Geljek üçin dünýä derejesinde duşuşygyň öňüsyrasynda türkmen ýaşlarynyň dialogy
26 iýun 2024
Türkmenistan, Aşgabat, 2024-nji ýylyň 26-njy iýuny
Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky edarasy “Geljegiň Sammidine” bagyşlap “Ýaşlar dialogyny” geçirdi. BMG-niň binasynda geçirilen çärä DÖM-iň ýaş ilçilerini, uniwersitet talyplaryny, aktiwistleri we ýaşlar guramalarynyň liderlerini özünde jemleýän 70-den gowrak türkmen ýaşlary gatnaşdylar. Olar global meýilnamanyň geljegini kesgitlemek baradaky pikirlerini paýlaşdylar.
BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysy jenap Dmitriý Şlapaçenkonyň alyp baran bu gepleşigi ýaşlara howanyň üýtgemegi, durnukly ösüş, parahatçylygy gurmak we sanly üýtgeşmeler ýaly dünýäde ýüze çykýan möhüm meseleler boýunça öz pikirleri bilen paýlaşmaga mümkinçilik berdi. Şeýle hem, bu çärä gatnaşyjylar täze saýlanan DÖM-iň ýaş ilçileriniň topary bilen hem tanyşdyryldy. Bu bolsa Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ýaşlary çekmäge ygrarlydygyny görkezýär.
“Geljegiň Sammidi, adamzat üçin iň möhüm meseleleri çözmek üçin bir pursatdyr” - diýip jenap Şlapaçenko belledi. “Siziň sesiňiz, siziň pikiriňiz we siziň islegleriňiz bu global kynçylyklary çözmek üçin möhümdir. Şu günki dialog diňe bir söhbetdeşlik däl, ýaşlaryň pikirleriniň we ileri tutulýan ugurlarynyň global gün tertibine girizilmegini üpjün etmekde wajyp ädimdir.”
Ol açylyş çykyşynda BMG-niň Baş sekretarynyň “Biziň umumy gün tertibimiz” atly hasabatynda beýan eden we Geljegiň Sammidinde döwlet we hökümet baştutanlary tarapyndan kabul ediljek Geljek barada Ylalaşygyň taslamasynyň esasyny düzýän birnäçe möhüm başlangyçlara ünsi çekdi. Şeýle hem, Global sanly şertnama we geljekki nesiller üçin jarnamany Ylalaşyga goşulan möhüm resminamalar hökmünde belläp geçdi. Jenap Şlapaçenko, ýaş zehinleriň Birleşen Milletler Guramasyna goşulmagy üçin ajaýyp pursat hökmünde BMG Sekretariaty tarapyndan öňe sürlen Ýaş hünärmenler maksatnamasyny hödürledi. Bu başlangyçlaryň her biri has inklýuziw, ahlakly we hyzmatdaşlyga taýýar dünýä gurmakda möhüm rol oýnaýar.
Dialog Geljek barada Ylalaşygyň bäş sütüni boýunça Merkezi Aziýada öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebitleýin merkeziniň (UNRCCA), BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM), BMG-niň Çagalar gaznasynyň ( ÝUNISEF), Bütindünýä saglygy gpraýyň guramasynyň (BSGG) we Hemişelik utgaşdyryjynyň edarasy ýaly BMG-niň agentlikleriniň ýolbaşçylarynyň çykyşlary bilen dowam etdi. Çykyş edenler esasy ugurlaryň mazmuny barada jikme-jik maglumat berdiler we Ylalaşygyň mazmuny işlenip düzülen gollanmalar bilen paýlaşdylar.
Çykyşlardan soň ýaşlar bäş topara bölündi we Geljegiň Sammidinde gazanylan global şertnamalaryň durmuşa geçirilmegine nähili goşant goşup biljekdigi barada pikir alyşdylar. Olaryň teklipleri jemlenip, Türkmenistanyň hökümetiniň dykgatyna ýetiriler.
Bu çäre, Birleşen Milletler Guramasynyň has inklýuziw we täsirli ulgamy döretmekde ýaşlaryň möhüm ornuny görkezdi. BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysy gatnaşyjylara minnetdarlyk bildirdi, geljegiň ýaşlara degişlidigini we geljegiň emele gelmeginde olaryň sesiniň wajypdygyny tassyklady.
Geljegiň Sammidi barada: 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda geçiriljek Geljegiň Sammidi, halkara hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek arkaly dünýäniň iň möhüm meselelerini çözmegi maksat edinýär. Esasy öňde goýýan maksady durnukly ösüşe, halkara parahatçylyga we howpsuzlyga, ylym, tehnologiýa we innowasiýa, ýaşlar we geljek nesiller, şeýle hem global dolandyryşy özgertmek bolup durýar.
BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri
RCO
United Nations Resident Coordinator Office
UNDP
BMG-niň Ösüş maksatnamasy
UNFPA
BMG-niň Ilat gaznasy
UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy
UNRCCA
United Nations Regional Centre for Preventive Diplomacy for Central Asia
BSGG
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy
Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz