Press reliz

BMG we Türkmenistanyň hökümeti 2021-2025-nji ýyllar üçin Durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlygyň çarçuwaly Maksatnamasyny durmuşa geçirmek üçin gadam basdylar

16 dekabr 2020

  • BMG we Türkmenistanyň hökümeti, durnukly ösüş ugrunda 2021-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň çarçuwaly Maksatnamasyny dolandyrmak, durmuşa geçirmek, maliýeleşdirilmek we gözegçilik mehanizmleri barada ylalaşmak üçin hyzmatdaşlygyň çarçuwaly Maksatnamasynyň Ýolbaşçy komitetiniň mejlisini geçirdi.

Duşuşykda, şeýle hem 2016-2020-nji ýyllar aralygynda Türkmenistan bilen BMG-niň hyzmatdaşlygynyň çarçuwaly Maksatnamasynyň çäginde gazanylan esasy üstünlikleri jemlendi.

Mejlisiň açylyşynda Ýolbaşçy komitetiň egindeş ýolbaşçylary, Daşary işler ministri we Türkmenistanda BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysy 2016-2020 ýyllar aralygynda BMG-niň Ösüş ugrunda hyzmatdaşlygynyň çarçuwaly Maksatnamasynyň Türkmenistanda üstünlikli durmuşa geçirilişini we netijede bäş sany ugur boýunça görnükli netijeleri gazanylandygyny belläp geçdiler: Hil taýdan anyk maglumatlary we ösüşe gözegçilik etmek; ýokary hilli we inklýuziw jemgyýetçilik hyzmatlary; daşky gurşawyň durnuklylygy we energiýanyň netijeliligi; iş üpjünçiligi, ykdysady köpdürlilik we söwda; şeýle hem häkimiýet we kanunyň hökmürowanlygy.

Duşuşygyň dowamynda BMG-niň Durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlygyň çarçuwaly Maksatnamasynyň gysgaça syny, şeýle hem onuň dolandyryşy we durmuşa geçiriş mehanizmleri, Maliýeleşdiriş çarçuwasy we gözegçilik, baha bermek we okuw meýilnamasy Ýolbaşçy komitetiniň agzalarynyň garamagyna hödürlendi.

"BMG bilen Türkmenistanyň arasyndaky täze hyzmatdaşlygynyň çarçuwaly Maksatnamasy BMG-niň beýleki edaralary tarapyndan uly gyzyklanma döredip BMG-niň ulgamynda ýokary hilli resminamalaryň biri hökmünde ýokary baha berlendigini belläp geçmek isleýärin", -diýip Türkmenistanda BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysy Hanym Ýelena Panowa aýtdy.

Ýolbaşçy komitetiniň agzalary BMG-niň durnukly ösüş ugrunda 2021-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň çarçuwaly Maksatnamasynyň çäginde ýakyn hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardyklaryny  we hyzmatdaşlygyň çarçuwaly Maksatnamasyny durmuşa geçirmek prosesiniň Ýolbaşçy komiteti tarapyndan beriljek ýyllyk synlaryny öz içine alýan Dolandyryş we durmuşa geçiriş mehanizmlerini tassykladylar.

Indiki ädim hökmünde Ýolbaşçy komitet 2021-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň çarçuwaly Maksatnamasyny durmuşa geçirmek üçin Ýol kartasyny, bäş sany netijeleri boýunça bilelikdäki ýyllyk iş meýilnamalaryny, şeýle hem hyzmatdaşlygyň çarçuwaly Maksatnamasyny we Türkmenistanda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibiniň durmuşa geçirilmegini goldamak üçin maliýeleşdiriş strategiýasyny işläp düzmek barada ylalaşdy.

Chary Nurmuhammedov

Çary Nurmuhammedow

RCO
BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy BMG-niň utgaşdyryş işleri boýunça hünärmen

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

FAO
BMG-niň azyk we oba hojalyk guramasy
ILO
Halkara zähmet guramasy
IOM
Halkara migrasiýa guramasy
ITC
Halkara söwda merkezi
OHCHR
BMG-niň adam hukuklary boýunça Ýokary Komissarynyň müdirligi
UN ESCAP
BMG-niň Aziýa we Ýuwaş umman üçin ykdysady we sosial komissiýasy
UN-Habitat
BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasy
UNDP
BMG-niň Ösüş maksatnamasy
UNDRR
BMG-niň Betbatçylyklaryň howplulyklaryny azaltmak boýunça müdirligi
UNECE
BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy
UNEP
BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy
UNESCO
BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen guramasy
UNFPA
BMG-niň Ilat gaznasy
UNHCR
BMG-niň Bosgunlar baradaky ýokary komissary
UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy
UNIDO
BMG-niň Senagat ösüşi boýunça guramasy
UNODC
BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk baradaky müdirligi
UNOPS
BMG-niň Taslamalara hyzmat etmek müdirligi
BSGG
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz