Press reliz

BMG-niň we Hökümetiň hyzmatdaşlyk boýunça çarçuwaly maksatnamasynyň netijeler boýunça toparlary 2021-nji ýyl üçin Durnukly Ösüş ugrunda hyzmatdaşlygyň çarçuwaly Maksatnamasyny durmuşa geçirmek üçin Ýol kartasyny gözden geçirýärler

15 mart 2021

  • BMG we Hökümet ýakynda gol çekilen BMG-niň Durnukly ösüş ugrundaky hyzmatdaşlygynyň çarçuwaly Maksatnamasynyň çäginde döredilen netijeler boýunça bilelikdäki bäş sany toparynyň ilkinji ýygnaklaryny geçirildiler.

Netijeler boýunça toparlaryň agzalary 2021-nji ýylda Durnukly ösüş ugrundaky hyzmatdaşlygynyň çarçuwaly Maksatnamasyny durmuşa geçirmek üçin Ýol kartasyny, Bilelikdäki işiň ýyllyk meýilnamalaryny, Serişdelerden peýdalanmak we hyzmatdaşlyk boýunça strategiýany, şeýle hem çarçuwaly Maksatnamasynyň Ýolbaşçy Komiteti tarapyndan hödürlenmeli we tassyklanmaly beýleki meseleleri gözden geçirdiler.

Ýol kartasy, Durnukly ösüş ugrundaky hyzmatdaşlygynyň çarçuwaly Maksatnamasynyň global gollanmasyna, şeýle hem çarçuwaly Maksatnamanyň Ýolbaşçy komitetiniň soňky ýygnagyndaky kararyna laýyklykda işlenip düzüldi we ýylyň dowamynda amala aşyrylmaly çärelerden, Bilelikdäki ýylyk iş meýilnamasyndan we Serişdelerden peýdalanmak we hyzmatdaşlyk boýunça strategiýadan ybaratdyr. Milli hyzmatdaşlar, ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryna laýyk gelýändigi sebäpli Bilelikdäki işiň ýyllyk meýilnamasyna girizilen we meýilleşdirilen çäreleri makulladylar.

Netijeler boýunça toparlaryň agzalary çarçuwaly Maksatnamanyň we DÖM-nyň gazananlaryna gözegçilik etmek üçin maglumatlar boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar we geljekde görmeli çäreler barada ylalaşyga geldiler.

BMG-niň 2021-2025-nji ýyllar üçin Durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlygyň täze çarçuwaly Maksatnamasyna 2020-nji ýylyň mart aýynyň 14-ne gol çekildi. Ol bäş sany strategiki ugurlary öz içine alýar: netijeli dolandyryş we kanunyň hökmürowanlygy; durnukly ykdysady diwersifikasiýa; betbagtçylyk töwekgelçiligini azaltmak we howa şertleriniň üýtgemegine çydamlylyk; ýokary hilli we elýeter saglygy goraýyş we durmuş taýdan goraglylyk; şeýle hem ýokary hilli, inklýuziw we elýeter bilim we ukyby ýokarlandyrmak üçin ulgamlar.

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

FAO
BMG-niň azyk we oba hojalyk guramasy
ILO
Halkara zähmet guramasy
IOM
Halkara migrasiýa guramasy
ITC
Halkara söwda merkezi
OHCHR
BMG-niň adam hukuklary boýunça Ýokary Komissarynyň müdirligi
UN ESCAP
BMG-niň Aziýa we Ýuwaş umman üçin ykdysady we sosial komissiýasy
UN-Habitat
BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasy
UNDP
BMG-niň Ösüş maksatnamasy
UNDRR
BMG-niň Betbatçylyklaryň howplulyklaryny azaltmak boýunça müdirligi
UNECE
BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy
UNEP
BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy
UNESCO
BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen guramasy
UNFPA
BMG-niň Ilat gaznasy
UNHCR
BMG-niň Bosgunlar baradaky ýokary komissary
UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy
UNIDO
BMG-niň Senagat ösüşi boýunça guramasy
UNODC
BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk baradaky müdirligi
UNOPS
BMG-niň Taslamalara hyzmat etmek müdirligi
BSGG
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz