Türkmenistanda Durnukly Ösüş Maksatlarynyň ýaş Ilçileri häzirki zaman dünýäsiniň Çempionlary hökmünde
Häzirki zaman dünýäsinde gurluş üýtgemelerini amala aşyrmak üçin ähli nesilleriň dürlüligini we kuwwatyny göz öňünde tutmak möhümdir.
Häzirki wagtda sekiz milliard adam bardygyny nazara alyp gurluş üýtgemelerini amala aşyrmak üçin ähli nesilleriň dürlüligini we kuwwatyny göz öňünde tutmak möhümdir. Şundan ugur alyp, 2015-nji ýylda kabul edilen we biziň neslimiz üçin durnukly ösüş bähbitli global derejede ileri tutulýan ugurlary kesgitleýän 2030-njy ýyla çenli dönür üçin Gün tertibini göz öňünde tutup, halkara jemgyýetçiliginiň ösüşiň iň möhüm global meselelerine çemeleşmekde ýaşlaryň aýratyn orny barha aýdyňlaşýar.
Ilkibaşda, “Durnukly Ösüş Maksatlary” adalgasy diňe syýasatçylara ýa-da döwlet işgärlerine degişli bolup görünse-de, aslynda DÖM-ler hemmeleriň goşant goşmagyny we hakykatdan-da hiç bir kişiniň ünsden düşmezligini maksat edinýär. Şol sebäpli, durnukly ösüşi höweslendirmek meselesine seredenimizde, ýaşlaryň bu işdäki jogapkärçiliklerini seljermek zerur. Köp sanly gözlegler we hakyky durmuş tejribeleri ýaşlaryň işjeň gatnaşmagyndan diňe oňyn netijeleriň ýüze çykýandygyny görkezýär. Bu, ýaşlaryň tankydy pikirlenijiler, üýtgeşmeleriň öňbaşçylary, täzelikçiler, aragatnaşykçylar, ýolbaşçylar we başgalar ýaly esasy orunlaryny kesgitlemäge mümkinçilik berýär.
“Birleşen Milletler Guramasy we Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan goldanýan Türkmenistanda Durnukly Ösüş Maksatlarynyň ýaş ilçileri ýaly köpugurly platformanyň bardygyna biz örän şat. Ol ösüş baradaky gözýetimimizi hakykata öwürmäge we hyjuwly pikirlerimizi durmuşa geçirmäge kömek edýär. Bu işde, pikirimi beýan etmek üçin sazyň güýjüni gural hökmünde ulanýaryn. Şeýle hem, Beýik Britaniýanyň ilçihanasy we ýaş aktiwistler bilen Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň ilkinji howa we daşky gurşaw festiwalyny bilelikde guramak üçin işleşendigime buýsanýaryn. Festiwal tutuş Türkmenistanda daşky gurşaw barada habardarlygy ýokarlandyrmagy we jemgyýetiň ýolbaşçylygynda klimat hereketini höweslendirmegi maksat edindi. Müňden gowrak adamy özüne çeken çärä eko-durmuş üçin gyzyklanmalaryny görkezen köp ýaşlaryň gatnaşmagy diýseň buýsandyrýar" – diýip, Howanyň üýtgemegi boýunça DÖM-niň ýaş ilçisi we BMG-niň Tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça müdirliginiň (UNDRR) “Sing for Resilience” atly sebitleýin aýdym-saz bäsleşiginiň ýeňijisi Sabrina Guseýnowa aýdýar.
Türkmenistanda DÖM-niň ýaş ilçileri bäsleşikler esasynda saýlanýarlar we sosial üýtgeşmeleriň öňdebaryjylary öz toparlaryny döredenlerinde, şahsy we hünär taýdan ösmek üçin olar üçin köp mümkinçilikler döredilýär.
“Suw we arassaçylyk boýunça 6-njy maksadyň ilçisi hökmünde 2022-nji ýylyň noýabr aýynda Türkiýe Respublikasynyň Ankara şäherinde guralan howanyň üýtgemegi boýunça hünärmen çagalaryň forumyna gatnaşmak meniň üçin ajaýyp bir mümkinçilik boldy. Suw meseleleri babatynda ýaş aktiwist deň-duşlarym bilen geçirilen netijeli gürrüňdeşlikler bilen bir hatarda, ýaşlary deň derejede goldaýan we oňyn özgerişleri durmuşa geçirmäge goşant goşýan Türkiýäniň Prezidentiniň maşgalasy bilen bolan duşuşygym meni ruhlandyrdy. Bu hakykatdan-da meniň üçin durmuşymy üýtgeden pursat boldy. Mundan başga-da, DÖM wezipämiň çäginde ýokary okuw mekdebimiň Suw diplomatiýasy kursuny okaýan birinji ýyl talyplaryna umumy okuwlary geçirip başladym. Meniň üçin bu diňe bir okuwdan daşary işjeňlik däl; bu, ýaşlara gapma-garşyklaryň öňüni almak, aratapyjylyk we suw meselesi boýunça halkara Gün tertibi barada düşünje bermekde bu platformany ulanmak üçin bir mümkinçilikdir" – diýip, 6-njy DÖM-niň ýaş ilçisi, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby Ýupar Egirjaýewa gürrüň berýär.
DÖM-niň Türkmenistandaky ýaş ilçileri öz işleriniň möhletiniň başynda saýlan anyk maksatlaryna laýyklykda çykyş edýärler. Ýaş ilçileriň işlerini kesgitleýän dürli ugurlar bolup, ýaş ilçileriň her biri öz işleriniň dowamynda haýsy ugura gönükdiriljekdigini özbaşdak kesgitleýärler.
“Ýaş ilçi bolmaklygyň 5-nji ugruny gowy görýärin: özümi beýan etmek ukyby, zerur bolmaklygy bilmek, ähli gowy zatlaryň geljekde bir gün däl-de häzir bolýandygyny bilmek, dünýäni üýtgetmäge goşant goşýandygyma buýsanmak, we şeýle gyzykly we ajaýyp aktiwistler bilen tanyşmagym. Şundan ugur alyp, ýokary okuw mekdebimiň gazetinde gender deňligini we ýaşlaryň arasynda durnuklylygy höweslendirmek üçin peýdaly strategiýalary ara alyp maslahatlaşýan köp sanly makalany ýazandygymy habar bermekden hoşallyk duýýaryn. Edebiýatdan peýdalanyp, deň-duşlarymyza bu mesele barada pikir bermekden soň bu işi dowam etdirerin diýip umyt edýärin" – diýip, Gender deňligi we deňsizligiň azaldylmagy boýunça DÖM-niň ýaş ilçisi Annabibi Baýmuhammedowa aýdýar.
“Men uly şatlyk bilen Halkara gyzyl haç komitetiniň Sebit wekiliýeti tarapyndan Moskwada geçirilen 23-nji F.F. Martens Halkara ynsanperwer hukuk kazyýeti bäsleşiginiň ýeňijisi hökmünde toparymyz bilen uniwersitetimde talyplaryň indiki neslini bu bäsleşige gatnaşmaga taýýarlamak maksady bilen deň-duşlarymyz üçin okuw sapaklaryny gurnandygymyzy habar berýärin! Okuw sapaklarymyzda 35 diňleýjä adam hukuklary kanunlarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň esaslaryny öwretdik. Bu üstünlige esaslanyp, "Dialog – parahatçylygyň kepili" ýylynda BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanasy bilen ýakyndan işleşip, bilimim, hyjuwym, başarnygym we ýokary erk-islegim bilen 16-njy DÖM boýunça jemgyýetimiziň üstünliklere ýetmegine goşant goşaryn” – diýip, 16-njy Maksat boýunça DÖM-niň ýaş ilçisi we UNICEF-iň Merkezi Aziýada Ýaş hyzmatdaşlar birleşiginiň Türkmenistandaky toparynyň utgaşdyryjysy Nowruz Nurberdiýew öz isleglerini paýlaşýar.
“Men Türkmenistanda adatdan daşary başarnykly adamlaryň bardygyna we olaryň DÖM-niň Ýaş ilçileridigine ynanýaryn! Super gahrymanlar ýaly uçup bilmesek-de, ýokary hilli bilimiň tarapdary hökmünde, meniň - ýaşlaryň habardarlygyny ýokarlandyrmak ugrunda ukybym bar. Özüm, DÖM-niň "Ýokary hilli bilim" maksadynyň ilçisi, şeýle hem grafiki dizaýner hökmünde, talyplara we töweregimdäki dizaýn gurallaryny öwrenmek isleýän, ýöne muny etmäge mümkinçiligi bolmadyk adamlara bilim bermek üçin ähli mümkinçilikleri we amatlylyklary ulanýaryn. Meniň töweregimde kompýuterleri bar bolan bir otag bar we men bu otagy her gün diňleýjilere mugt sapak bermek üçin ulanýaryn. Häzirki öwrenýän zatlarymy, düşünjeleri olara hem öwredýärin. Şeýle hem, DÖM-niň ilçileri dostlarym bilen alyp barýan işlerimiziň çäginde bilim alýan ýerim bolan Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplarynyň arasynda ýaşulylar üçin Iýmit ýarmarkasyny gurnandygyma begenýärin" – diýip, 4-nji DÖM-iň ýaş ilçisi Selbi Şaýlyýewa tejribesini buýsanç bilen paýlaşýar.
"DÖM-niň ilçisi we 4-nji Maksat "Ýokary hilli bilime" wekilçilik etmek bilen, mende uly täsir galdyran we durmuşymy üýtgeden bir sözi paýlaşmak isleýärin: "Bilim dünýäni üýtgedip biljek iň güýçli ýaragdyr". Bilim durmuşymyzda möhüm orun tutýar, sebäbi ol biziň geljegimiz üçin kepillikdir. Birnäçe aýyň içinde köp täze we özüne çekiji zatlary öwrendim. Gaýduwsyzlygymyzy bir ýere jemlesek, ýaşlar hökmünde bilimiň hilini ýokarlandyrjakdygymyza berk ynanýaryn. Pikir alyşmak we jemgyýetiň ýaş wekilleriniň arasynda inklýuziw bilimiň gymmaty barada gepleşikleri geçirmek üçin, bilim alýan ýerim Türkmen Döwlet Uniwersiteti bilen daşary ýurt bilim edaralarynyň arasynda onlaýn köpri sessiýasyna işjeň gatnaşdym. Mundan başga-da, iňlis dili mugallymy hökmünde iş ýerimde inklýuziwlige bolan höwesi artdyrýaryn"- diýip, 4-nji DÖM-niň ýaş ilçisi Jepbarberdi Gurbanmuradow aýdýar.
“Ilatyň köpelmegi bilen dünýä ykdysadyýetindäki isleg üpjünçilikden has artdy. Bu zähmet bazarlaryna hem degişlidir. Zenanlar, bosgunlar, maýyplygy bolan adamlar we pes girdejili maşgalalardan bolan ýaş, höwesjeň adamlar arzuw edýän işlerine girmek mümkinçiliginden mahrum bolýarlar. Meniň pikirimçe, mümkinçilikleri özümiz döretmeli we beýlekileriň hem edil şonuň ýaly etmegine ýardam bermeli. Toparymyzyň häzirki sosial media dolandyryjysy wezipämde ýaşlaryň şahsy we hünär taýdan ösmek mümkinçiliklerini goldaýandygymy habar bermekden hem hoşaldyryn. Mundan başga-da, maýyplygy bolan adamlar üçin akademiki we hünär taýdan mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin Amerikan merkezindäki işdeşlerim bilen sessiýa ýolbaşçylyk etdim" – diýip, 8-nji maksat, ýagny, Mynasyp iş orunlar we ykdysady ösüş boýunça DÖM-niň ýaş ilçisi we Toparyň sosial media dolandyryjysy Meňli Weliýewa beýan edýär.
2022-nji ýyl dürli wakalardan doly ýyl boldy. BMG we hyzmatdaşlary tarapyndan döredilen platforma arkaly hem-de ýaşlar tarapyndan ýolbaşçylyk edilen ýaş ilçileriň bu prosese nähili gatnaşandyklaryny synlamak begendirijidir.
“DÖM-niň ilçileri hökmünde BMG-niň düzümleýin edaralary bilen hyzmatdaşlykda ajaýyp işleri ýerine ýetirdik. Olaryň - biziň sosial we hünär taýdan ösmegimiz üçin elinden gelenini edýändiklerine ýokary baha berýärin. Men Özbegistanda ýaşlar maslahatyna gatnaşmaga maňa ýatdan çykmajak mümkinçilik berenligi üçin ÝUNISEF-e aýratyn minnetdarlyk bildirýärin! Ýakyn wagtda seslerimizi diňebir sebitde däl, eýsem halkara meýdanynda hem eşitdirip bileris diýip umyt edýärin! Bulardan başga-da, dünýä täsir etmegiň iň gowy usulynyň meýletinçi bolmakdygyna ynanýaryn, şonuň üçin ýerli orta mekdepde çagalara iňlis dilini öwretmegi ýüregime düwendigime begenýärin. Üç aýyň dowamynda men we beýleki meýletinçi ýoldaşlarym 90 sany ýaş wekillere sapak berdik. Şeýle hem, interaktiw çemeleşme we deň-duş usulyýeti arkaly DÖM-leri ýaýbaňlandyrmagy başardyk" – diýip, DÖM-leriň Ýokary hilli bilim boýunça ýaş ilçisi Maral Allaberdiýewa hekaýasyny paýlaşýar.
“Bilim esasy adam hukugy we DÖM-ny gazanmak üçin zerurdyr. Şonuň üçin hem 4-nji DÖM barada habardarlygy ýokarlandyrmagy saýladym. DÖM-leriň wekili bolmak örän manyly bir iş diýip pikir edýärin. Türkmenistanyň DÖM-niň toparynyň düzümine girendigime diýseň begenýärin, sebäbi hemişe hereketde bolmak isleýärin, bir ýörelgä eýerýän deň-duşlarymy tananyma begenýärin. Geçen 6 aý şatlykly duýgular bilen köp ýatlamalardan doly boldy. BMG-niň düzümleýin edaralary we hyzmatdaşlary tarapyndan geçirilen ähli çärelere gatnaşmak meniň üçin gyzykly we möhüm waka boldy, şol ýerde täze ugurlary öwrendim we toparym bilen bilelikde hereket etdim. Mundan başga-da, HYY we ÖU-nyň (Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti) talyby hökmünde, Durnukly Ösüş Maksatlaryny öňe sürmek üçin uniwersitetimizde Diplomatlar Kluby hökmünde gurnalan we geljekki nesliň döredijilerini ýetişdirmegi maksat edinýän“BMG Sessiýasy” atly ajaýyp çäräni paýlaşyp bilerin. DÖM-iň ýaş ilçisi bolmak maksadymy amala aşyrmak we töweregimdäki dünýäni gowulaşdyrmak ajaýyp pursatdyr" – diýip, Ýokary hilli bilim boýunça DÖM-niň ýaş ilçisi Saida Halmamatowa beýan etdi.
“Meniň goldaýan klimat hereketimiň diňe bir durnuklylygy ýokarlandyrmaga gönükdirilen işler bilen çäklenmän, eýsem deňlik we inklýuziýa meseleleriniň hem degişlidigini paýlaşmak isleýärin. Aşgabat Olimpiýa şäherçesinde gurnalan inklýuziw sport festiwalyna, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy we Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan gurnalan Türkmenistanda klimat boýunça ýaşlaryň ýerli maslahatyna gatnaşmak meni diýseň begendirdi. Hususan-da,“Technovation Girls” maksatnamasynyň çäklerinde, jemgyýetdäki kynçylyklar üçin tehnologiýa çözgütlerini taýýarlamaga gatnaşýan 8-18 ýaş aralygyndaky gyzlara klimatyň üýtgemegine garşy göreş boýunça birnäçe sapaklary alyp barandygymy paýlaşmak meniň üçin tolgundyryjydyr. Şeýle öndürijilikli hyzmatdaşlyk ruhunda has täsirli netijelere ýetip biljekdigimize berk ynanýaryn" – diýip, 12-nji we 13-nji Maksatlar boýunça DÖM-niň ýaş ilçisi we DÖM-niň topar utgaşdyryjysy Gülşat Aýydowa belläp geçýär.
“Meniň pikirimçe, DÖM-niň ilçisi bolmak diňe bir işjeňlik bilen çäklenmän, akademiki başarnygymyzy giňeltmek we bu maglumatlary hakyky durmuşda ulanmak üçin bilimlerimizi baýlaşdyrmak bilen baglanyşykly. Şeýle hem, ol köpçüligiň öňünde çykyş etmek endiklerimi we analitiki pikirleniş ukyplarymy ösdürmäge kömek edýär. Ýerine ýetirýän işlerim barada aýdanymda, toparymyň kömege mätäç we mümkinçiligi çäkli çagalara ýardam bermek maksady bilen, Täze ýyl baýramçylygynda uniwersitetimde "Täze ýyl arzuwlary agajy" çäresini geçirmek kararyna gelendigimize begenýärin. Uniwersitetimiziň ähli talyplary çaganyň ady we islegi ýazylgy we agaja asylan kagyzlary tötänleýin saýlap, soň bolsa şol çaga sowgat berip bildiler. Netijede, Aşgabatdaky Lukmançylyk bilim merkezine baryp çagalary gördük we olara gowşurmak üçin 600-den gowrak sowgat topladyk" – diýip, Gender deňligi we garyplygy ýok etmek boýunça DÖM-niň ýaş ilçisi Şabibi Beşimowa belläp geçýär.
“BMG-de dürli guramalar tarapyndan esasanam ýaşlar we ýaş ilçiler üçin gurnalan, mümkinçiliklerimizi artdyrmaga şert döredýän sessiýalara gatnaşyp, öňe sürýän maksadym hökmünde Howanyň üýtgemegine garşy göreş baradaky gözýetimimi giňeldenime diýseň begenýärin. Soňra bu düşünjäni uniwersitetimde has-da ýaýbaňlandyrmak üçin ulanyp bildim. Şunuň bilen baglylykda, DÖM-niň ilçileri ýoldaşlarym bilen bilelikde ýerli internatda mümkinçiligi çäkli çagalar üçin azyk we arassaçylyk önümlerini satyn almak maksady bilen serişde toplamak üçin gazna döretmek çäresine başlandygymyzy we ýolbaşçylyk edýändigimizi habar bermek juda tolgundyryjydyr" – diýip, Howanyň üýtgemegine garşy göreş boýunça DÖM-niň ýaş ilçisi Enejan Açilowa belläp geçýär.
Ýaşlaryň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly Ösüş ugrunda Gün tertibini öňe sürmek ugrundaky goşandy tutuş netije gazanmak üçin möhümdir. BMG-niň öňki Baş Sekretary Ban-ki Mun tarapyndan “Durnukly ösüş üçin 2030-njy ýyl Gün tertibiniň öňbaşçylary” hökmünde häsiýetlendirilen ýaşlaryň BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge goşant goşýan üstünlikli mysallary köp. Ýokary bilimli, erudit, fiziki we ahlak taýdan sagdyn, akylly ýaş nesli ýetişdirmek Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistany ösdürmek üçin strategiki meseleleriň biridir. Ýurduň mundan beýläk-de yzygiderli we hemmetaraplaýyn durmuş-ykdysady ösüşinde aýgytly orun tutýandygy göz öňünde tutulyp, ýaşlar dünýä arenasyndaky ornuny berkidýän millet üçin ileri tutulýan ugur bolup durýar.
Şükürgeldi Myradow,
Türkmenistandaky DÖM-niň Ýaş Ilçileriniň utgaşdyryjysy,
Saglyk we abadançylyk,
Durnukly ösüş üçin hyzmatdaşlyk boýunça ýaş Ilçisi