Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça BMG-niň Üçünji maslahaty umumy abadançylyk üçin global hyzmatdaşlygy mobilizlemegi maksat edinýär
05 awgust 2025
Awaza, 2025-nji ýylyň 5-nji awgusty - Şu gün Awazada Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) Üçünji maslahaty açyldy we “Hyzmatdaşlyk arkaly ösüşi öňe sürmek” mowzugy bilen dünýä liderlerini, syýasatçylary we hyzmatdaşlary bir ýere jemledi.
Bu möhüm çäre dünýäniň deňze çykalgasy bolmadyk 32 ösüp barýan ýurdunyň öňünde duran aýratyn kynçylyklary çözmäge, şeýle hem hyzmatdaşlygy ösdürmek, söwda ýeňilliklerini ornaşdyrmak we infrastruktura maýa goýumlaryny artdyrmak arkaly durnukly ösüşi çaltlaşdyrmaga gönükdirilendir.
Deňsizlikleri ýeňip geçmek üçin ähliumumy jebislige çagyryş
BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş öz açylyş çykyşynda köpçülikleýin hereket etmegiň gyssagly zerurdygyny belläp: “Dünýä ilatynyň 7 göterimini emele getirýändigine garamazdan, bu ýurtlar dünýä ykdysadyýetiniň we söwdasynyň diňe bir göterimini tutýar - bu çetleşdirilmegine sebäp bolýan çuň deňsizlikleriň aýdyň mysaly. Bu deňsizlikler gutulgysyz däldir. Bu maslahat päsgelçilikler barada däl-de, çözgütler barada. Bu, Awaza Hereket Meýilnamasy we we onuň netijeleri arkaly ösüş mümkinçiliklerini doly açmak baradaky maslahatdyr”.
“Birleşen Milletler Guramasy bu ugurda size goldaw berýändigine buýsanýar”, – diýip, ol sözüni dowam etdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem maslahatyň açylyş dabarasyndaky çykyşynda ählumumy jebislige bolan ygrarlylygyny tassyk etdi. Ol ykdysady ösüşde daşky gurşaw talaplarynyň möhüm ähmiýetini belläp, şeýle diýdi:
“Biz ähli ykdysady işi ekologiýa kadalary bilen sazlaşdyrmagyň zerurdygyna esaslanýarys. Daşky gurşaw syýasatymyzyň manysy ykdysady ulgamymyzy şeýle ýola gönükdirmekden ybaratdyr: önümçilik ulgamy tebigatyň bäsdeşi bolman, eýsem onuň arkasy we daýanjy bolmaly”.
Hereketiň onýyllygy: Awaza Hereket Meýilnamasy öňe ýol görkezýär
2024-nji ýylyň dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan agzalaryň ylalaşygy bilen kabul edilen 2024–2034-nji ýyllar üçin Awaza Hereket Meýilnamasy söwda, infrastruktura, howa durnuklylygy we maliýeleşdirmek babatyndaky gurluşly päsgelçilikleri ýeňip geçmek üçin öňdengörüjilikli meýilnamany üpjün edýär. Esasy çäreler şulardan ybarat:
-
azyk howpsuzlygyny güýçlendirmek üçin Sebitleýin oba hojalyk barlag merkezleriniň döredilmegi;
-
möhüm serişdeleri mobilizirlemek üçin Infrastruktura maýa goýumlaryny maliýeleşdirmek mehanizminiň işe girizilmegi;
-
BMG Baş sekretarynyň geçiş azatlygy boýunça Ýokary derejeli toparynyň döredilmegi;
-
deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlar üçin ýörite Bütindünýä Söwda Guramasynyň maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi;
-
söwda we howa durnuklylygy boýunça BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly Konwensiýasynyň gepleşik toparynyň döredilmegi.
Baş sekretaryň orunbasary we Ösüş derejesi pes ýurtlar, Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar hem-de Kiçi ada döwletleri boýunça Ýokary wekili hanym Rabab Fatima şeýle ýurtlar baradaky gürrüňi üýtgetmegiň zerurdygyny aýtdy: "Uzak wagt bäri deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlar geografiki päsgelçilikler - üzňelik, elýetersizlik we serhet araçäkleri bilen kesgitlenildi. Ýöne bu diňe hekaýanyň bir bölegi."
Ol şeýle hem bu ýurtlaryň deňze çykalgasy bolmasa-da, mümkinçiliklerden mahrum bolmaly däldigini belledi. "Geografiýa olaryň ykbalyny kesgitlemeli däldir. Bu ýurtlar baý serişdeleri, berk durnuklylygy we beýik maksatlyklary bilen tapawutlanýarlar."
Maslahatyň şygaryna – “Hyzmatdaşlyk arkaly ösüşi öňe sürmek” salgylanyp, hanym Fatima hyzmatdaşlygyň we ginklýuziwligiň täze döwrüniň başlandygyny nygtady. Onuň belleýşi ýaly, bu ýurtlary izolirlenen ýa-da çäklendirilen ýurtlar hökmünde däl-de, dünýä ykdysadyýetiniň doly hukukly hyzmatdaşlary hökmünde görmek zerurdyr.
Maslahatyň esasy aýratynlyklary: netijelilik üçin köptaraplaýyn gatnaşyk
-
Ýokary derejeli maslahatlar: söwda, infrastruktura, howa durnuklylygy we maliýeleşdirmek boýunça bäş mowzukly duşuşyk.
-
Köptaraplaýyn forumlar: ýaşlar, zenan ýolbaşçylar, hususy sektor we parlament agzalaryny öz içine alýar.
-
Ýörite başlangyçlar: Maslahatyň Bütindünýä işewürlik ulgamynyň işe girizilmegi we Günorta–Günorta hyzmatdaşlygy boýunça ministrler derejesindäki duşuşyk.
Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Üçünji Maslahaty (LLDC3) on ýylda bir gezek geçirilýär. Bu çäre geografiýa taýdan izolirlenen 32 ýurduň ösüşini goldamak üçin halkara goldawyny mobilizirlemäge mümkinçilik berýär. Türkmenistanda geçirilýän bu maslahat Awaza Hereket Meýilnamasyny durmuşa geçirmegi we 2034-nji ýyla çenli durnukly ösüşi çaltlaşdyrmagy maksat edinýär.
Goşmaça maglumat:
-
Web sahypa: https://www.un.org/en/landlocked
-
Maksatnama: https://www.un.org/en/landlocked/programme
-
Göni ýaýlym (resmi maksatnama): UN WebTV
-
LLDC3 mobil goşundysy: https://www.un.org/en/landlocked/lldc3-app
-
Wajyp resminamalar: https://www.un.org/en/landlocked/documents
Sosial ulgamlar arkaly täzelikleri yzarlamak: Haştaglar: #LLDC3, #LockedOut, #ProgressThroughPartnerships
-
Facebook: UN-OHRLLS, United Nations, GlobalGoalsUN
-
X (öňki Twitter): @UNOHRLLS, @USGRabab_UN, @UN, @GlobalGoalsUN
-
Instagram: @unohrlls
-
LinkedIn: UN-OHRLLS
Media bilen habarlaşmak:
-
Meý Yaakub | Maslahatyň metbugat sekretary, UNOHRLLS-niň maglumat bölüminiň ýolbaşçysy | yaacoubm@un.org
-
Sitembile Siziba | maglumat boýunça hünärmen, UNOHRLLS | Sithembile.siziba@un.org
-
Aleksandra del Kastello | maglumat boýunça hünärmen, BMG-niň Global aragatnaşyklar departamenti | alexandra.delcastello@un.org