BMG-niň daşky gurşaw baradaky maksatnamasynyň täze syny - bu planetanyň adatdan daşary ýagdaýlarda ýüze çykýan derwaýys meseleleriniň dessin ýagdaýda çözgüdini tapmaga we adamzadyň geljegini üpjün etmäge gönükdirilen meýilnamadyr
18 fewral 2021
- BMG-niň Daşky gurşaw baradaky maksatnamasynyň planetar derejede üç sany adatdan daşary meseleleriň çözgüdini tapmak üçin giňişleýin meýilnama hökmünde hyzmat edýän täze hasabatyna görä, dünýäniň döwletleri tebigat bilen gatnaşyklaryny üýtgedip, durnukly geljegi üpjün etmek we geljekde pandemiýalaryň öňüni almak üçin howanyň üýtgemeginiň, biodürlüligiň ýitmeginiň we hapalanmanyň çözgüdini tapmak üçin jebisleşip bilýär.
Dünýäniň ýüzi boýunça alnyp barylýan ylmy - gözlegleriň esasyndaky "Tebigat bilen sazlaşykly ýaşamak" atly hasabatda, şol sanda hem howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleriň üstünde işleýän bilermenleriň hökümetara toparynyň, Biodürlülik we ekoulgamynyň hyzmatlary boýunça hökümetara ylym-syýasy platformasynyň, şeýle hem BMG-niň Daşky gurşaw baradaky maksatnamasynyň dünýä ýüzüniň daşky gurşawy baradaky perspektiwasynyň, BMG-niň Daşky gurşaw baradaky maksatnamasynyň halkara çeşmeler toparynyň "Daşky gurşaw perspektiwasy" hasabatynyň, we COVID-19 ýaly zoonotik keselleriň ýüze çykmagy baradaky täze maglumatlaryň kesgitlemesine görä, daşky gurşawyň bu üç sany meseleleriniň çylşyrymlylygy bellenilýär.
Awtorlar 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek, şeýle hem 2050-nji ýyla çenli uglerody ulanmaýan dünýäni gurmak üçin, şol bir wagtda biodürliligiň ýitip gitmeginiň öňüni almak we howanyň hapalanmagyny, şeýle hem galyndylaryň möçberini çäklendirmek üçin ylymda gazanylan üstünlikleriň we batyrgaý syýasatyň nähili ýardam berýändigini düşündirip daşky gurşaw bilen baglanyşykly köp sanly meseleleriň we ösüşiň arabaglanyşygyny kesgitleýärler. Bu ugury saýlamak adamlar bilen birlikde tebigaty goraýan çärelere innowasiýa girizmegi we maýa goýmagy aňladýar. Üstünlik - ekoulgamlaryň dikelmegi, sagdyn durmuş ýörelgeleri, şeýle hem howanyň durnuklylygydyr.
"Her ýyl millionlarça adamlaryň ölümine sebäp bolýan howanyň adatdan daşary ýagdaýlarynyň täsirleri we howplary, biodürlüligiň krizisi we howanyň hapalanmasy barada soňky ylmy maglumatlary bir ýere jemlemek bilen, awtorlar biziň tebigata garşy alyp barýan söweşimiziň planetany bozandygyny belleýärler - diýip BMG-niň Baş Sekretary Antoniu Guterriş hasabatyň sözbaşysynda" aýtdy. “Emma olar mundan başga-da, parahatçylyk meýilnamasy we uruşdan soňky dikeldiş maksatnamasy bilen üpjün etmek arkaly howpsuzlyga tarap ýol görkezýärler."
“Biz diňe tebigata bolan garaýşymyzy üýtgetmek bilen onuň gadryny bilmegi başararys. Onuň gymmatlygyny syýasat işlerinde, meýilnamalarda we ykdysady ulgamlarda görkezmek bilen biz maýa goýumlaryny tebigaty dikeldýän çärelere gönükdirip bileris we onuň üçin sylaglanarys " - ol diýdi. "Tebigaty özümiziň aýrylmaz ýaranymyz hökmünde ykrar etmek bilen, biz adamzadyň döredijilik ukybyny durnukly ösüşe gönükdirip bileris we planetamyz bilen birlikde öz saglygymyzy we abadançylygymyzy üpjün edip bileris."
COVID-19 pandemiýasynyň zyýanly täsirine düşen ykdysadyýet ulgamyny täzeden pugtalandyrmak üçin maýa goýum prosesinde, meýilnamada ähmiýetli we gyssagly hereketleri amala aşyrmagyň ähtimallygy we gyssaglylygy barada aýdylýar. Mundan başga-da, onda hökümetleriň, kärhanalaryň, jemgyýetleriň we aýratyn şahsyýetleriň ýerine ýetirip biljek we ýerine ýetirmeli orunlary kesgitlenýär. 2021-nji ýyl ýetip gelýän howanyň üýtgemegi we biodürlüligiň konwensiýalary barada - UNFCCC COP 26 we CBD COP 15 atly ýygnaklaryň geçirilmegi sebäpli has möhümdir, bu ýerde hökümetler bu onýyllykda parnik gazlarynyň zyňyndylaryny takmynan iki esse azaltmak we planetany goramak üçin ikitaraplaýyn kuwwatlandyrýan we ägirt uly maksatlary kesgitlemeli.
Planetar derejedäki üç sany howply meseläni bilelikde çözmek
Ykdysady ösüş dünýäniň batly depginde ösüp barýan ilatynyň maddy üpjünçiliginiň birsydyrgyn bolmadyk ösüşine sebäp boldy, netijede, 1,3 milliard adam garyplyga sezewar boldy, tebigy baýlyklarynyň gazylyp alynyşy üç esse artyp, planetada adatdan daşary ýagdaý döretdi. Pandemiýa sebäpli zyňyndylaryň wagtlaýyn azalmagyna garamazdan, bu asyrda Ýer azyndan 3°C global ýylylyga tarap ýakynlaşýar; ösümlikleriň we haýwanlaryň 8 million görnüşleriniň 1 milliondan gowragy ýok bolmak howpuna düşýärler; hapalanmak sebäpli ýüze çykýan keseller bolsa her ýyl takmynan 9 million adamyň wagtyndan öň ölümine sebäp bolýar. Daşky gurşawyň ýagdaýynyň pese düşmegi garyplygy we açlygy ýok etmek, deňsizlikleri azaltmak we durnukly ykdysady ösüşini öňe sürmek, hemmeler üçin parahatçylykly we öz içine alyjy jemgyýetleri döretmek üçin öňegidişlik gazanmaga päsgelçilik döredýär.
Hasabatda daşky gurşawyň bu üç sany adatdan daşary ýagdaýlarynyň bilelikde hereket edişi, olaryň nähili umumy sebäpleriniň bardygy görkezilýär we şol sebäpli bu meseleleriň çözgüdini biz diňe kuwwatymyzy birleşdirip tapyp bileris. Mysal üçin, gazylyp alynýan ýangyçlara berilýän subsidiýalar we daşky gurşawyň çykdajylaryny nazara almaýan bahalar, üç meseläniň esasy bolup duran energiýanyň we tebigy baýlyklarynyň çendenaşa öndürilmegine we sarp edilmegine itergi berýär.
BMG-niň Daşky gurşaw baradaky maksatnamasynyň ýerine ýetiriji direktory Inger Andersen, hasabatda dünýägaraýyşlary we gymmatlyklary üýtgetmek, şeýle hem Ýeriň daşky gurşawy bilen baglanyşykly meselelerine syýasy we tehniki taýdan çözgütleri tapmak möhümdigini aýtdy.
“Adamlaryň saglygynyň we tebigatyň ýagdaýynyň baglanyşygyny görkezmek bilen, COVID-19 pandemiýasy biziň tebigata bolan garaýyşymyzy üýtgetmegiň zerurdygyny görkezdi. Kararlary kabul etmekde bu ähmiýeti görkezmek bilen, ykdysady syýasat ýa-da şahsyýet hökmünde seçip almak hakynda aýdanymyzda, biz adamlar we daşky gurşaw üçin durnuklylygy tiz gazanyp bileris. Pandemiýanyň zyýanly täsirine sezewar bolan döwletler üçin “Ýaşyl dikeldiş” meýilnamalary - bu özgertmeleri tizlendirmek üçin mümkinçilikdir." - ol diýdi.
BMG-niň daşky gurşaw baradaky bäşinji ýygnagynyň öňüsyrasynda çap edilen hasabat planetany we onuň howasyny dikeltmek maksady bilen näme üçin we nädip gyssagly çäreleri görmelidigi barada degerli delil görkezýär.
Onda özgertmeleriň nähili bolup biljekdigini görkezýän, şeýle hem abadançylygy, iş üpjünçiligini we deňligi gazanmak üçin goşup biljek goşantlarynyň mysallary hödürlenýär. Düýpli özgertmeler biziň tebigata nähili baha berýändigimizi we oňa goýýan maýalarymyzy, onuň gymmatlygy barada syýasat ulgamyna we ähli derejede meseleleriň çözgüdine girizmegi, ykdysady we maliýe ulgamlarynyň subsidiýalaryny we beýleki alamatlaryny gözden geçirmegi, şeýle hem durnukly tehnologiýalarda we işewürlik modellerinde täzelikleri girizmegi öz içine alýar. Elektrik hereketine we ýangyjyň alternatiw görnüşlerine ummasyz hususy maýa goýumlary pudaklaryň tiz özgertmelerden gelip biljek bähbitlerini düşünýändigini görkezýär.
