Press reliz

Geljekki 18 aý, pandemiýanyň täsirlerini azaltmak we esasy maksatlara ýetmek üçin çäreleri güýçlendirmek boýunça global tagallalarda möhüm ähmiýete eýedir

06 iýul 2021

  • Pandemiýa ösüş ugrunda onýyllyklaryň dowamynda gazanylan üstünlikleri ýok etmegine garamazdan, onuň garşysyna görülýän çäreler, DÖM-na ýetmek prosesini tizleşdirmek üçin global ygrarlylygyň täzelenýändiginiň alamatlaryny görkezýär. Birleşen Milletler Guramasynyň, şu gün çykaran 2021-nji ýyl Durnukly ösüş maksatlary baradaky hasabatyna görä, köp ýurtlar we jemgyýetler, COVID-19 pandemiýasynyň bütin dünýä ýetiren täsirini göz öňünde tutup, Durnukly ösüş maksatlaryna (DÖM) ýetmek üçin tagallalary güýçlendirmegiň zerurdygyna düşünýärler.

Geljekki 18 aýyň dowamynda kabul edilen kararlar we çäreler, pandemiýadan soň dikelmekboýunça meýilnamalaryň daşky gurşawy goramak bilen bir hatarda, ykdysady ösüşi we sosial abadançylygy ýokarlandyrmaga gönükdirilen, dünýä derejesinde ylalaşylan maksatlara ýetmek mümkinçiligini kesgitlär.

DÖM-na ýetmek üçin global tagallalara gözegçilik edýän hasabatda COVID-19 adamlaryň durmuşyna we ýaşaýyş şertlerine uly päsgelçilik döretdi. DÖM-na ýetmek üçin öňegidişlik pandemiýa başlamazdan ozal hem haýal bolsa-da, 2020-nji ýylda ýene-de 119-124 million adam garyplyga duçar boldular. Doly iş güni bolan 255 million iş ýerleri ýapyldy we pandemiýadan öň hem sany ýokary bolan, açlykdan ejir çekýän adamlaryň sany, 83-132 million artan bolmagy ähtimal.

Pandemiýa ýurtlaryň içinde we arasynda deňsizligi ýüze çykardy we güýçlendirdi. 2021-nji ýylyň 17-nji iýunynda Afrikada Saharanyň günortasyndaky ýurtlarda 2-den hem az sanjym bilen deňeşdirilende,Ýewropada we Demirgazyk Amerikada her 100 adama 68 töweregi sanjym edildi. Geljekki on ýylda,pandemiýa sebäpli ýene 10 million töweregi gyz çagalar durmuşa çykmak howpy astyndadyr. Halkara syýahatçylygyň çökgünligi ösüp barýan kiçi ada döwletlerine deň bolmadyk derejede täsir edýär.

2020-nji ýylda ykdysady ösüşiň pese düşmegi howa krizisiniň pese düşmegine az täsir etdi. Ýyladyşhana gazlary ýokarlanmagyny dowam edýärdi, şol bir wagtyň özünde dünýäniň ortaça temperaturasy senagatdan öňki döwrüň derejesinden 1,2°C ýokarydy, bu bolsa Pariž ylalaşygyndakesgitlenen 1,5°C gaty ýakyndyr.

2020-nji ýylda, 2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende, daşary ýurt maýa goýumlarynyň global akymy 40% azaldy. Pandemiýa, esasanam ösýän ýurtlar üçin karz krizisiniň ep-esli ýokarlanmagy bilen ägirt uly maliýe kynçylyklaryny döretdi.

Birleşen Milletler Guramasynyň agza döwletleri tarapyndan 2015-nji ýylda kabul edilen 2030-njy ýyl üçin döwür üçin Gün tertibi, häzirki wagtda we geljekde adamlaryň we planetanyň parahatçylygynywe abadançylygyny üpjün etmek üçin umumy meýilnama hödürleýär. Onuň esasynda – saglygygoraýyş we bilim ulgamyny gowulandyrmaga, deňsizligi azaltmaga we ykdysady ösüşe itergi bermäge gönükdirilen 17 maksat bar - bularyň hemmesi howanyň üýtgemegine garşy göreşmek we ummanlarymyzy we tokaýlarymyzy goramak bilen alnyp barylmalydyr.

Hasabatda aýdylmagyna görä, DÖM-ny öňki depginine gaýtarmak üçin hökümetler, şäherler, işewürlik we önümçilik kärhanalary bu dikeldişi uglerod zyňyndylaryny azaldýan, tebigy baýlyklary tygşytlaýan, has gowy iş orunlaryny döredýän, gender deňligini öňe sürýän we ösüp barýandeňsizlikleriň çözgüdini tapýan az uglerodly, çydamly we öz içine alyjy ösüş ýollaryny kabul etmek üçin ulanmaly.

“Häzirki wagtda biz adamzadyň taryhynyň iň möhüm pursatynda. Biziň şu gün kabul edýän kararlarymyz we edýän hereketlerimiz geljekki nesiller üçin möhüm netijeler getirer"- diýip, Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we durmuş işleri bölüminiň Baş sekretaryň orunbasary Lýu Çženmin aýtdy. “Pandemiýa zerarly öwrenilen sapaklar bize häzi we geljekde kynçylyklaryňçözgüdini tapmaga ýardam eder. Geliň, pursatdan peýdalanyp, DÖM-na ýetmek we howa babatynda Pariž ylalaşygyny berjaý etmek üçin bu on ýyllykda hereket edeliň, özgerişleri amala aşyralyň we dikeldiş işlerini geçireliň."

Pandemiýa garşy göreşmek üçin edilýän tagallalar şeýle-de jemgyýetiň ägirt uly çydamlylygyny, hökümetleriň aýgytly hereketlerini, durmuş taýdan goraglylyk hyzmatlarynyň tiz wagtda ýaýbaňlaşmagyny, sanly özgerişiň tizleşmegini; we az wagtyň içinde ömri halas ediji sanjymlary we bejergileri döretmek üçin özboluşly hyzmatdaşlygy görkezdi. Hasabata görä, bu DÖM-ny gazanmak prosesini tizleşdirmek üçin berk esas bolup hyzmat edýär.

Käbir goşmaça möhüm faktlar we sanlar:

  • 1998-nji ýyldan bäri dünýäde aşa garyplygyň derejesi 2019-njy ýylda ilkinji gezek 8,4% -den 2020-nji ýylda 9,5% -e çenli ýokarlandy.
  • 2020-nji ýylyň 1-nji fewralyndan 31-nji dekabry aralygynda dünýäniň hökümetleri COVID-19 pandemiýasyna garşy jogap hökmünde, esasan gysga möhletleýin bolan, 1600-dan gowrak durmuş taýdan goraglylyk çärelerini yglan etdiler.
  • Pandemiýa bilen baglanyşykly sarsgynlar, bäş çaganyň birden köpüsine täsir edýän, togtadylan ösüşiň ýokarlanmagyna sebäp bolup biler.
  • Pandemiýa saglygy goraýyş ulgamynda ösüşi togtatdy we keseliň özünden başga uly howplary döredýär. Ýurtlaryň takmynan 90% -i esasy saglygy goraýyş hyzmatlaryny bermek ugrunda bir ýa-da birnäçe näsazlyklar barada habar berýärler.
  • COVID-19 pandemiýasynyň mekdepdäki bilim ulgamyna ýetirýän täsiri “nesilleriňbetbagtçylygydyr.” Ýene-de 101 million çagalar we ýaşlar okamak ukybynyň iň pes bolan derejesinden hem pese düşdiler, bu bolsa soňky iki onýyllykda bilim ulgamynda gazanylan üstünlikleri ýok etdi.
  • COVID-19 pandemiýasy gender deňligini gazanmak ugrunda edilýän işlere ýaramaz täsir etdi: aýal-gyzlara garşy zorluk güýçlendi; çaga nikasynyň artmagyna garaşylýar; aýallaryň köpüsi iş ýerlerinden boşadyldy we öýde ideg işleriniň köpelmegine sezewar boldular.
  • 2019-njy ýylda 759 million adam elektrik toksuz galdy we dünýä ilatynyň üçden bir böleginenahar bişirmek üçin arassa ýangyç we tehnologiýa ýetmezçilik etdi.
  • Häzirki wagtda Hytaýyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň ýolbaşçylygynda ykdysady taýdan dikeldiş işleri alnyp barylýar, ýöne beýleki köp ýurtlar üçin ykdysady ösüşiň 2022-nji ýa-da 2023-nji ýyldan öňki ýagdaýyna gaýdyp gelmegine garaşylmaýar.
  • Dünýä biodürlüligiň ýitmeginiň öňüni almak üçin 2020-nji ýylda gazanylan görkezijileri gazanyp bilmedi we 2015-2020-nji ýyllar aralygynda her ýyl 10 million gektar tokaý ýitirdi.
  • Ösüş ugrunda resmi taýdan goldaw 2020-nji ýylda jemi 161 milliard dollara ýeten hem bolsa, bu COVID-19 krizisine garşy göreşmek we JIÖ-niň 0,7% -de öňden kesgitlenen maksadyna ýetmek üçin gaty uzak.
  • 2020-nji ýylda 132 ýurt we sebit milli statistika meýilnamasyny durmuşa geçirýändiklerini habar berdi, bu ýurtlaryň 84-niň meýilnamalary bolsa doly maliýeleşdirildi. Ösüşi pes bolan ýurtlaryň diňe 46-sy milli statistika meýilnamalarynyň doly maliýeleşdirilmegi barada habar berdi.

Hasabata görä, dikeldiş ugrunda edilýän tagallalar - syýasaty işläp düzmekde peýdalanyljak maglumatlaryň elýeterliligine bagly bolar. Halkara we içerki çeşmeleri jemlekmek arkaly maglumatlary ýygnamak üçin ýeterlik maliýe serişdeleriniň elýeterliligi bu tagallalar üçin uly ähmiýete eýe bolar.

2021-nji ýylyň Durnukly ösüş maksatlary baradaky hasabaty şu ýerden tapyp bilersiňiz:

https://unstats.un.org/sdgs/report/2021/

DURNUKLY ÖSÜŞ MAKSATLARYNYŇ HASABATLARY BARADA

Ýyllyk hasabatlar, häzirki wagtda dünýäde edilýän tagallalara syn berýär, ösüş ugurlaryny we DÖM-na ýetmek üçin goşmaça çäreleri talap edýän ugurlary görkezýär. Olar BMG-niň Ykdysady we Durmuş işleri baradaky bölüm tarapyndan halkara we sebitleýin guramalaryň we Birleşen Milletler Guramasynyň agentlikleriniň, gaznalarynyň we maksatnamalarynyň gatnaşmagynda taýýarlanylýar. Hasabata birnäçe milli statistika işgärleri, raýat jemgyýetinden bilermenler we akademiýa hünärmenleri hem goşant goşýarlar.

 

Habarlaşmak üçin:

BMG-niň Global aragatnaşyklar bölümi

Den Şepard | +1 212 963 9495 | shepard@un.org

BMG-niň Ykdysady we durmuş işleri boýunça bölümi

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

UN DESA
BMG-niň ykdysady we sosial soraglary boýunça departamenti

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz