Press reliz

BMGÖM Adamzadyň ösüşi babatyndaky hasabatyny çykarýar

15 dekabr 2020

  • Synag üçin global indeksi planetanyň basyşyny ýeňilleşdirmek bilen garyplyga we deňsizlige garşy göreşmegiň agyrdygyny görkezýän adamzadyň ösüşini ölçemegiň täze usullaryny hödürleýär.

Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) 2020-nji ýylyň “Indiki sepgit: Adamzadyň ösüşi we antroposen” atly 30 ýyllyk adamzat ösüşi barada hasabatyny çap etdi.

Hasabata görä, COVID-19 pandemiýasy dünýäniň ýüzbe-ýüz bolan iň soňky krizisidir, emma adamlar tebigata salýan agramyny azaltmasalar, bu iň soňky bolmaýar. Hasabat ýurtlaryň kömürturşy gazynyň zyňyndylarynyň we gorlarynyň maddy harçlarynyň netijelerini göz öňünde tutýan adamzat ösüşi barada täze synag  indeksinden ybaratdyr.

“Bu gün adamzat planetanyň üstünde öňküsinden he has güýçli höküm sürýär. COVID-19 pandemiýanyň, global temperaturanyň ýokarlanan we deňsizligiň has köpelen döwründe, ösüşi gaýtadan kesgitlemek üçin kuwwatymyzy ulanmagyň wagty geldi, ýagny, uglerodyň we gorlaryň maddy harçlarynyň netijeleriniň ýok bolan gurşawyny döretmek," - diýip BMGÖM-iň dolandyryjysy Ahim Ştaýner aýtdy. “Hasabata görä, şu wagta çenli dünýäniň ýüzünde hiç bir ýurt planeta ägirt uly agram  salman ýokary derejede adam ösüşini gazanyp bilmedi. Emma biz bu nogsanlyklary düzeden ilkinji nesil bolup bileris. Bu adam ösüşi üçin indiki sepgitdir."

Hasabatda adamlaryň we planetanyň düýbünden täze geologiki döwre, ýagny, Antroposen ýa-da Ynsanlar döwrüne girmegi bilen, ähli ýurtlar adamlaryň planeta ýetiren howply täsirini doly göz öňüne tutup özgerişikleri amala aşyrmak üçin özleriniň taslamalaryny täzeden işläp düzmekleri, şeýle hem ösüşi haýýaladýan häkimiýetiň deňsizligini we päsgelçilikleri aýyrmagyň wagty gelendigi barada tassyklanýar.

Munuň has aýdyň bolmagy üçin ýyllyk hasabat Adamzadyň ösüşi boýunça indeksini işläp düzmek üçin synag hökmünde täze usullary hödürleýär. Milletiň saglygyny, bilimini we ýaşaýyş derejesini, iki goşmaça elementleri -  belli bir ýurduň kömürturşy gazynyň zyňyndylaryny we onuň maddy harçlarynyň netijelerini göz öňüne tutýan Adamzadyň ösüşi boýunça indeksini girizmek bilen, adamzadyň ösüşini kesgitlemek üçin adamlaryň abadançylygy we planeta üns merkezinde bolsady, bu indeks global ösüşiň nähili üýtgäp biljekdigini görkezýär.

Planeta agram salmagymyzy göz öňüne tutup döredilen Adamzadyň ösüşi boýunça indeksine görä adamzadyň ösüş depgini barada has anyk maglumat bolsa-da, ol begendirmeýär. Mysal üçin, 50-den gowrak döwlet ýangyç we tebigy gorlaryň maddy harçlarynyň mukdaryna garaşly bolandygy sebäpli adam ösüşiniň iň ýokary derejeli toparyndan çykýar. Bu düzedişlere garamazdan, Kosta Rika, Moldowa we Panama ýaly ýurtlar planeta az agram salmagyň mümkindigini ykrar edip, beýleki ýurtlardan azyndan 30 esse öňe geçýär.

Hasabatda bellenilip geçilşi ýaly adam ösüşi boýunça indiki sepgit, sosial kadalary, gymmatlyklary, hökümet we maliýeleşdiriş stimullaryny üýtgetmek bilen bir hatarda tebigat bilen garşy däl-de, sazlaşykly hereket etmegi talap eder.

Mysal üçin her ýyl howanyň üýtgemegi sebäpli dünýäniň iň garyp ýurtlary 2100-nji ýyla çenli ýene 100 gün agyr howa şertlerini başdan geçirip biljekdigi barada çak edilýär, bu bolsa howanyň üýtgemegi baradaky Pariž şertnamasyny doly derejede ýerine ýetirilen halatynda iki esse azalmagy mümkindir. Şeýle-de bolsa, ýangyç henizem subsidiýa berilýär: hasabatda salgylanýan Halkara walýuta gaznasynyň maglumatlaryna görä, jemgyýetler üçin hökümet tarapyndan maliýeleşdirilýän susidiýalaryň doly bahasy, şol sanda gytaklaýyn çykdajylary ýylda 5 trillion ABŞ dollaryndan gowrak ýa-da global jemi içerki önümiň 6,5 göterimi hökmünde baha berilýär. Täze tokaýlary döretmek we tokaýlara has gowy ideg etmekligiň diňe bir özi, senagatyň ýok bolan döwri bilen deňeşdiremizde, 2030-njy ýyla çenli global ýylylygyň iki gradus Selsiýa ýetmeginiň öňüni almak üçin biziň amala aşyrmaly hereketlerimiziň takmynan dörtden bir bölegini üpjün edip biler.

BMG-niň Baş sekretarynyň Ýaşlar boýunça wekili Jaýathma Wikramanaýake: "Adamzat ajaýyp zatlary gazanan hem bolsa, biz planetamyzyň gadryny bilmeýänimiz äşgär bolup dur". “Bütin dünýäde ýaşlar bu hereketleriň umumy geljegimize howp salýandygyny belläp geçdiler. 2020-nji ýyldaky adamzat ösüşi babatyndaky hasabatyň aýdyň görkezişi ýaly, biz - energiýa we tebigy gorlarymyzyň harçlaryny durnuklaşdyrmak üçin we her bir ýaş adamyň sagdyn dünýäniň berip biljek täsinlikleriniň gadyr-gymmatyny biler ýaly bilimli we ygtyýarly bolmagy üçin planeta bolan garaýşymyzy üýtgetmeli."

BMGÖM-iň Adamzat Ösüşi boýunça Hasabaty Bölüminiň müdiri we hasabatyň esasy awtory Pedro Conceiçãonyň aýtmagyna görä, planeta salynýan agram jemgyýetiň edýän hereketine baglydyr we bu gün köp meseleler bilen ýüzbe-ýüz bolýan jemgyýetler adamlary we planetany heläkçilige salýarlar.

Jahan Saparmamedowa

Jahan Saparmamedowa

UNDP
Jemgyýetçilik we aragatnaşyk işleri boýunça hünärmen

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

UNDP
BMG-niň Ösüş maksatnamasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz