Press reliz

Parahatçylyk we ynanyşmak raýat jemgyýeti forumynda durnukly ösüşiň hereketlendiriji güýçleri hökmünde bellenildi

07 awgust 2025

Türkmenistan, Awaza - 2025-nji ýylyň 7-nji awgusty - Parahatçylykly we inklýuziw jemgyýetleri ösdürmek, Awazada geçirilýän Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Üçünji maslahatynyň çägindäki Raýat jemgyýeti forumynyň esasy mowzugy boldy.

“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Durnukly ösüş üçin parahat we toplumlaýyn jemgyýetleri ilerletmek – DÖM 16-y durmuşa geçirmegiň depgini ” atly sessiýada döwlet edaralarynyň we BMG-niň wekilleri, raýat jemgyýetiniň ýolbaşçylary we sebit hünärmenleri ynam, gepleşik we güýçli guramalaryň ýurtlarda ösüşi çaltlaşdyryp biljekdigini ara alyp maslahatlaşdy.

Çykyş edenler syýasy durnuklylygyň we toplumlaýyn dolandyryşyň maýa goýumlaryny çekmekde, arabaglanyşygy üpjün etmekde hem-de deňiz çykalgasy bolmadyk şertlerde ykdysady ösüşi gazanmakda möhüm ähmiýete eýedigini bellediler. Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisinde 2025-nji ýyly «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek baradaky başlangyjy, ýurduň öňüni alyjy diplomatiýa we köptaraplaýyn hyzmatdaşlyga bolan ygrarlylygynyň beýany hökmünde ýokary bahalandyryldy.

Surat: © UN RCO in Turkmenistan

BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapoçenko çärede çykyş edip, parahatçylygyň, ynamyň we güýçli guramalaryň Durnukly Ösüş Maksatlaryna, aýratyn hem DÖM-16-a ýetmekde möhüm şertleriň biridigini nygtady. Ol jemgyýetçilik gatnaşygynyň we toplumlaýyn dolandyryşyň adalatly hem-de durnukly jemgyýetleri döretmekde möhüm ähmiýete eýedigini belläp, BMG-niň Türkmenistanyň 2021–2025 ýyllar üçin Milli Adam Hukuklary boýunça Hereket meýilnamasyna hem-de açyklygy we hasabatlylygy güýçlendirmek üçin Adalatçynyň edarasynda amala aşyrýan goldawyny mysal hökmünde görkezdi.

Surat: © UN RCO in Turkmenistan

Maslahatyň dowamynda kabul ediljek Awazanyň Hereket Meýilnamasy bilen utgaşýan pikir alyşmalarda, syýasy durnuklylygyň we sebitleýin hyzmatdaşlygyň deňiz çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň durnukly ösüşinde möhüm hereketlendiriji güýçler bolup durýandygy aýratyn bellenildi. Gatnaşyjylar «Parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň» dialogy anyk ösüş netijelerine öwürmek we toplumlaýyn, durnukly jemgyýetleri ösdürmek üçin möhüm mümkinçilik döredýändigi barada ylalaşdylar.

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

RCO
United Nations Resident Coordinator Office
UN-OHRLLS
United Nations Office of the High Representative for the Least Developed Countries, Landlocked Developing Countries and Small Island Developing States
UNDP
BMG-niň Ösüş maksatnamasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz