Press reliz

Netijeler boýunça toparlar BMG-niň Durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk boýunça çarçuwasynyň çäginde Ýolbaşçy komitetine tabşyrmak üçin resminamalaryň taslamasyny tassyklaýar

13 noýabr 2020

  • Birleşen Milletler Guramasy we Türkmenistanyň Hökümeti 2021-2025-nji ýyllar üçin BMG-niň Durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk boýunça çarçuwasynyň çäginde döredilen bäş sany netijeler boýunça bilelikdäki toparynyň çäginde ilkinji ýygnaklary geçirdi.

     

Milli ministrliklerden we BMG-niň gulluklaryndan wekilçilik edýän ähli netijeler boýunça toparlarynyň agzalary BMG-niň ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk boýunça täze çarçuwasynyň strategiki ugurlarynyň çägindäki esaslaryny, Netijeleriň arasyndaky baglanyşygy we Netijeler boýunça matrisasynda ýok bolan esasy we maksat görkezijilerini gözden geçirdiler.

Maliýeleşdiriş boýunça çarçuwaly strategiýa we 2021-2025-nji ýyllar üçin BMG-niň Durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk boýunça çarçuwasynyň gözegçilik, baha bermek we okuw meýilnamasy gatnaşyjylara hödürlendi we indiki ädimler ara alnyp maslahatlaşyldy. Gelnen kararlar şu ýylyň ahyryna çenli Dolandyryş komitetiniň ilkinji mejlisinde hödürlener.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72/279 belgili Rezolýusiýasyna laýyklykda 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş boýunça Gün tertibiniň durmuşa geçirilmegini goldamak üçin Hyzmatdaşlyk boýunça çarçuwalaryň täze nesliniň her döwletde BMG-niň ösüş çärelerini meýilleşdirmek we durmuşa geçirmek üçin iň möhüm guraldygy bellenildi.

2021-2025-nji ýyllar üçin BMG-niň Durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk boýunça täze çarçuwasyna 2020-nji ýylyň mart aýynyň 14-ne gol çekildi. Onuň bäş sany strategiki ugry bar: halka gönükdirilen dolandyryş we kanunyň hökmürowanlygy; durnukly ykdysady diwersifikasiýa; betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak we howanyň üýtgemegine durnukly bolmak; ýokary hilli we elýeterli saglygy goraýyş we sosial goraglylyk; şeýle hem ýokary hilli, öz içine alyjy we elýeterli bilim we hünär kämilleşdiriş ulgamlary.

Chary Nurmuhammedov

Çary Nurmuhammedow

RCO
BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy BMG-niň utgaşdyryş işleri boýunça hünärmen

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

UNDP
BMG-niň Ösüş maksatnamasy
UNFPA
BMG-niň Ilat gaznasy
UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy
BSGG
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz