Dört gün dowam eden ýygnaklara milli ministrliklerden, BMG-nyň gulluklaryndan, hususy sektordan, raýat jemgyýetinden we ýaşlardan 60 sany wekil gatnaşdy. Toparyň gatnaşyjylaryna Türkmenistanda ösüş bilen baglanyşykly meseleleri we mümkinçilikleri gözden geçirmek we olary ara alyp maslahatlaşmak, şeýle-de maksatnamanyň nobatdaky tapgyrlarynda hiç kimiň yzda galmazlygyny kepillendirmekde BMG-nyň öz artykmaçlyklaryny üpjün etjek ileri tutulýan ugurlary babatda ylalaşmak ýumşy tabşyryldy.
“MacKenzie Development Consulting Ltd.” kompaniýasynyň halkara derejeli maslahatçysy jenap Aleksandr MakKenzi okuwlary geçirmäge ýardam berdi. Ondan başga-da, ol hyzmatdaşlyk boýunça täze çarçuwaly maksatnamany işläp düzmekde maslahat beriji we tehniki kömegi berer.
Gyzyklanýan taraplaryň giň köpçüligi bilen maslahat berijilik işleriniň netijesinde aşakdaky üç sany ileri tutulýan ugurlar kesgitlendi: (1) hemmeler üçin açyk, daşky gurşaw üçin peýdaly we durnukly ykdysady ösüş; (2) ýokary hilli, hemmeler üçin açyk we elýeter saglygy goraýyş, bilim we durmuş goraglylygy ulgamlary; (3) adamlara gönükdirilen dolandyryş we hukugyň hökmürowanlygy.
Ondan başga-da, gatnaşyjylar “SMART” maksatnamasynyň çyzgysynyň taslamasyny, şol sanda netijeler, görkezijiler, esasy pikirler we howplar boýunça zerur bolan maglumaty taýýarlady.
2019-njy ýylyň 18-nji oktýabrynda BMG-niň topary we milli hünärmenler hyzmatdaşlyk boýunça çarçuwaly maksatnamasynyň netijelerini we onuň möhletlerini milli dolandyryş komitetine görkezdi. Ministrleriň orunbasarlary derejesinde 40-dan gowrak wekil nobatdaky işleri gözden geçirdi we olar babatda ylalaşdy.
“Işläp taýýarlamak işiniň dowamynda biz hyzmatdaşlyk boýunça çarçuwaly maksatnamanyň, esasan, Türkmenistanyň Hökümeti, parlamenti, raýat jemgyýeti, hususy sektory we ösüş boýunça hyzmatdaşlary bilen hyzmatdaşlyk bolup durýandygy baradaky pikire esaslandyk” diýip, özüniň garşy alyş sözünde BMG-nyň Hemişelik utgaşdyryjysy hanym Ýelena Panowa belledi.