Ýazyjylar durnukly ösüş maksatlarynyň köpüsine ýetmekde, hususan-da garyplygy azaltmak, azyk we suw howpsuzlygyny we hemmeler üçin saglygy üpjün etmek üçin daşky gurşawyň ýagdaýynyň pese gaçmagyny bes etmek zerurdygyny bellediler. Mysal hökmünde, oba hojalygynyň we balyk tutmagyň durnukly usullaryndan peýdalanmak, berhizleri üýtgemek we azyk galyndylaryny azaltmak bilen dünýädäki açlygy we garyplygy ýok edip, tebigatyň ýer we ummany çäklerini tygşytlamak bilen iýmitlenmegi we saglygy gowulaşdyryp biljekdigidir.
Hereket etmek üçin çakylygy güýçlendirmek bilen hasabat jemgyýetiň ähli gatlaklaryndaky gyzyklanýan taraplaryň karar kabul etmek işine gatnaşmagynyň zerurdygyny nygtaýar we hökümetleriň, kärhanalaryň, jemgyýetleriň we şahsyýetleriň durnukly dünýäni üpjün etmek üçin edip biljek we etmeli onlarça möhüm çärelerini kesgitleýär.
Mysal üçin:
- Hökümetler tebigy baýlyklaryny ykdysady işiniň görkezijileri bilen birikdirip bilýärler, uglerodyň bahasyny goýup bilýärler we gazylyp alynýan ýangyçlardan, oba hojalygynyň durnuksyz usullaryndan pes uglerodly we tebigata amatly çözgütlere geçmek üçin trillionlarça dollar subsidiýa geçirip bilerler.
- Halkara guramalar “Bir saglyk” ýaly giňeldilen we mysal üçin biodürlülik ugrunda tebigy goralýan çäkleriniň torlaryny ýaýbaňlaşdyrmak we gowulandyrmak ýaly ägirt uly halkara çemeleşmelerini öňe sürüp bilerler.
- Maliýe guramalary gazylyp alynýan ýangyçlary öndürmek üçin karz bermegi bes edip, biodürlüligi gorap saklamak we oba hojalygyň durnukly usulyny goramak üçin maliýeleşdirmegiň innowasion çeşmelerini ösdürip bilýärler.
- Kärhanalar çeşmelerini az sarp etmek we galyndylary azaltmak üçin ykdysadyýetiň aýlawly ýörelgelerini girizip bilerler şeýle hem tokaýlary kesmän aýdyň üpjünçilik ulgamlaryny goldap bilerler.
- Döwlete degişli däl guramalar ýer we deňiz baýlyklaryndan durnukly peýdalanmak baradaky kararlara doly gatnaşmagyny üpjün etmek üçin gyzyklanýan taraplar üçin torlary döredip bilerler.
- Ylmy guramalar uglerod zyňyndylaryny azaltmak, çeşmeleriň netijeliligini ýokarlandyrmak we şäherleriň, pudaklaryň, jemgyýetleriň we ekosistemalaryň durnuklylygyny ýokarlandyrmak üçin tehnologiýalary we syýasatlary girizip bilerler.
- Adamlar tebigat bilen gatnaşyklaryna täzeden gözden geçirip bilerler, ösüşiň durnukly usuly barada öwrenip bilerler we çeşmeleri ulanmagy azaltmak, iýmit, suw we energiýa galyndylaryny azaltmak we sagdyn berhize geçip bilerler.
Mundan başga-da, geljegiň durnukly nusgasy, pandemiýalaryň howpuny azaltmak üçin COVID-19 bilen baglanyşykly krizislerden sapak öwrenmegi aňladýar. Hasabatda ekoulgamyň zaýalanmagy, patogenleriň haýwanlardan adamlara geçýän howpuny nädip ýokarlandyrýandygy, şeýle hem adamyň, haýwanlaryň we planetanyň saglygyny bilelikde gözden geçirýän “Bir saglyk” çemeleşmesiniň ähmiýeti aýdyň görkezilýär.
Has giňişleýin maglumat üçin habarlaşmagyňyzy haýyş edýäris:
BMG-niň Daşky gurşaw baradaky maksatnamasynyň habarlar we metbugat bölüminiň başlygy Keýşa Rukikaýre.