli çäreleri BMG-niň web teleýaýlymynda göni ýaýlymda görkeziler: http://webtv.un.org
Habar beriş serişdeleri boýunça habarlaşmak üçin:
Şaron Birç-Jefri, Global aragatnaşyklar boýunça BMG-niň bölümi, e-poçta: birchs@un.org
Pol Simon, Ykdysady we durmuş işleri boýunça BMG-niň bölümi, e-poçta: simonp@un.org
Helen Rosengren, Ykdysady we durmuş işleri boýunça BMG-niň bölümi, e-poçta: rosengrenh@un.org